Buýsançly goşgy
Arkadagyň Watanynda toý bu gün,
Toýly-baýramly il ýagşy bolýandyr.
Döwletlilik ýörelgeli türkmende
Göwünleň derýa dek joşy bolýandyr.
Ýyllar bir-birinden owadan indi,
Ýurdum gudrat baryn döreden indi,
Müň şükür, ýalkap ýör Ýaradan indi,
Onda bagtly günleň keşbi bolýandyr.
Guwançly gözleri jenneti gören,
Bir-birin sylaýan illerim kerem,
Garaşsyz ýurdumyz Baýdagy belent,
Onuň asly nurdan dogşy bolýandyr.
Şu gün bilen, erte bilen, düýn bilen,
Menzil aşyp şöhrat bilen, şan bilen,
Ýagşy niýet bilen, ýagşy päl bilen
Al ýollaryň uzap barşy bolýandyr.
Älem içre soraglanyp, sylanyp,
Hiç sowulmaz döwran ýaly halanyp,
Arkadagyň kitaplary nurlanyp,
Ulyň-kiçiň göwün nagşy bolýandyr.
Jan Watanym bilen hemişe öňde,
Ýakym bar, ýakym bar ýaňlanýan heňde,
Şeýle ýurdy bolan bagtly türkmende
Hemmeler, hemmeler bagşy bolýandyr
Baýram JÜTDIÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy