Täze ýylymyz gelýär


Täze ýylymyz gelýär



Bu gün şatlyk-şagalaň köňüllere nur saçdy,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.
Bagtyýarlyk döwrümiz ilimiň bagtyn açdy,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.

Ýyllar gelýär ýurduma şöhrat bolup, şan bolup,
Täze ýylyň şowhuny ýaň salyp dur saz bolup.
Ak garly ak gyşlarda baky bahar-ýaz bolup,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.

Täze ýylyň her bir güni umytlardan doludyr,
Mertebeli menzili gülleýişiň ýoludyr.
Düşümli gadamlary dal bedewleň badydyr,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.

Gursaklara eçilip arzuwlaryň ajabyn,
Gowşurmaga gelýär ol wysallaryň açaryn.
Giňden ýazýar her öýler baýramçylyk saçagyn,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.

Bereketli toprakdan köp alansoň hasyly,
Daýhanyň täze ýyldan tamasy–da has uly.
Bu gün arşa göterlip köňülleriň joşguny,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.

Ak gar ýagýar asmandan, aklyk – alnyňa ýagşy,
Gel, Täze ýyl, aklykda ýörär ýollaryň ýagty.
Şahyr kalby joş urup, şanyňa şygyr ýazdy,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.

Degresinde nesiller – bagtyýarlyk parçasy,
Zerden zyýat bezeldi Täze ýylyň arçasy.
Bu gün begendirmäge dost-dogany, gardaşy,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.

Täze ýyl arzuwlary

Arzuwym köp ýetip gelýän ýylmyza,
Goý, ol bereketli sygyr ýyl bolsun!
Gapymyzdan dostlar girsin ýylgyra,
Toýlarda märeke – ýygyn ýyl bolsun!

Mätäç bolman hemaýata, idege,
Ynamlar synmasyn birek-birege.
Ynsan kalby görnermişin didede,
Göz mähirden doly-dykyn ýyl bolsun!

Açyk bolsun göwünler hem gapylar,
Saglyk bolsa, galan zatlar tapylar.
Hoş söz aýdanlara serpaý ýapylar,
Söýünji dessurly yrym ýyl bolsun!

Mertebämiz belentlige göterlip,
Rysgalymyz bolsun mydam ýeterlik.
Ojagmyzda toý nahary atarlyp,
Gazan gaýnap, «bygyr-bygyr» ýyl bolsun!

Zähmetiň höziri goýup haýrana,
Baýlyk ýagsyn halal işe haýdana.
Ak garlygy alna sylan daýhana,
Bereketli hasyl ýygym ýyl bolsun!

Sebäp bolsun söýülere, söýlere,
Dostuň üçin öwrül mydam söýgede.
Islendik wagt salam berip öýlere,
Gatnawlarmyz «zybyr-zybyr» ýyl bolsun!

Däneleň tohumyn topraga dürtüp,
Daýhanlar tijener göwün ýüwürdip.
Gadymy nygmatlar ijandyr kürtük,
Künji, jöwen, şaly, zygyr ýyl bolsun!

Köňül – bir galadyr, ýykylmasyn hiç,
Ýerliksiz bir söze ökünmäliň giç.
Bizi adam edýän diňe halal iş,
Rowaçlanýan edim-gylym ýyl bolsun!

Bilbiliň ornuna gonmasyn garga,
Zerre ýagşylygy hum deýin garba.
Säherler ýaňlanyp ol gara gazma,
Sarpasy bilinýän şygyr ýyl bolsun!

Täze ýylym täze günüm, şatlygym,
Asmanda – nur, ýerde parahatlygym.
...Süzmesinden melhem diýip datdygym,
Müçe ýylda şanly sygyr bolsun!

Akmyrat REJEBOW