Köňüller buýsanja beslenýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary bilen Türkmenistan döwletimiziň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi boldy.
Resminamada «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» yglan edilmeginiň parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, hususan-da, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär. 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklaýar. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. Bu resminamada Garaşsyz ýurdumyzyň taryh taýdan gysga möhletiň içinde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplandygy aýratyn bellenilýär.
Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda möhüm orun tutýan adalgalardyr. Mälim bolşy ýaly, halkymyz gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk we ynanyşmak sözlerine çuň many-mazmuny özünde jemleýän gymmatlyk hökmünde garapdyr. Munuň şeýledigini alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynda ylmy we tejribe taýdan delillendirip, pararhatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti baradaky beýan eden garaýyşlary, taryhy mysallary doly tassyklaýar.
Bu ajaýyp kitapda: «Il-halkyň mertebesi üçin erkanalykdan, asudalykdan, ýurdumyzyň nuranalygyndan, eldegrilmesizliginden gymmatly zat ýokdur» diýip nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz parahat durmuşda ýaşamak, asudalygyň hem-de bolçulygyň hözirini görmek üçin, il agzybirliginiň gerekdigini aýratyn belleýär. Şonuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz adamzadyň beýik geljeginiň parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýandygyna okyjynyň ünsüni çekip, halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ylalaşyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we onuň pugtalanmagy bilen öz mazmunyny baýlaşdyrýandygyny beýan edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasaty, aýdyň maksatly beýik başlangyjy boýunça ýurdumyzda her ýyla döwrebap we mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, iňňän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar. Bu şygar döwletimiziň we jemgyýetimiziň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň berk we yzygiderli ýöredýän, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege ynanyşmak hem-de hormat goýmak, deňhukuklylyk we taraplara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny äleme ýaýýar.
Röwşen geljege rowaç gadamlar bilen barýan eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerini guwandyryjy şatlyga besläp, göwünleri galkyndyrýar, buýsançly kalbymyzy joşa getirýär.
Goý, şeýle buýsandyryjy ösüşler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem dowamly bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan içeri hem daşary syýasaty mundan beýläk-de dabaralansyn! Parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!
Begençmyrat ILAMANOW