TEATR FESTIWALY — GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINI WASP EDÝÄR


TEATR FESTIWALY — GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINI WASP EDÝÄR



Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda uzak möhletleýin nazarlamalar esasynda täzeçe, has netijeli toplumlaýyn işleri amala aşyrmaga girişildi. Şu jähtden ýurdumyzyň medeniýet toplumynda hem asyrlara ýaň saljak işlere badalga berildi. Hususan-da geljekde milli medeniýetimiziň genji-hazynasyna taýsyz goşant boljak, bagtyýar watandaşlarymyzyň kalbynda orun tutjak derejedäki täze eserleri döretmekde işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu işi üstünlikli amala aşyrmakda döredijilik bäsleşikleriniň, festiwallaryň, ussatlyk sapaklarynyň guramagyň, halypa-şägirt hyzmatdaşlyklaryny ösdürmegiň aýratyn ornunyň bardygy ikuçsyzdyr. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda 2022-nji ýylyň 21–25-nji maýynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda giň gerimli dabaralara beslenip geçiriljek «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwaly hem hut şu maksada gönükdirilendir.
Berkarar döwletimizde teatr sungaty köpmüňýyllyk taryhly halkymyzyň döredijilik ruhynyň aýnasyna öwrüldi. Şu jähtden, teatrlarda sahnalaşdyrylýan durmuş hakykatyny çuňňur beýan edýän, çeperçilik taýdan ýokary hilli sahna oýunlary tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Şeýle sungat eserleri ynsan ruhuna oňat täsir edýär, kalbyny baýlaşdyrýar, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Owalbaşda, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň teatr sungatynyň ösmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin alkyşlarymyzy aýdýarys. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry, Alp Arslan adyndaky milli drama teatry, Türkmen döwlet gurjak teatry, şeýle hem welaýat teatrlarynyň täze binalary gurlup ulanylmaga berildi.Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň binalarynyň durky täzelendi. Şeýlelik-de, häzirki wagtda teatrlaryň jemi 10-sy hereket edip, olaryň 6-sy paýtagtymyzda, galan 4-si bolsa ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýerleşýär. Welaýat merkezlerinde gurlan Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň, Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň ak mermerli binalarynyň her biri özboluşly binagärlik çözgüdine eýe bolup, welaýat merkezleriniň binagärlik görküne ajaýyp gözellik nuruny çaýýar. Ak mermere beslenen kaşaň binaly bu teatrlaryň ählisi dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar, döwrebap tehniki serişdeler ornaşdyrylyp, olarda ilhalar eserleri döretmäge ähli zerur mümkinçilikler üpjün edilendir. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde drama teatrynyň gurluşygy gyzgalaňly alnyp barylýar.
Arkadagly Serdarymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Karar kabul etmegi teatr artistlerini, medeniýet we sungat ussatlaryny beýik zähmet üstünliklerine, il-ýurt bähbitli beýik işlere, täze döredijilik eserlerini döretmäge ruhlandyrdy.
«Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalynyň düzgünnamasyna laýyklykda festiwala gatnaşýan ähli teatrlaryň döredijilik toparlary tarapyndan täze sahnalaşdyrylan oýunlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän çuňňur pelsepewi eserleriň esasynda döredildi. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda sahnalaşdyrylan G.Daňatarowyň «Watan buýsanjy Jelaleddin soltan» atly sahna oýnynyň edebi esasy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eseriniň 55-nji sahypasyndaky watansöýüjiligiň beýik göreldesini nesillere miras galdyran meşhur serkerde Jelaleddin Türkmeniň ykbaly bilen bagly rowaýatyň esasynda döredildi. Onda Anuşteginler – Horezmşalar döwletiniň soňky soltany Jelaleddin Türkmeniň halkyň agzybirligine daýanyp, Watany goramak üçin görkezen gahrymançylygy wasp edilýär. Eserde şöhratly taryhymyzda öçmejek yz galdyran Muhammet şanyň, Türkan hatynyň, Demir Mäligiň, Ynaljygyň, Mahynuryň, Aýçeçegiň we beýlekileriň keşpleri janlandyrylyp, olaryň Watan goragyndaky gahrymançylyklary dabaralandyrylýar. «Watan buýsanjy Jelaleddin soltan» atly sahna oýnynyň ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekde ähmiýeti öran uly bolar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan G.Daňatarowyň «Nuhuň tupany» atly sahna oýnynyň edebi esasy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eseriniň 298-nji sahypasyndaky «Nuhuň tupany» atly rowaýatyň esasynda döredildi. Nuh ata baradaky gadymy döwürlerden