Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Bagyr oba medeniýet öýi


Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Bagyr oba medeniýet öýi



Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde medeniýetimiziň ösen gadymy ojagy bolan Bagyr obasynda 2016-njy ýylda döwrebap oba medeniýet öýi gurlup ulanylmaga berildi. Medeniýet ojagynda milli toý-baýramlarymyzy döwrümiziň talaplaryna laýyklykda guramak, çeper höwesjeňler gurnaklarynyň, döredijilik toparlarynyň işini talabalaýyk guramak üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Medeniýet öýüniň 200 orunlyk tomaşaçylar zalynda konsertler, döredijilik agşamlary, eziz Watanymyzy gülläp ösdürmekde alyp barýan beýik işleri üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk çäreleri yzygiderli guralýar. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Ýaňlan diýarym» telebäsleşikleriniň etrap, Aşgabat şäher tapgyrlary hem adatça şu medeniýet ojagynda geçirilýär. Medeniýet edarasynda guralýan baýramçylyklarda çykyşlaryň sahna, saz, ses, çyra ýaly tehniki serişdeleri, bezegleri göwnejaý gurnamak üçin döwrümiziň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen.
Medeniýet öýünde hereket edýän «Bagtyýar nesil» deprekçiler gurnagyna höwesjeň çagalaryň 24-si gatnaşýar. Topar 2016-njy ýylda döredilip, Aşgabat şäheriniň etrap medeniýet müdirlikleriniň arasynda geçirilen bäsleşiklerde birnäçe gezek ýeňiji boldy. «Şadyýan gurjaklar» drama gurnagy hem çagalaryň iň köp höwes bildirýän çeper höwesjeňler toparydyr. Çagalaryň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan «Böwenjik», «Haýwanlaryň aýdymy», «Horaz we it» ýaly gurjak oýunlary tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Gurnaga gatnaşýan çagalara gurjaklary taýýarlamagyň inçe tärlerini-de öwredilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, medeniýet öýünde milli sungatymyzyň estrada aýdym-saz, dutarçylar, el hünäri, çeper okaýyş ugurlary boýunça çeper höwesjeňler gurnaklary hereket edýär. Olara gatnaşýan çagalar medeniýet öýünde we paýtagtymyzda geçirilýän medeni köpçülikleýin çärelerde yzygiderli çykyş edýärler.

Medeniýet öýüniň binasynda ýerleşýän Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynda hem işler talabalaýyk guralýar. Bu döwrebap paýhas hazynasynyň 6840-dan gowrak kitaby, 1000-e golaý okyjysy bar. Kitaphanada diňe bir okyjylar üçin göwün islän eserini erkin saýlap okamaga, gerek maglumatlaryny öwrenmäge zerur şertler döredilmän, eýsem dürli ýaşdaky adamlaryň okyjylyk medeniýetiniň yzygiderli kämilleşmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, belli senelere bagyşlanan sesli okaýyşlar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler bilen duşuşyklar, çeper okaýyş boýunça bäsleşikler, täze neşir edilen kitaplaryň sergileri, elektron kitaphana ulgamynyň mümkinçiliklerini tanyşdyrmak maksady bilen gezelençler ýaly medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli guralýar. Munuň özi, okyjylary kitaphana çekmekde örän täsirli işler bolup, kitabyň ynsan durmuşyndaky ähmiýetini barha ýokarlandyrýar.
Medeniýet edarasynyň hünärmenleri medeni hyzmat edýän ilatyň arasynda ekerançylygyň we käriz suw ulgamyny peýdalanmagyň, seýisçiligiň, el işleriniň gadymy mirasyny, taryhy-medeni ýadygärlikleriň taryhyny içgin bilýän ýaşuly nesliň wekilleri bilen gürrüňdeşlikler geçirip, gadymy rowaýatlary, nakyllary, aýtgylary toplaýarlar. Şeýle gymmatly maglumatlara esaslanylyp, döredijilik toparlarynyň çeper çykyşlary sahnalaşdyrylýar.
Medeniýet öýünde geçirilýän işler, çeper höwesjeňler toparlaryna gatnaşýan çagalaryň ýaňlanýan şatlykly nagmalary agzybirligiň, abadanlygyň, gülleýşiň, rowaçlygyň belent nagmalary bolup, köňüllere şatlyk paýalaýar. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýaty bilen ýurdumyzyň medeniýetiniň barha gül açýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Agamyrat BALTAÝEW