Gahrymançylyga ýugrulan eser


Gahrymançylyga ýugrulan eser



«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň şygarynda uly many, mukaddeslik jemlenendir. Watanyň mukaddes bolşy ýaly, parahatçylyk, ynanyşmak hem biziň üçin mukaddesdir. Parahatçylyk düşünjesi öz gözbaşyny gadymdan alyp gelýär.
Ol halk dessanlarymyzdyr eposlarymyzdan, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan hem eriş-argaç bolup geçýär. Türkmeniň her bir meseläni parahatlyk, birek-birege ynanyşmak ýoly bilen çözmäge çalyşýandygyna akyl ýetirmek kyn däl. Muňa Şükür bagşynyň ykbaly-da aýdyň mysal bolup biler.
«Şükür bagşy» çeper filmine tomaşa eden her bir adam, ozal telim gaýta gören hem bolsa, aňynda ýaňadan watançylyk duýgusynyň oýanandygyny duýman galýar. Çünki uzak gijeläp saz çalýan Şükür bagşynyň mukamynda jady bar, edil şonuň ýaly-da geljege umyt duýulýar. «At-ýaragyň bitirýän işini dutar bitirip bilmezmi?!». Bu sowaly öz-özüne beren Şükür bagşy, oňa düýrmegi bilen ynanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda eseriň şu wakasyna aýratyn üns berlip: «Men Nurmyrat Saryhanowyň hakyky halky häsiýete eýe edip genilik bilen döreden keşbine — Şükür bagşynyň keşbine ýüzlendim. Onuň taryhy filmde örän ussatlyk bilen beýan edilipdir. Edebi gahryman bolsa, hakyky durmuşa has hem ýakynlaşdyrylypdyr. Bu — parlamentiň wekiliniň, gepleşikleri geçirijiniň, diplomatyň keşbi. Bu ýerde gürrüň meseleleri güýç ulanyp çözmegiň garşysyna ýaraga daýanyp däl-de, eýsem, parahatçylykly serişdeleri ulanyp, ýeňiş gazanmak we maksada ýetmek barada barýar» diýilýär.
Hormatly Prezidentimiz bu pikiri dowam etdirip, taryhyň gatyna, wakalara aralaşýar. Parahatçylygy gorap saklamagyň şu günüň önümi däldigine, oňa türkmen halkynyň örän gadymy zamanlardan dowam eden döwletleriň arasynda baglaşylan şertnamalaryň üsti bilen beýan edilendigine okyjynyň ünsüni çekýär. Görlüp oturylsa, olaryň hiç birinde-de türkmen hökümdarlary daşary syýasat işlerinde güýje baýrynmandyr, meseleleri parahatçylykly çözmegiň ýollary gözlenilipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň «Döredijilik medeniýeti», «Zer gadryny zergär biler» atly bölümlerinde medeniýetiň dürli ugurlary hakynda pikir ýöretmeler bilen birlikde, N.Saryhanowyň «Şükür bagşy» atly kitaby we onuň esasynda döredilen kinofilm baradaky söhbet dowam etdirilýär. Ady rowaýata öwrülen Şükür bagşy 1831-nji ýylda Duşakda eneden bolup, 1929-njy ýylda aradan çykypdyr. Ol ezber sazanda bolup, hemmeler onuň sazyna aşyk bolupdyr. Ol döwürdeş ýazyjysy N.Saryhanowyň döreden meşhur eserinde halk gahrymanynyň ölmez-ýitmez keşbine öwrülipdir. Powestiň artykmaç tarapyda, onda durmuş hakykatynyň dabaralanmagydyr.
Ýazyjy türkmeniň sabyrlylygyny, sadalygyny, rahatlygyny, galybersede özüne bolan ynamyny sazanda ýigidiň keşbinde bermegi başarypdyr. Sebäbi türkmen sazy gudrat hasaplanylypdyr. Muňa her kesem şeýle garandyr welin, Şükür üçin munuň gymmaty has-da ýokary bolupdyr.

Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň zehin siňdirip ýazan «Şükür bagşy» powestinde hem-de «Kitap» atly hekaýasynda ündelýän watansöýüjiligi giňden açyp görkezmek bilen, ýazyjynyň bu eserleriniň ruhy gymmatyna aýratyn ähmiýet berýär. Onuň galamyndan çykan «Ak tam», «Söýgi», «Giýew» hekaýalary türkmen ussadynyň nusgalyk ömründen, tebigy zehininden, jepakeşliginden, ýokary akyl-paýhaslylygyndan habar berýär. Ýazyjynyň «Şükür bagşy» powesti bolsa, parahatçylygy ündeýän, wagyz edýän eser hökmünde aňymyza ornaşypdyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda berkarar döwletimizde türkmen sazy parahatçylygyň sazy bolup dünýä ýaň salsyn.
Başymyzyň täji hasaplanylýan Türkmenistan Watanymyzy uly ösüşlere, beýik ýeňişlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn.

Akmeňli ANNAGELDIÝEWA