bäri öz gymmatyny ýitirmän gelýän rowaýat dünýä halklarynyň ýüzlerçesiniň arasynda saklanyp galan hem-de uly gyzyklanma mynasyp bolan edebi ýadygärlikdir. Onda dünýä ummanynda turan suw tupanynda Nuh atanyň guran gämisiniň ynsan neslini halas edişi beýan edilýär. Nuhy onuň aýaly Ýupar, ogly Ýafes, Hamyla aýal ýaly mähribanlary goldaýarlar. Nuh özüniň tutanýerliligi we zähmetsöýerligi bilen suw tupanyndan hem-de garşydaşlaryndan üstün çykýar. Gämi gurlup bolnansoň, oňa münmäge höwes edýänleriň arasyndan tebigy heläkçilikden halas bolmaga diňe özüniň päkligi, halallygy, watanperwerligi bilen tapawutlanyp, Nuhuň guran «gylsyrat köprüsinden» geçenlere miýesser edýär. Sahna oýny ýaşlara ynsaby arassa, kalby gözel, arzuwy päk bolanda bagtly bolunýandygy, «men adam» diýen beýik mertebä mynasyp bolmaga haklydygy wagyz-nesihat edilýär.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sahnalaşdyrylan G.Kakabaýewiň «Türkmeniň ýoly» atly sahna oýnynyň edebi esasy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eseriniň 198-nji sahypasyndaky rowaýatyň esasynda döredildi. Sahna oýnunda ar-namysyny, Watanyny, ygraryny, ahlagyny ähli zatdan belentde goýan gadymy hem müdimi halkymyzyň ömür ýolundan, häzirki bagtly günlerimize çenli geçilen şöhratly ýolumyz barada söz açylýar. Halkymyzyň Oguz handan başlap tä şu günki günlerimize çenli uzalýan şöhratly ömür ýoluny–Türkmeniň ýoluny döreden Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Seljuk begleriniň, Baýram hanyň wesýet-taglymatlary giňden wagyz edilýär. Sahna oýny ýaşlara watanperwerlik terbiýesini bermekde iňňän wajyp ähmiýete eýe bolar.
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň «Gyzyl alma» atly eseri bolsa Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasynda eýlenen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň 203-nji sahypasyndaky ynsaplylyk, halallyk hakyndaky hekaýatynyň esasynda döredildi. Sahna oýnunda Sapa atly ýigidiň ýabyň güzerine el-ýüzüni ýuwup otyrka, akyp gelen gyzyl almany dişlänini duýman galşy, soňra «Bäh, bu nätdigim boldy?! Ýeri men bu datly miwäniň nahalyny oturtmadym, ýa bagyna hyzmat etmedim, ders döküp, suwama beremok»-diýip, onuň bagbanynyň gözlegine çykyşy gyzykly wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Baş gahryman gyzyl almanyň eýesini razy etmek üçin onuň gözlegine çykýar. Ýöne mährem enäniň synaglaryndan geçmeli bolýar. Sahna eseri çagalarda parasatly atalarymyzyň nurana ruhlaryna ygrarly bolmagy, halal zähmetiň rehnetini görüp, bagtyýar ýaşamagy ündeýändigi bilen diýseň täsirlidir.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym–mukaddeslige tagzym» atly eserindäki:«Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Adam ogly nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsyn, ol özüni dünýä indiren, jigerinden jan beren ynsanyň öňünde indi kemala gelmeli, hemişe goldanmaly çaga mysalydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir» -diýen ajaýyp sözleriniň esasynda döredilen «Ene» atly sahna oýny bilen festiwala gatnaşýar. Talyplar teatrynyň döredijilik toparynyň nesil terbiýesinde ene-atanyň öwüt-ündewleriniň ähmiýetine ýüzlenmekleri terbiýeçilik taýdan iňňän ähmiýetlidir. Teatr bu örän wajyp meseläni tüýs aýny wagtda, ýene-de bir gezek, tomaşaçynyň dykgatyna hödürlediler. Öňde goýulan şu zeýilli meseleler, soňlanmaýar. Bilşimiz ýaly, jemgyýetiň özem maşgaladan emele gelýär. Perzent terbiýesinde ata-enäniň mährem, agzybir gatnaşygy sagdyn jemgyýetiň hamyrmaýasy dälmidir eýsem! Sahna eserinde diňe bir eneleriň däl, eýsem atalaryň öňünde perzentleriň berjaý etmeli borjy baradaky meseläniň goýulmagy sahna oýnunyň çeperçilik gymmatyny artdyrýar we çuňlaşdyrýar.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserindäki: «Nury Halmämmedow çäksiz zehinli milletiň ruhy taýdan belentligini saz bilen dünýä çykardy. Şeýdibem özüne-de, halkymyza-da adamzat gymmatlygyndan miras goýdy. Ol biziň milli sungatymyzy şöhratlandyrdy»-diýen parasatly sözlerine esaslanyp döreden «Ýürek söýgi küýseýär» atly sahna oýnuny festiwala hödürledi. Sahna eserinde Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Nury Halmammedowyň ömür we döredijilik ýoly, kompozitoryň belli şahyrymyz Gurbannazar Ezizow hem-de ussat aýdymçy Atageldi Garýagdyýew bilen mizemez dostlugy esasynda dörän ajaýyp eserleriniň milli sungatymyzdaky orny barada söhbet edilýär.
Görnüşi ýaly, teatr festiwalyna gatnaşýan her bir eser Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykýan beýik taglymata eýerýär.

Agamyrat BALTAÝEW