Remezan diýerler aýyň ýagşysyn


Remezan diýerler aýyň ýagşysyn
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýlaryň iň mübäregi hasaplan, tarypyny ýetiren Oraza aýy ýetip geldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar, şatlykly habarlar, täze eýýam we täze döwür bilen garşy alynýan bu aý ençeme milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy özünde jemleýär.



Bu aýa turuwbaşdan hoşniýetliligiň, ruhy päkizeligiň tapylgysyz pursady hökmünde garalýar. Sebäbi halkymyz Oraza aýynyň başlanmagyna edil maşgala baýramlaryny, doglan günlerini, toý-tomaşasyny garşylaýyşlary ýaly, sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ilimizde: «Aý dogupdyr diýdiler, aýlanypdyr diýdiler» diýlişi ýaly, täze dogan Aýyň ýüze sylynmagy bilen şatlyk-şowhun gapysyny açýar. Şadyýan çagajyklaryň topar-topar bolup, öýme-öý aýlanmagy, her bir ojaga baranlarynda ýaşuly nesilleriň öwredişi ýaly, ýagşy doga-dilegler içre ýaremezan aýtmaklary Orazanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu gazallaryň üsti bilen şol öýde ogul-gyzlarynyň köp bolmagy, rysgal-bereketleriniň artmagy, gulluga ýa-da uzak ýola giden perzentleriniň sag-aman gaýdyp gelmegi dileg edilýär. Şeýle alkyş sözleriniň öwredilmegi we aýdylmagy bilen çagalarda hem milli terbiýäniň özeni kemala gelýär. Olaryň deň-duşlary bilen bileje aýlanmagy özara sylag-sarpany, dostlugy ýola goýýar. Ses goşup ýaremezan aýdanlarynda, dilleri ýenjilip, her bir sözüň aýdylyş äheňinde, dogry we labyzly ýerine ýetirilmegini öwrenýärler. Olaryň sözleýiş medeniýetiniň ösmeginde, ýat tutmak endikleriniň berkemeginde şeýle gazallaryň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen birlikde körpe nesiller bolup geçýän wakalardan gözügip, sabyrly bolmagy, özara sylaşygy saklamagy öwrenýärler. Öý bikesi sowgat paýlaýarka, ýanyndaky dostuna garaşmagy, onuň hem paýly bolmagyny gazanýarlar. Bu endik soňra olarda deňlik, raýdaşlyk ýaly milli häsiýetleri terbiýeleýär.
Öý eýeleriniň Oraza gelmeginden has öň ýörite taýýarlyk görmekleri, arassaçylyk kadalaryny birkemsiz berjaý edip, dükanlardan we ak bazarlardan çagalara niýetläp dürli süýjülikleri, oýnawaçlary satyn alyp, olara garaşmaklary bu aýyň ýene-de bir ähmiýetli tarapydyr. Şeýle milli ýörelgeler halkymyzyň jomartlyk, elaçyklyk ýaly häsiýetlerini hasda sagdynlaşdyrýar. Türkmeniň gapysyndan gelen islendik myhman, hatda ol ýat bolsa-da, suw dilände çal, çaý bilen hezzetleýşi, taňry myhmany alşy, çörek bişirýärkä ötüp barýan geçegçä hem bir döwümini hödürläp, alkyş almagy şeýle ýörelgeleriň dowamatlygynyň nyşanydyr.
