Täze ýylyň bosagasynda
Her ýylyň bosagasynda yzyňa bir nazar aýlap, ahyrlap barýan ýyla ser salmak, bir ýylda geçilen ýoly öz ýanyňdan saldarlap görmek biziň her birimiz üçin adata öwrülen ýagdaý. Aşgabadyň giň köçelerinde dürli öwüşginlere beslenip, daş-töweregine ýalkym salyp oturan bezemen arçalary synlanyňda, uly üstünliklere beslenen bu ýylyň hem eýýäm tamamlanyp barýandygy hakyndaky pikirler seriňe dolýar.
Üstünlikler bilen gelen 2020-nji ýyl türkmeniň çawuny dünýä ýaýan, döwletimiziň adyny Arşa göteren ýyllaryň biri boldy. Bütin ýylyň dowamynda halkymyza ösüşler, rowaçlyklar, üstünlikler hemra boldy. Bu ýylda ýetilen belent sepgitleri, ösüşli menzilleri sanamaga iki eliň barmaklary ýetmese gerek. Olaryň ählisiniň jemlenip, halkymyzyň bagtyýar durmuşynda, döwletimiziň dünýä derejesinde artýan abraýynda özüniň beýanyny tapandygy welin hak.
Ynha, şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk senesi bilen has-da dabaralanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly öz nobatyny Täze ýyla geçirmegiň öňüsyrasynda dur. Myhmansöýer halkymyz ýene bir ajaýyp ýyly myhman almaga taýýarlanýar. Ozal hem merjene-düre deňelýän paýtagtymyz arçalaryň yşyklary, asmany-semadan ýagan päkize garyň aklygy bilen has-da owadanlaşýar, adamlaryň ýüzüne üýtgeşik bir ýakym çaýylýar. Çagajyklaryň şadyýan gülküleri dünýäňe dolýar. Her kim bir-birine mähriban. Baýramçylyk şatlygy ýürekleri ýakynlaşdyrýar, ýagşy niýetleri, belent maksatlary birleşdirýär. Bulary synlamak juda ýakymly. Hamala, adamlar üýtgeşik gowy bir myhmana garaşýan ýaly. Onuň gowy arzuwlar, hoş niýetler, sowgat-salamlar bilen geljegini öňünden bilýän ýaly.
Maşgala baýramynyň garşylanylyşy hem üýtgeşik. Her kim bu baýramy agzybirlikde, diňe maşgala agzalary däl, eýsem goňşy-golam, dogan-garyndaşlar bilen bile garşylamaga çalyşýar. «Üýtgeşik myhmany» mynasyp garşylamak üçin öý-içerisini bezeýär, desterhanyny naz-nygmatdan doldurýar. Edermen daýhanlarymyzyň arly ýyl zähmet çekip, bereketli toprakdan ýetişdiren hasyly saçaklara bolluk eçilýär. Bolçulyk döwrüniň ähli eşretleri bilen «myhmana» gujak açýarlar.
Her kim baýramçylyga uly umyt-arzuwlar bilen barýar. Geljek ýylda kim jaý toýuny, kim ogul öýerip, gelin toýuny tutmagy niýet edinýär. Herkim bir-birege gowulyk arzuwlaýar. Arzuw-niýetleriň hasyl boljakdygynada uludan kiçä — her kim ynanýar. Täze ýyl baýramçylygynyň iň üýtgeşik taraplarynyň biride şunda. Oňa ýöne ýerden «arzuw- umytlaryň baýramy» diýilmeýär. Bu baýrama diňe arzuwlar däl, eýsem, uly-uly zähmet sowgatlary bilen hem barylýar.
Biri-birinden zyýada gelýän ýyllaryň kerweni ýene bir ajaýyp ýyl bilen baýlaşýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk senesiniň ruhubelentlik bilen belleniljek ýyly bize uly-uly üstünlikleri, hoşluklary, buşluklary bagyş eder. Hawa, ak arzuwlara beslenip gelýän ýyllaryň hataryny synlap, Täze ýylyň hem üýtgeşik — bereketli ýyl boljakdygyna, onuň goýnunyň gowulyklardan doludygyna berk ynanýarsyň. Ynam bolsa ynsany diňe dogry salga eltýär.
Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Men ýagşy niýetiň ägirt uly güýçdügine ynanýaryn» diýýär. Goý, halkymyzyň şan-şöhratyny, ýurdumyzyň abraý-mertebesini dünýä gaýtadan ýaýjak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýuna beslenip geljek 2021-nji — Täze ýylyňyz düşümli, rysgally, döwletli, bagtly ýyl bolsun!
Ogulabat KAKALYÝEWA