Watan


Watan



Ymgyr sähralary täsin, söhbetli,
Ýaýlalary gyşyna-da ýaz ýaly.
Hydyr gezen çöli, düzi hikmetli,
Watan hakda näçe ýazsaň az ýaly.

Ylhamyňy sil suwy deý şagladýan,
Daglaryn synlasaň dumanlar seriň.
Yşka teşnäň gursagyna guýulýan,
Gözelligiň waspyn etmejek neneň?

Aýdym-sazly, toý-baýramly bahary,
Bir-birinden zyýada dört pasyly.
Howasy üýtgeşik, tämiz säheriň,
Ýakymyndan has-da galkynýar göwün.

Owazasy jahan içre ýaýylýar,
Eziz Arkadagyň paýhas-pähminden,
Dideleriň nurly çyragy Watan,
Şöhratly geçmişiň geljege dowam.

Eýýamyň geldi

Ismi giň äleme ýaýran Pyragy,
Ajap arzuwlaryň hakykat boldy.
Şygyr ummanynyň nurly çyragy,
Köňülde küýseglän eýýamyň geldi.

Bagtdyr söýgüden serpaýly türkmen,
Okaýar, işleýär, döredýär erkin.
Tirsege gal, synla gül açýan ülkän,
Waspyn söýlemeli eýýamyň geldi.

Belent gerşli daglar gözel görünip,
Daş-töwerek gür baglyga bürenip.
Guşlaň owazyna seriň durlanyp,
Nama gaýyrmaly eýýamyň geldi.

Jigerleň töründen eýeläp orun,
Dile sena boldy, öwüt-ündewiň.
Saýlap, söz mülküniň çäjin, harpygyn,
Şygra siňen dürleň jahana doldy.

Miwe BEKMYRADOWA