YZZAT GYLYJOW — TÜRKMEN NAKGAŞLYGYNYŇ ÄGIRDI


YZZAT GYLYJOW — TÜRKMEN NAKGAŞLYGYNYŇ ÄGIRDI

Yzzat Gylyjow dürli-dürli durmuşy wakalara bagyşlap eserleri döreden, öz eserleriniň üsti bilen türkmen milletiniň gözel keşbini, däp-dessurlaryny hem-de ajaýyp türkmen tebigatyny dünýä tanadan ussatdyr.

Yzzat Nazarowiç Gylyjow 1923-nji ýylda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Ýalkym obasynda dünýä inýär. Ol Ilkinji bilim-terbiýäni öz kakasy, Annagylyç agadan alýar. Onuň ýaşlykdan surat çekmeklige bolan höwesi ony 1938-1942-nji ýyllarda Aşgabatdaky Şota Rustweli adyndaky türkmen döwlet çeperçilik mekdebinde bilim almagyna getirýär. Ol bu mekdepde okan döwri belli suratkeş zenan Ý.P. Daneşwaryň elinde tälim alyp, ondan surat çekmekligiň inçe usullaryny irginsiz öwrenýär. Yzzat Gylyjow mekdebiň ikinji ýylynda okap ýörkä, Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy sebäpli, okuwynyň arasyny kesmeli bolýar 1943-1945-nji ýyllardaky ikinji jahan urşuna gatnaşyp, watan goragyna gidýär. Watançylyk urşy tamamlanandan soňra, ata watana sag- aman gaýdyp gelýär. Onda sungata bolan hyjuwy hem-de çäksiz söýgi 1947-nji ýylda häzirki Sankt-Peterburg şäheriniň Çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky I.Ý. Repin adyndaky inistitutyna bilimini has-da çuňlaşdyrmagyna eltýär.

Yzzat Gylyjow 1953-nji ýylda bolsa bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap gelenden soňra, Türkmen döwlet çeperçilik mekdebinde mugallym bolup işe başlaýar. Ol özüniň döredijilik ýoluna başlan ýyllaryndan bäri köptaraply we ajaýyp sungat eserleri bilen halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. Onuň zehininden syzylyp çykan köp öwüşgünli eserleri milliligi, hiç bir halkyňka meňzemeýän aýratynlygy bilen 60 –njy ýyllaryň sungatynyň taryhynda belli orna mynasyp boldy. Onuň ajaýyp sungaty barada sungaty öwreniji alym N.Ýagşymyradow: «Yzzat Gylyjowyň döredijilik eserleri tutuşlygyna alnanda türkmen halkynyň milli senetleriniň reňk dünýäsine geçirilen kitap hökmünde garamak bolar. Yzzat Gylyjowyň Ikinji Jahan urşuna gatnaşandygyna garamazdan, ol öz eserlerinde hatda bir gezegem uruş temasyna ýüz tutmaýar. Onuň eserlerinde türkmen topragynyň baý tebigatynyň täsin gözelligi, türkmen halkynyň milli toýlarynyň şagalaňy, dürli ýaşdaky adamlaryň içki dünýäsi, şatlygy, buýsanjy we begenji joşgunlyk bilen suratlandyrylýar»-diýip belleýär.

Halypa nakgaşyň «Gowy durmuş üçin» (1957), «Suwa tarap ýol» (1959), «Garagum çölünde» (1963), «Gyrkymçylar» (1964), «Ilkinji tarp ýer» (1966), «Ertir baýramçylyk» (1972), «Bagt» (1979), ýaly ajaýyp eserlerinde türkmen halkynyň durmuşy we ýaşaýşy, edermenligi, zähmetsöýerligi uly hyjuw bilen beýan edilýär. Bu döwürde Yzzat Gylyjow özi bilen institutda bile okaýan hytaýly Si Mu Dunuň portretini döredýär. 1957-nji ýylda Moskwada geçirilen Bütinsoýuz çeperçilik sergisinde bu portrete belli suratkeş hem tankytçy Igor Grab «Serginiň hazynasy» diýip, ýokary baha berýär.

Ussat halypanyň döredijiliginde zenanlaryň keşbi, olaryň öz watanyna, mähriban çagalaryna bolan söýgüsi uly joşgunlylyk bilen şekillendirilýär. Onuň şeýle işleriniň biri hem «Bagt» diýen işidir. Suratkeş bu işiň taslama çözgüdini tegelek görnüşde tapyp, onda zenanlaryň dünýäsini ene ýeriň gurluşynda, ähli dünýäniň deňagramlylygynda ene söýgüsiniň birmeňzeşdigini beýan edýär. Bu eserde suratkeşiň pelsepewi pikirleriniň esasynda bäş sany enäniň öz çagalary bilen narly baglaryň burçunda oturan keşplerini suratlandyryp, olaryň nesil öndürmek bilen zeminde, dünýäde ýaşaýşyň aýlanyşyny dowam edýändiklerini görmek bolýar. Eserde zenanlaryň öz balalaryna bolan söýgüsi dürli görnüşde beýan edilýär. Eserde iň bärki meýilnamada aýagynda çagasyny huwwalap oturan, merkezde bolsa şekillendirilen aýalyň çagasynyň oýunjaklary düzüp oturyşyna syn edişi, ýokardaky gelniň bolsa öz çagasynyň ilkinji ädimine guwanyşy, sag tarapdaky zenanyň çagasyny uly mähir bilen ene süýdüni berip ulaldyşy, ýokardan ortadaky gelniň çagasyny dyzynda goýup oýnadyşy, eneleriň öz çagalaryna bolan yssy mähirlerini açyk görkezýär. Bu täsin eser joşgunly haşamlylygy bilen haýran galdyrýar. Gelinleriň saçlarynyň, zülpleriniň ýaglyklarynyň aşagyndan çykarylyp görkezilmegi, çagalaryň ellerine we aýaklaryna daňylan alajalar, şaý-sepler, ajaýyp nagyşlar örän haşamly we dürs ýerine ýetirilenligi bilen tapawutlanýar. Reňk sazlaşygynda ulanylan gyzyl, sary, mämişi we ýaşyl reňkler türkmen halkyna ýakyn bolan reňkler bolup, elmydama halkymyzyň ýaşaýşyny, durmuş ýylysyny aňladýandygyny bellemek bolar.

Zehinli suratkeş Stanislaw Babikowyň aýdyşy ýaly, «Yzzat Gylyjowyň eserlerindäki adamlar erkene we ajaýyp, aladaly hem şadyýan. Olar tebigy hem-de gaýtalanmajak durmuşda ýaşaýarlar, ruhuňy göterýän zähmet bilen meşgul».

Türkmen nakgaşlyk sungatynyň ägirdi, Türkmenistanyň halk suratkeşi, akademik Yzzat Gylyjowyň doglan gününiniň 100 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginde suratkeşiň şahsy sergisi gurnaldy. Sergide Yzzat Gylyjowyň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýindäki we şahsy ýygyndysyndaky nakgaş hem-de grafika işleri sergilenip görkezildi. Halypanyň bu ajaýyp eserleri ýaş nesillerimize, döredijiligi we sungaty söýüjilere iň gymmatly nusgalyk eserlerdir.



Jennet ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy.