Şygryýet şalygynyň bossany
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizdir sungatymyza, mirasymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredijilikde öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi öwrenmäge, ýatlamaga giň mümkinçilik döredildi. Şeýle hormata mynasyp bolan, özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen halkynyň aňynda hemişelik ýaşaýan şahyrlarymyzyň biri hem Kerim Gurbannepesowdyr.
Onuň «Ýaşlyk dramasy», «Ömür», «Döwür şeýle, döwür», «Taýmaz baba», «Aýal bagşy», «Gumdan tapylan ýürek», «Ajy günler, süýji günler», «Menzil», «Toprak», «Dutar bilen ajal», «Ömrüme pent», «Ata we ogul», «Kyrk», «Ynsan we ynsap», «Ýazmasy agyr düşen goşgy», «Ýürek», «Oýlanma baýry», «Bahar poemasy», «Atalar we çagalar», «Şahyryň gözi», «Apat», «Maşgala we mekdep», «Ýalta we bagt», «Ýaşajyk dostlaryma», «Rubagy-poema», «Ogluma nesihat», «Türkmeniň», «Ýedi ýaprak» ýaly ençeme goşgularydyr poemalary belent hyjuwa ýugrulan gymmatly eserlerdir. Bular ussatlykdyr kämilligiň belent derejesine ýeten şahyryň döredijiligini däl, eýsem, tutuş türkmen şygryýetini baýlaşdyrdy. Şahyr bu ajaýyp gymmatly eserleri bilen il arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Onuň egsilmez joşgun bilen döreden bu kämil eserleri durşuna edep-terbiýe, mekdep bolup, her bir okyjynyň aňynda galdy.
Halk köpçüligi onuň duşuşyklarydyr teleýaýlymlar arkaly görkezilen her bir çykyşlarynda, sowal-jogap alyşmalarynda berýän jaýdar hem täsirli jogaplaryny uly gyzyklan¬ma bilen diňlärdiler. «Kerim Gurbannepesow hakdan içen şahyrdy, seýrek ynsandy, zehinli şahyrdy» diýen ýakymly sözleri il agzyndan häli-şindi eşitmek bolýar. Oňa öz döwrüniň Magtymgulusy diýýänler hem bardy. Dogrudan hem, ol Pyragynyň ruhuna golaý duran uly hem ykrar edilen zehinli şahyrlaryň biridi. Ol akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny öz halypasy saýyp:
Ýöne bir uly däl, juda uly sen,
Dag ogly, dag şiri Magtymguly sen.
Şonuň üçin saýlap daşlaň ulusyn,
Ýasadyk biz senden dagyň ýagşysyn.
Geçse-de üstüňden müň-müňläp asyr,
Alarsyň alkyşdan paýyň ýagşysyn,
— diýip, beýik söz ussadyna bolan söýgü¬sini beýan edýär.
Şahyr Kerim Gurbannepesowyň bahar gülleri ýaly owadan, ýakymly, ýumşak poeziýasyna çopandyr daýhan, işçidir alym we sada oba ýaşaýjysy hem düşünip bilýär. Okyjylar onuň «Taýmaz baba», «Gumdan tapylan ýürek», «Ata we ogul», «Aýal bagşy», «Toprak», «Ömür» ýaly onlarça eserlerini özlerine hemra edinip ýaşaýarlar. Şahyr bu eserlerinde hemmeleri ynsanperwer, adalatly bolmaga, halal ýaşamaga, Watany, ene topragy päk ýürekden söýmäge, halkyň şatlygyna şatlanyp, gynanjyna gynanmaga, gözellige guwanmaga çagyrýar.
Şahyryň şygyrlarynyň diliniň biçak halkylygy, çeperligi, owazlylygy, mylaýym ýumora ýugrulanlygy, manydyr mazmuna, pelsepä baýlygy, joşgunlylygy ony biziň milli poeziýamyzyň ölmez-ýitmez şahsyýetine öwürdi. Ol eser döredende dürli formalara ýüzlenip, haýsy pikiri nähili beýan etmelidigini gowy seljerýär. Şahyr çeper kapyýanyň, sözlerdir setirleri sazlaşdyrmagyň ussady. Onuň goşgularydyr poemalary akgynly, labyzly okalýar. Beýan edilýän pikirler bir-biri bilen berk baglanyşýar. Olarda ynsanyň içki duýgulary inçelik bilen yzarlanýar, jaýdar meňzetmeleriň ulanylmagy eseriň çeperçiligini artdyrýar. Olarda akgynlylyk, owazlylyk, sazlaşyk bar. Şahyr bu barada şeýle diýýär:
Bişirin özümiň bişirişim ýaly,
Ýagaryn özümiň ýagyşym ýaly.
Hiç kime meňzemän aýtjak bolaryn,
Hiç kime meňzemän doguşym ýaly.
Kerim şahyr diýjek sözlerini hiç kese meňzemän aýdyp gitdi. Onuň öz sesi, galam ýöredişi, öz ýoly bardy, bu ýol okyjylaryň ýüregine barýardy. Islendik şygryndan onuň sesi gelip durandyr. Şahyryň eserleri dag ýaly belent, deňiz ýaly çuň, dünýä ýaly giň. Türkmeniň dil baýlyklaryny ussatlarça ulanmak, ýerine düşen sözleri oýlap tapmak, eserlerini täze-täze çeperçilik serişdeleri bilen bezemek oňa mahsus häsiýetleriň biridi. Onuň eser döredişi-de, tema saýlaýşy-da juda üýtgeşikdi, ussatlyk bilen täsin goşgy okaýyş äheňi-de özboluşlydy. Ol goşgularydyr poemalaryny şeýle bir şirin labyz bilen okardy welin, diňläp doýup bolmazdy. Bir gezek men oňa çaý başynda: «Kerim Gurbannepesowiç, siz goşgy okanyňyzda sözlere jan berip, diňleýjileri maýyl edäýýärsiňiz» diýenimde, ol ýylgyrdy-da:
— Hakyky şahyr şeýle-de bolmaly, diňleýjini özüne imrindirip bilmeli, özüňi okyjylara ykrar etdirmeli — diýdi.
Kerim Gurbannepesow belent adamkärçilikli, pespälli, hoşgylawdy, alçakdy, edil Taýmaz babasy ýaly hemmäniň dilini tapardy, uly bilen uludy, kiçi bilen kiçidi, gülşüp-degşip oturan çaga göwün şahyrdy. Ol köplenç meşhur ýazyjy Beki Seýtäkow bilen bagly gülküli wakalary ýatlardy, şonuň ýaly-da şahyrlar Gara Seýitlidir Mämmet Seýidowa, beýleki galamdaşlaryna degşip ýazylan gülküli bentleri aýdyp bermegi halardy. Onuň ýene-de bir täsin tarapy dilewardy, kimdir biri oňa oýunlyga salyp söz atsa, jogabyny şobada nagt ederdi.
Men bir sapar Kerim şahyra:
— Halk şahyrlary Durdy Gylyç, Ata Salyh dagy islän mahaly duş gelen zadyna duran ýerinde goşgy düzüp, şobada-da ýatdan aýdyp beripdirler. Bular barada näme aýdyp bolar? — diýen sowaly berdim. Ol gülümjiräp:
— Olar hakdan içen ussatlar diýesim gelýär, seýrek ynsanlar. Ýöne Magtymguly Pyragy barada näme diýjegimi bilemok. Ol ynsandanam ýokarda duran bir gudrat — diýip jogap berdi.
