Watansyň
Goja dünýäň paýhasyndan paý alan,
Pederleriň pähmi siňen Watansyň.
Kalbyna kuýaşyň keşbi çaýylan
Eneleriň mähri siňen Watansyň.
Asman deý arzyly, ýer ýaly dana,
Döz gelen darkaşa, müňde bir syna,
Döşleri gapak deý merdi-merdana,
Gerçekleriň ähti siňen Watansyň.
Derýalaryň merjen, daglaryň dürden,
Garagum — ýüregiň tylladan-zerden,
Gül çeçek ýaýlalar tämizden-terden,
Baharlaryň şähti siňen Watansyň.
Geçmişiň zynjyr deý arka-arkaly,
Zeminden serpaýly, Arşdan sarpaly,
«Watan», «Watan» diýip baglan örküni,
Türkmen agaň bagty siňen Watansyň.
Zemin üste dagy-düzi tükellän,
Bu barlyga paýhas beren, akyllan,
Hökmürowan adyl şalaryň tylla —
Zer-zynatly tagty siňen Watansyň.
Gatlak-gatlak asyrlary böwsensoň,
Arkadagly ak bagtyňa gowşansyň,
Ak dünýäli, ak geljekli röwşensiň,
Älemi nur — ýagly siňen Walansyň.
Agamyrat SOLTANOW