Hemişelik Bitaraplyk — durnukly ösüşiň özeni


Hemişelik Bitaraplyk — durnukly ösüşiň özeni



1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň halky üçin ýatdan çykmajak gün. Ol gün, taryhy gün. Hut taryhylygy üçin Garaşsyz ýurdumyzyň agzybir halky bu güni uly baýramçylyga besleýär. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar edýän, onuň garaşsyzlygyny, öz ygtyýarlylygyny hem-de çäk bitewiligini sarpalaýandygyny subut edýän «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasyny kabul etdi. BMG-niň şu mesele boýunça ýörite resminamasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň parahatçylygy söýüjilikli syýasatynyň, halkara derejesinde alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň subutnamasyna öwrüldi. 2020-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny ýokary derejede dabaralandyrdy. 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Şu taryhy sene bilen baglylykda ýurtda ençeme dabaralar guraldy. 25 ýyl taryh üçin uly möhlet däl. Ýöne şol ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri, ýeten derejeleri Bitaraplygymyzyň döreden mümkinçilikleri, beren miweleri hakynda söhbet etmek, göwnüňi göterip, kalbyňy joşdurýar. Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan borçlaryna, wezipelerine doly eýerýär. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynda gazanan uly ýeňşi, dowamata dowamlydygy bilen şöhratlydyr. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza bahasyz gymmatlyk hökmünde garalýar. Bitaraplyk diýen beýik düşünje häzirki we geljekki nesilleriň baky bagtyýarlygynyň kepilidigini aňladýar. Bitaraplygymyzyň nurly kuýaşyna biziň halkymyz bilen birlikde dünýä halklary hem çoýunýar. Sebäbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz halkara bähbitli işleri giň gerimde ynamly amala aşyrýar. Paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy, dünýä döwletleriniň durnukly ösüşini, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek baradaky başlangyçlara daýanýar. Döwletimiz Bitaraplyk derejämizden gelip çykýan maksatlara eýermek arkaly BMG, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem-de beýleki iri abraýly halkara guramalary bilen oňyn gatnaşyklary saklaýar. Dostlukly döwletler, şeýle-de abraýly halkara guramalary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar. Hemişelik Bitaraplygymyz agzybir halkymyzyň asylly maksatlara eýerýän ösüşlerini has-da rowaçlandyrmakda, pederlerimizden gelýän däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi bütindünýä doldurmakda daýanç sütüni bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Bitaraplyk derejämiz döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugruny kesgitleýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda eden çykyşlarynda ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine berk eýerýändigini aýdyň beýan edipdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hemmetaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýýar. Bütin adamzadyň parahat, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň aladasy bilen ýaşaýan mähriban Arkadagymyza tutuş dünýä halklary uly sarpa goýýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçýändigine aýdyň güwä geçýän hakykatdyr.

Milli Liderimiz: «Bitaraplyk syýasy, ykdysady, taryhy medeni meseleleri birleşdirýän döredijilikli işdir» diýip belleýär. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň, birek-birege mähribanlygyň dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Medeniýet, sungat halklaryň arasyna dostluk köprüsini çekýär. Türkmen medeniýetinde, sungatynda parahatçylygyň, dost-doganlygyň, mähribanlygyň owazy belent ýaňlanýar. Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby muňa aýdyň subutnamadyr. Adamzadyň bagtly durmuşynyň gözbaşynda duran zerurlyk hem parahatçylykdyr. Parahatçylygyň, agzybirligiň höküm sürýän ýerinde bolsa hemişe toýlar-toýa ulaşýar. Toýlara beslenýän Bitarap Diýarymyzda halkara ähmiýetli sungat festiwallary, forumlary, sergileri yzygiderli geçirilip, şol halkara çärelerine dünýä döwletlerinden gatnaşýan wekiller türkmen döwletiniň ýeten derejesi, dost-doganlyga gadyr goýşy, türkmeniň milli däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik tapýar. Ýokary derejede geçirilýän halkara çäreleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dost-doganlygyň mekanydygyny äleme aýan edýär.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärlikleriň hem mekanydyr. Olardan Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýadygärlikler toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna girizildi. Elbetde taryh halkyň gymmatly mirasy. Hut şu nukdaýnazardan hem mähriban Arkadagymyz taryhymyza iňňän aýawly çemeleşilmelidigini çykyşlarynda yzygiderli nygtaýar.