Kerim Gurbannepesow goşgularydyr poemalaryny ýazan badyna çapa berjek bolmazdy, kemsiz ýugrumy ýetirilip, ýaňy tamdyrdan çykan bugdaý çöregi ýaly bolýança saklardy, gerek hasap etse, olary gaýta-gaýta okap, düzediş girizerdi, käte täzeden ýazardy. Ol «Taýmaz baba» poemasyny başda:
Aýlansaň-da ýüzläp-ýüzläp obany,
Tapaýmarsyň Taýmaz kimin babany.
Onuň gapdalynda epseň dyzyňy,
Aňsat-aňsat küýsemersiň yzyňy
— diýen setirler bilen başlapdyr. Emma bu setirler şahyryň maňzyna batmandyr, ýogsam kapyýalary-da ýerbe-ýer, bogunlary-da düzüw, pikirleri-de dogry. Ýöne bir ýerinde galplyk bolany zerarly özüne çekmändir, täsir döretmändir, ynandyrmandyr. Bir gün daşarda gezelenç edip ýörkä:
Aýlansaň-da oba-oba,
Taýmaz ýaly bälçik baba
Tapaýmarsyň, tapaýmarsyň.
Bir otursaň gapdalyndan
Aňsat-aňsat gopaýmarsyň
— diýen setirler öz-özünden serine gelipdir. Pikir edip otursa, şol eseriň mazmunyna kybap ritmini tapman ekeni. Şondan soň poemanyň yzy şaglap gidipdir. Bu barada şahyryň özi gürrüň beripdi.
Onuň döreden ajaýyp eserleri durmuş aýdymydy, olarda arzuwdyr, tämiz söýgi, dost-doganlyk, Watana bolan wepalylyk, ynsanperwerlik, parahatçylykdyr gelin-gyzlarymyzyň gözelligi, wepadarlyklary, iş başarjaňlyklary, olaryň nepis sungatlary, zähmet çekişleri giňden wasp edilýär. Onuň akgynlylygy, sazlaşyklylygy, owazlylygy, şahyranalygy ýokary bolan «Türkmeniň», «Gopuzly gyz», «Altyň biri», «Pyragyny gören daglar», «Ýarap borka», «Mugallyma gyz», «Apat», «Gök çaý», «Gumly gelin», «Nazar janyň piljagazy», «Esgeriň aýdymy», «Garagyz», «Ýigit gördüm», «Poçtalýon», «Bir gözel gördüm» ýaly şygyrlary Türkmenistanyň halk bagşylary Sahy Jepbarow, Döwletgeldi Ökdirow, kompozitorlar Aman Agajykow, Weli Ahmedow, Nury Muhadow, Mämi Çaryýew dagy tarapyndan belent heňde aýdym edilip aýdyldy. Meşhur bagşy Sahy Jepbarow: «Kerim şahyryň goşgularynyň köpüsi dörände öz nepis sazy bilen bile dünýä inýär, bize şol ajaýyp heňi tapaýmak galýar. Ol heňi bolsa başga ýerden däl-de, halkyň içinde öňden ýaşap ýören heňleriň arasyndan gözlemeli» diýipdir.
Halkyň söýgüsini gazanan Kerim Gurbannepesowyň wenger şahyry Ş.Petefiden, italýan şahyry J.Rodariden, mongol şahyry D.Tarwadan, hindi şahyrlary Ugradan, R.Tagordan, hytaý şahyry Go-Mo-Žodan, rus şahyrlary A.S.Puşkinden, N.A.Nekrasowdan, S.Ýeseninden, W.Maýakowskiden, M.Swetaýewadan, A.Twardowskiden, W.Zubarewden, L.Ukrainkadan, gruzin şahyry N.Brateşwiliden, Gündogaryň beýik şahyrlary Ş.Hafyzdan, A.Jamydan, A.Nowaýydan, Ş.Nowadan, nemes şahyry I.Gýoteden, amerikan şahyry U.Uitmenden, awar şahyry R.Gamzatowdan, ermeni şahyry P.Sewakdan eden terjimeleri edebiýatymyzyň altyn hazynasyna goşuldy. Olar «Dostluk çemeni» ady bilen aýratyn kitap edildi. Bu bolsa türkmen okyjylaryny täze bir ruhy dünýä atardy.