Oraza aýynyň esasy häsiýetleriniň biri agyz beklemek arkaly il-günüň saglygyny berkidip, köňül rahatlygyna eýe bolmagydyr. Jany sag, kämillik ýaşyna ýeten raýatlarymyzyň her biriniň oraza tutup, onuň kada-kanunlaryny berjaý edip bilmegi erkinlikden nyşandyr. Ir bilen selälik edinmegiň, giçlik bellenen wagtda agzyňy açyp, naharlanmagyň netijesinde dyngysyz işläp ýadan iýmit siňdiriş agzalarymyza dynç berilýär. Oraza tutýan adam iýmitden saklanyşy ýaly, ýaramaz häsiýetlerden, biweç endiklerden hem gaça durmagy zerurlyk hasaplaýar. Bu bolsa adamlaryň ruhy taýdan terbiýelenmegine ýardam edýär. Oraza tutýan adamlaryň agzyny açanda ýagşy doga-dilegler bilen ýurt abadançylygyny, il agzybirligini, rysgalbereket arzuw etmegi şolaryň esasyny düzýär. Ata-babalarymyz Oraza aýyny iň esasy haýyrly döwür hasaplap, ýagşy işleriň başyny tutmagy müwessa bilipdirler. Göwne degşenleri ýaraşdyrmak, öýke-kinäni unutmak — bu aýyň sogaply işleriniň biridir. Ýaşuly nesiller şu aýyň dowamynda şonuň bilen bilelikde geljekde hem elmydama hoşniýetli bolmagy ündäpdirler. Goňşy gatnaşyklarynyň süýjemegi, dogan-garyndaşlaryň arasynda hormat-sylagyň artmagy bolsa, tutuş jemgyýetçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Agşam agzaçar wagty goňşy-golamlara milli tagamlarymyzdan goňşokara iberilmegi, sylagly adamlara, garry gojalara sowgat-salam berlip, zyýapat edilmegi orazanyň häsiýetli taraplarynyň biridir. Bu döwürde belli bir sebäplere görä agzyny bekläp bilmeýän adamlaryň orazalylara hyzmat etmegi hem oňlanylýar. Oraza aýynda kokun kesilip, daş-töweregiňe pişme, çapady gyzgynjagy bilen paýlanylýar. Bu aýda maşgala agzalarynyň sanyna görä baş piträniň çykarylmagy, onuň ogulsyz-gyzsyz, kömeksiz adamlara, ýarawsyzlara berilmegi rehimdarlygyň, ynsanperwerligiň türkmen nusgasyny özüne siňdiripdir. Malyňdan, başyňdan, altyn-kümüş ýaly maddy gymmatlyklaryňdan hüşür-zekat berilmegi ynsan gatnaşyklarynyň hümmetini artdyrýar.
Orazanyň ýene-de bir özboluşly tapawutlarynyň biri «agyz açdyrmak» dessurydyr. Oňa ilimizde «agzaçar» diýilýär. Oraza tutýanlaryň birnäçesini öýüne çagyryp, bir saçagyň başyna üýşürmek sogap saýylýar. Bellenen wagtda agyz açylyp, dürli tagamlar bilen hezzetlenýär. Çaý başynda ogul-gyzlaryň tertip-düzgünleri, Watan asudalygy, il-günüň agzybirligi we özara sylag-sarpasy hakynda manyly gürrüň edilýär. Dünýä ýüzünde parahatçylygyň pugtalanmagy, dost-doganlygyň berkemegi barada ýagşy doga-dilegler edilýär. Şeýle ähmiýetli dessurlary bilen ýetip gelen Oraza aýy özünde belent adamkärçiligiň, pespälliligiň, geçirimliligiň, watansöýüjiligiň iň oňat dessurlaryny jemleýändir.
Ilimizde «Aý dogsa, älem görer» diýilýär. Goý, halk, Watan, il-gün bähbitli aýdylan ýagşy doga-dilegler Hak dergähinde kabul bolsun! Mukaddes Oraza aýynda berjek sadakalaryňyz, aýat-töwirleriňiz, ýagşy dileglerimiz her bir maşgala ýagşylyk bolup dolansyn! Ýeneki ýyllara baş saglygymyz bilen ýetmek her birimize nesip etsin! Tutýan orazalaryňyz kabul bolsun, hormatly ildeşler!

Ogulbeg JUMAÝEWA, «Nesil».