Howa şertleri we adam saglygy


Howa şertleri we adam saglygy



Tebigatda her bir pasyllaryň alamatlary birbada ýüze çykman, olar dura-bara peýda bolýarlar.
Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, aşa gyzmagy, bulutly howa, şeýle-de ýurdumyzda soňky günleriň dowamynda howa hadysalarynyň üýtgemegi bilen, atmosfera howasynda tozanyň düzüminiň agdyklyk edýändigi sebäpli, adam saglygyna oňaýsyz täsir edýän alamatlar ýüze çykýar. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin öz saglygyň hakynda wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek zerurdyr. Şu günler howadaky tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň, käbir ýagdaýlarda allergiýanyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagy, dowamly keselleriň ýitileşmegi we gartaşan adamlarda dürli näsazlyklardan: ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasy bilen kesellän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmak maslahat berilýär. Bu ýagdaýda adamlaryň arasynda howpsuz aralyk saklanmalydyr. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini dogry we berk berjaý etmelidir. Daşardan gyzyp gelip, şol wagtyň özünde otagdaky howa sowadyjynyň gabadynda durmak, dessine sowuk içgileri içmek ýa-da sowuk suwa düşmek saglyga oňaýsyz zyýan ýetirip biler. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň, dowamly dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýitileşmegine getirip biler.
Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin degişli çäreleri güýçlendirmek we tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmek zerurdyr. Tomsuň soňky günleri howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsiri peseltmek maksady bilen, her bir adam dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdelerini: agyz-burun örtüklerini ulanmalydyr, ellerini yzygiderli sabyn bilen gowy ýuwmalydyr, eller üçin niýetlenen ýörite zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmalydyr, beýleki adamlar bilen howpsuz araçägi saklamalydyr.
Ýaşaýyş we iş otaglaryny arassa saklamalydyr, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş geçirmelidir. Mebelleri süpürip, penjireleri açyp, otagy ýelejiretmelidir. Jaýyň we howlynyň daş-töweregini arassalap, zil-zibilleri aýyrmalydyr. Otaglarda üzärlik tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýratmak hem ýokanç keselleriň görnüşleriniň ýokuşmagynyň öňüni almak, bakteriýalary ýok etmek, bedeniň kesele garşy durujygyny berkitmek üçin peýdalydyr.
Allergiyadan ejir çekýänler bu döwürde has duýgur bolýarlar. Bu duýgurlygyň ýokarlanmagyny adam bedenine daşky gurşawyň howa şertleriniň, nädogry iýmitlenmegiň, ruhy dartgynlyk ýagdaýynyň täsir edýänligini hem alymlar düşündirýärler. Şonuň netijesinde adam bedeninde gistaminiň mukdary köpelýär. Ol deriniň gijemegi, endamda örgünleriň peyda bolmagy, gözüň we burnuň nemli bardasynyň gyzarmagy, dem alşyň kynlaşmagy ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyna getirýär. Bu ýagdaýlar ýüze çykan halatynda, özbaşdak bejergä ýüz urmazdan, lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär.
Günüň işjeňliginiň artan ýagdaýynda, Gün alawy emele gelip, Ýeriň daş-töweregini gurşap, täsirli magnit hadysasyny döredýär. Munuň özi adamlara we olaryň saglygyna täsir edýär. Ýeriň magnit meýdanynyň işjeňlik ýagdaýynyň ýokarlanmagy adamlaryň özüni duýşuna we saglygyna, şeýle-de ýürek-damar keselli adamlara ýaramaz täsir edýär.
Daşky gurşawyň üýtgäp durýan şertlerinde adamyň dem alşy, ýürek urgusy, arterial gan basyşy üýtgeýär. Gartaşan adamlara, dowamly keseller, ýürek-damar we nerw keselleri bilen kesellän adamlara ýaramaz täsir edýär.
Magnit hadysasynyň täsirli günlerinde duýgur adamlarda dem alyş ýygylaşýar, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işi gowşaýar. Adamlarda gowşaklyk, ysgynsyzlyk, akyl we fiziki zähmete ukybynyň, ýatkeşligiň peselmegi, başaýlanma, kellagyry, eşidişiň peselmegi, gan basyşynyň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy, üýtgäp durmagy, ukusyzlyk, depressiýa, gaharjaňlyk ýaly alamatlar ýüze çykýar.
Magnit hadysasynyň täsirli günlerinde saglygyň erbetleşmeginiň oňüni almak üçin, ilki bilen, arterial gan basyşyna hem-de ýüregiň urşuna gözegçilik edip durmalydyr. Şeýle-de, şu düzgünleri doly berjaý etmelidir:

— immuniteti pugtalandyrmak, gan aýlanyşy gowulandyrmak üçin her gün açyk arassa howada gezelenç etmelidir;
— gündelik içilýän arassa agyz suwunyň mukdaryny artdyrmalydyr;
— witaminlere, mikroelementlere baý azyk önümleri bilen iýmitlenmelidir;
— fiziki we akyl zähmetini dynç alyş bilen utgaşdyrmalydyr;
— miweleri, gök-önümleri, ir-iýmişleri köpräk iýmelidir we olaryň şiresini köpräk içmelidir;
— sagdyn we dogry iýmitlenmelidir;
— bedenterbiýäniň belli bir görnüşleri bilen (welosiped sürmek, suwda ýüzmek, pyýada ýöremek, ylgaw) yzygiderli meşgullanmalydyr;
— dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmelidir.

Magnit hadysasynyň günlerinde duýgur adamlaryň, dowamly keseller, ýürek-damar we nerw keselleri bilen kesellän näsaglaryň howanyň üýtgäp durmagyna, howa maglumatlaryna we öz saglygyna ünsli bolmaklary maslahat berilýär. Howanyň täsirinden saglygyň ýaramazlaşan halatynda, hökmany maşgala lukmanyna ýüz tutmalydyr. Lukmanyň maslahatyny doly we dogry berjaý etmelidir.

Gurbanjemal ARTYKOWA