Şahyr Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda dünýä inýär. Ol obalaryndaky ýediýyllyk mekdebi tamamlaýar. Kakasy Gurbannepes aga sähra göwünli, hat-sowatdan başy çykýan, çeper sözüň gadyryny bilýän, kitaphon, okumyş adam bolupdyr. Magtymguludyr Seýdi, Zelilidir Kemine, Mollanepesdir Mätäji ýaly nusgawy şahyrlaryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilipdir. «Görogly» şadessany bolsa onuň iň ýakyn hemrasy bolupdyr. Ol oglunyň sowatly bolmagy üçin, agşamlaryna Magtymguludyr beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyny, «Zöhre-Tahyr», «Şasenem-Garyp» ýaly dessanlary, Myralydyr Soltansöýün hakyndaky hekaýatlary sesli okap beripdir. Şeýlelikde, Kerim şahyryň çagalygyndan çeper edebiýatdyr kitaba, goşgy ýazmaga höweslenmeginde kakasynyň täsiri uly bolupdyr. Şahyr heniz mekdebi tamamlamanka mekdebiň kitaphanasynda bar bolan türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň, şeýle hem türkmen diline geçirilen daşary ýurt eserlerini ürç edip okapdyr. Onuň ilkinji goşgusy 1940-njy ýylda Gökdepäniň «Kolhozçy sesi» gazetinde çykýar, soň «Mydam taýýar», «Ýaş kommunist» gazetlerinde, «Tokmak» žurnalynda çap edilýär.
Onuň oglanlyk döwri Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. Ol zähmet ýoluna 1944-nji ýylda Tejeniň etrap gazetinde, soň Tejen suw howdanynyň gurluşykçylarynyň «Tejen gurluşygy» gazetinde başlaýar. Bu bolsa onuň döredijiliginiň ösmegine itergi berýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy esger mahaly çykýar. Gullukdan soň Aşgabada gelip, Türkmen döwlet neşirýatynyň çeper edebiýat bölüminde işläp başlaýar. Ol bu ýerde Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Beki Seýtäkow, Aman Kekilow ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamaga, olardan kän zat öwrenmäge mümkinçilik tapýar. Soňra Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümini gaýybana tamamlaýar. Ol 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ada eýe bolýar.
Türkmen halkynyň söýgüli şahyry Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda 59 ýaşynyň içinde dünýesini täzeledi. Onuň «Kyrk» atly poemasyna salgylansaň, beýik Biribardan bar diläni segsen ýaşdy. Ol şöhrat ýüküni iner gaýraty bilen göteren şahyrdy, ýiti zehinlidi, ýaşlaryň eý görýän halypasydy. Şahyr okyjylaryň arasyna duşuşyklara gidende täk özi gitmezdi, Gurbannazar Ezizowdyr beýleki şägirtlerini-de ýanyna alardy. Olary orta çykaryp, il-günüň synagyndan geçirerdi. Onuň «Edebiýat we durmuş» atly makalalar ýygyndysy dörediji ýaşlar üçin uly gollanma boldy. Ol: «Şahyr öz döwri üçin hyzmat edip bilse, onuň geljekki döwür üçin hem hyzmat etdigidir» diýerdi. Ol ýanyna gelen ýaş şahyryň goşgularyny: «Hany, oka bakaly, käsämdäki içip oturan çaýymy bir sowadyp bilermikä?!» — diýip, ony üns berip diňlärdi, soň bolsa:
— «Çyn şahyr bolmakçy bolsaň, pikiriňi düşnükli, sowatly aýtmagy, syýasy taýdan taýýarlykly bolmagy, diliň çeperçilik serişdelerini kemsiz özleşdirmegi, durmuş tejribesini ýetik bilmegi, her bir gowy zady, oňat başlangyçlary, täzelikleri ilki duýmagy, görmegi başarmalydyr, özüňçe ýazmalydyr, munuň üçin kän okamalydyr, ine şonda zehiniň açylyp gider. Gepiň gysgasy, şahyr ähli zada üns bermelidir, onuň üçin owunjak zat bolýan däldir. Şahyr ynsanyň gözi, gulagy, sesidir, ynam edýän adamydyr, ruhy güýjüdir, ýüregidir. Halk öz şahyry bilen tanalýar, beýgelýär, äleme meşhur bolýar, onuň bilen bir howadan dem alýar. Halkyň ynamyna girmek, ony ödäp bilmek, şahyr üçin uly bagtdyr, oňa ýapylan müdimilik serpaýdyr — diýerdi. Muny onuň:
Olam oňýar iliň oňan ýerinde,
Ýöne bir zat oňa ilden kän gerek.