Mähriban Arkadagymyz dürli ugurlara degişli ençeme kitaplaryň awtorydyr. Olardan «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary göniden-göni türkmen medeniýeti, sungaty bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Diňe parahatçylygy dörediji taslamalaryň islendik ýurdy we bütin adamzady ýagty geljege alyp barýan köprüleriň ygtybarly sütünleri bolup biljekdigine bil baglaýandygyny men öwran-öwran gaýtalaýaryn. Türkmenistan özüniň yzygiderli daşary syýasy başlangyçlarynda şundan ugur alýar. Bu başlangyçlar, aslynda, häzirki zamanda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy howpsuzlygyň täze binýadyny kemala getirmegiň taslamasydyr. Taryhyň berýän sapaklarynda we halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde dünýä döwletleriniň döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşykly we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly çemeleşenlerinde gowy netije gazanýandyklaryny aýdyň görkezýän mysallar az däl». Mähriban Arkadagymyzyň bu dürdäne sözleri umumadamzat bähbidine ýugrulandyr. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň welaýatlarynda, etrapdyr obalarynda milli Liderimiziň uly tagallalary netijesinde medeni maksatly binalaryň ençemesi gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýerlerde gurulýan Medeniýet öýleriniň ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilmegi ilata edilýän medeni hyzmatyň döwrebaplaşdyrylýandygyna subutnamadyr. Medeniýet öýlerinde dürli gurnaklaryň hereket etmegi ýaş nesilleriň hünär öwrenmeginde möhüm orun eýeleýär. Etraplarda, obalarda gurlup, ulanylmaga berilýän beýleki binalardyr desgalar hem ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Golaýda paýtagtymyz Aşgabatda dabaraly açylyp, ulanylmaga berlen «Jahan» döredijilik merkezinde tikinçilik, biçimçilik işi bilen meşgullanmaga ähli zerur şertler döredilipdir. Merkeziň tikin we el işleri bilen meşgullanmaga niýetlenen bölüminde kämil, ýokary öndürijikli tikin maşynlary oturdylypdyr. Keşde, ýaka etmek, ütüklemek işi bilen meşgullanmak üçin ýörite otaglar bar. Şeýle hem bu bölümde merkeziň medeniýet, sungat işgärlerine, tansçylaryna, umuman, ähli isleg bildirýänlere döwrebap hyzmat ediler. Ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagy Garaşsyzlygymyzyň hem hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyza we halkymyza eçilen ajaýyp miwesidir.
Medeniýetiň yzygiderli ösdürilmegi ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungatynyň, 2016-njy ýylda Nowruz baýramynyň, 2017-nji ýylda küştdepdi aýdym we tans dessurynyň, 2019-njy ýylda bolsa, halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesidir.
2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Halkara Howruz güni Türkmenistanda dabaralara beslenip bellenilýär.

Türkmen gelin-gyzlary türkmen öýüniň bezegi bolan türkmen halylaryny häzirki döwürde uly höwes, yhlas bilen dokaýarlar. Gözel paýtagtymyz Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi hemişe köp adamly. Muzeýde saklanylýan haly önümlerini synlan her bir adam asyl köklerini irki döwürden alyp gaýdýan türkmen el halylarynyň inçe syrlary bilen tanyşmaga mümkinçilik tapýar. Muzeýde saklanylýan äpet halylar bu ýere gelenleriň ünsüni çekýän gymmatlykdyr. Çünki bu halylar özüniň ululygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren täsinlikdir.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri gylýalçylyk işi bilen meşgullanypdyr. Milletimizi asyrlardan aşyryp getiren iň gadymy gymmatlyklaryň biri hem ahalteke atlarydyr. Ahalteke bedewleriniň gelip çykyşy bilen gyzyklanýan atşynaslar, taryhçylar, arheologlar ahalteke atlarynyň gadymylygyny, dünýäniň atçylyk medeniýetini ösdürmäge uly täsirini ýetirendiklerini ykrar edýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ahalteke bedewleri dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda türkmen bedewleri hakynda gymmatly hem gyzykly maglumatlar jemlenýär. Gözelligiň nusgasy, ýelden ýüwrük bedewlerimiz toýlaryň bezegi. Olaryň aýak urşunyň ýyndamlygy toýlaryň çapuw ýodalarynda bellidir.
Häzirki wagtda medeniýet, bilim we saglygy goraýyş Bitarap Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlar bolmak bilen, döwlet syýasatynyň bitewi özenini düzýär. Mähriban Arkadagymyz medeniýet we sungat işgärleriniň baş halypasydyr. Ençeme ajaýyp kitaplaryň awtory bolan milli Liderimiz ajaýyp goşgularyň hem awtorydyr. Şol ajaýyp goşgular bu günki gün aýdym bolup ýaňlanýar. Döredijilige sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň arasynda dürli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Şol abraýly döredijilik bäsleşiklerine medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri uly höwes bilen gatnaşýarlar. Bäsleşikde ýeňiş gazananlar Şa serpaýlaryna mynasyp bolýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry», «Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşikler täze zehinleri ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Täze zehinleriň ýüze çykmagy döredijilik bilen meşgullanýanlaryň çygrynyň giňelmegine özüniň täsirini ýetirýär. Mynasyp zähmet çeken medeniýet, sungat işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Ynsan zähmetiniň sarpalanmagy bolsa biziň ýurdumyzda adam mertebesiniň belent tutulýandygyna güwä geçýän hakykatdyr.

Her bir ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol ýurduň ýüzi hasaplanylýar. Çünki ýurduň habar beriş serişdeleriniň maglumatlary arkaly döwletiň ähli ugurlardaky ýeten derejelerine göz ýetirmek mümkin. Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri hem Bitarap döwletiň syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyşda, medeniýetde, oba hojalygynda, ulag ulgamlarynda we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleriniň many-mazmunyny dürli görnüşli gepleşikleriň, metbugat makalalarynyň üsti bilen açyp görkezýärler. Halkyň ruhuny kämilleşdirmekde möhüm orny bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrebaplaşdyrmakda döwlet Baştutanynyň tagallalary netijesinde häzirki wagtda uly işler amala aşarylýar. Her bir gazet-žurnalyň elektron görnüşiniň döredilmegi, gazet- žurnallaryň işini dünýä derejesine laýyk getirmekden ybaratdyr.
Häzirki döwür dünýäde ösen tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ornuny pugtalandyrýan eýýamy. Türkmenistanda hem ähli ugurlary sanly ulgama geçirmek işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň ýörite internet-saýtlarynyň döredilip, her bir ulgamyň alyp barýan işleri internet-saýtlary arkaly, diňe bir öz halkymyza däl, bütin dünýä ýaýylýar.
Türkmen tebigaty dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň hem mekany. Milli Lideriň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän üzärlik ösümligi hakynda giňişleýin maglumat berilýär. Üzärligiň birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýandygy, onuň adamlaryň bedeninde kesele durumlylygy berkidýändigi ylmy taýdan hem ykrar edilen hakykatdyr. Üzärligiň ysyndan zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy owaldan subut edilen. Pederlerimiz täze jaýa göçülende, öýe täze gelin gelende üzärlik tütetmek dessuryna pugta eýeripdirler. Bu ýagşy dessury häzirki döwürde-de türkmen halky dowam etdirýär. Her bir döwletli ojagyň gapysyndan asylan üzärlige gözüň düşende, bu ösümlige durmuşda adamlar tarapyndan ynanjyň uludygyna göz ýetirýärsiň.
Milli medeniýet, onuň däp-dessurlary, ýörelgeleri türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasyny düzýär. Halkyň ruhy, asyrlaryň dowamynda medeniýetiň jümmüşinde has berkäp, sünnälenip, ajaýyp binagärlik, edebi we sungat nusgalarynyň ençemesini peşgeş beren halk döredijiliginde beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan milli medeniýet diňe täze sepgitlere ýetmek arkaly müdimi derejä eýe bolýar.
Türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.

Ogulgurban GAŞLAKOWA