Oňa asman gerek, oňa ýer gerek,
Oňa gum, dag gerek, okean gerek,
Diňe kitap, okuw onuň üçin az,
Ol hem okan gerek, hem dokan gerek.
Ýumruk ýaly bir kelläniň içinde,
Hem işçi, hem alym, hem daýhan gerek.
Hem garry bolmaly, hem ýaş bolmaly,
Ikisinem bile başarýan gerek.
Göwün — kiçi, ýürek ullakan gerek
— diýen setirleri-de mälim edýär.
Bir gezek ýaş şahyr Gurbanýaz Daşgynowa gabat gelen Kerim şahyr hal-ahwal soraşylandan soň:
— Soňky mahallar metbugatda adyňa seýrek duşýan, näme, şygyr ýazmagyň kemeldäýdiňmi? O nähili beýle? — diýip gyzyklanypdyr. Şonda ol:
— Men mydama biderek ýazyp masgara bolmajak bolýan, Kerim aga. Özüme körzehin diýdirip, üstümden güldürmek islämok — diýipdir.
Kerim şahyr bolsa, oňa: «Bu gowy duýgy. Sen döredijilikden gorksaň-da, batyrgaý ýazyber, erjel bol. Şonda zehiniň taplanar, goşgulary yzygiderli oka» diýip, maslahat beripdir. Kerim şahyr rubagy žanrynda-da eser döretdi. Bu ugurda Omar Haýýamdyr Hafyz, Jamy ýaly dünýä belli gündogar şahyrlarynyň asylly däplerini dowam edip, milli edebiýatymyzda rubagy žanryna täze öwüşgin çaýdy. Onuň «Rubagy — poema» atly eseri gündogaryň belli söz ussatlarynyň ajaýyp eserlerinden täsirlenip döreden poemasydyr. Ol bu barada şeýle diýýär:
Däldir rubagy bir ýerden gelen,
Ol meniň ilimiň ganyna siňen.
Gadym atalarmyz, babalarmyz-da,
Hüwdülenipdirler rubagy bilen.
Ähli döwürleriň şahyry hasaplanýan Kerim Gurbannepesowyň eserleriniň arasyndan «Ata we ogul» poemasy esasynda türkmen telewideniýesinde adybir telespektakl görkezildi. Şol döwürde onuň «Taýmaz baba» poemasy Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda, «Gumdan tapylan ýürek» poemasy bolsa Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda sahnalaşdyryldy. Şygyrdan ýadygärlik guran meşhur Kerim şahyryň ençeme goşgular ýygyndysy rus, ukrain, belarus, özbek, azerbaýjan, latyş, litwa, moldawan, gyrgyz, kabardin, balkar, mongol dillerinde neşir edildi.
Häzirki ajaýyp döwrümizde Kerim şahyryň arassa ahlak gözelligine çagyrýan döredijiligine bolan gyzyklanma barha artýar. Manyly ömründe il-halkyna gymmaty hiç mahal egsilmejek ruhy mirasy goýup giden Kerim şahyryň mährem keşbi şygyr muşdaklarynyň kalbynda ebedilik ýaşaýar.
Begenç ESENOW