Aýdym bilen adyganlar
Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwletgeler bolsa» atly kitaplary türkmen aýdym-saz sungatyny döwrebap derejede öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz kitaplarynda bu sungatyň halypa-şägirtlik ýoluny hem inçelik bilen yzarlaýar we onuň ähmiýetini nygtaýar.
Gahryman Arkadagymyz müň kerem mamla. Halypa-şägirtlik ýoly arkaly türkmen aýdym-sazlary halypadan şägirde, atadan ogla, asyrdan asyra geçip gelipdir. Mary welaýatynyň Pendi topragynda ýaşan Akmyrat bagşy, Akmyrat bagşynyň ogullary Gurban, Amansähet öz döwrüniň ussat bagşy-sazandalarydyr. Doganlar Gurban bilen Amansähediň aýdym-saza ezberligi olaryň meşhurlyk örüsini giňeldipdir. Şonuň üçin doganlar Pendi ýaýlasyndan Mary welaýatynyň ähli çäginde tanalyp ugrapdyrlar. Soň-soňlar Ahal sebitlerinde, Balkanda, Daşoguzdyr Lebapda tanalypdyr.
Aýdyşlaryna görä, bir gezek Gurban bilen Amansähet aga-ini bolup, maslahat edipdirler. Gurban: «Ikimizem aýdym-saz bilen bolubersek, hojalyga seretmek kyn bolar. Birimiziň eklenç bilen bolmagymyz gerek» diýipdir. Şonda hojalygyň eklenjine seretmegi Amansähet öz üstüne alypdyr. Ýöne aýdym-saza-da ezber eken.
Şeýlelikde, Gurban bagşy halk arasynda aýdym-sazyny dowam etdiripdir. Amansähet bolsa daýhançylyk bilen meşgullanyberipdir. Ýöne Amansähet aýdym-saz bilenem arasyny üzmändir. Gijelerine pelteli çyrany ýakyp, joşup-joşup saz çalyp, aýdym aýdar eken.
Şeýle günleriň birinde, Amansähet bagşynyň maşgalasynda üçünji ogul perzent dünýä inipdir. Çagajygyň adyna Nobat goýupdyrlar. Nobatjyk emedekläp ugran wagtlary Gurban bagşy dert tapynyp, ýorgan-düşekli ýatan ekeni. Şol mahal emedekläp ýören Nobatjyk ak öýüň töründe duran dutary süýräp, ýorgan-düşekli ýatan Gurban bagşynyň eline getiripdir. Şeýle ýagdaý günüň dowamynda birnäçe gezek gaýtalanypdyr. «Nobatjygy beýleki öýe geçiräýiň, hassa azar bermesin» diýipdirler welin, bu zatlary synlap ýatan Gurban bagşynyň gözleri çygjarypdyr. Şonda Gurban bagşy Amansähedi çagyrdypdyr. Inisini ýanynda oturdyp, maşgalanyň ähli agzasyny çagyryp, Nobatjygyň başyny sypap: «Şu çagada bagşyçylygyň alamatlaryny görýärin. Nobat biziň ýolumyzy dowam etdirjek bagşy bolar» diýip, ol barada çyny bilen alada etmegi inisi Amansähede berk tabşyryp, Nobatjyga ak pata beripdir.
Nobat bagşy garry atasy Akmyrat bagşynyň, onuň ogly Gurban bagşynyň, kakasy Amansähet bagşynyň aýdym-saz ýollaryny örän inçelik bilen öwrenipdir. Nobat bagşy çagalygyndan aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenip, örän ussat sazanda hem bagşy bolup ýetişdi.
1925-nji ýylda Nobat bagşy Aşgabatda türkmen aýdym-sazyny ilkinji nota geçiren Wiktor Uspenskiý bilen duşuşýar. Şonda aýdym-saz öwreniji rus alymy Nobat bagşynyň ukybyna örän uly baha beripdir. Uspenskiý 1928-nji ýylda Moskwada çap edilen «Türkmen sazy» atly kitabynda Nobat bagşa uly baha beripdir. Onuň ýedi ýaşynda kämil bagşy hökmünde ile çykandygyny belläpdir. Nobat bagşy 1926-njy ýylda Mollanepes teatry açylanda onuň aýdym-saz toparynda işläpdir.
1935-nji ýylda türkmen meşhur aýdym-saz ussatlarynyň topary Moskwa ses ýazgysyna gidýärler. Nobat bagşy şol saparda Moskwada «Owadan gelin», «Şirmaýy darak», «Amman-amman» hem öz döreden «Zybagözel» sazyny gramplastinka ýazdyrýar. Şonda Nobat bagşy öz döreden «Zybagözel» sazyny ýüpek kirişli dutarynda çalypdyr. Ol saz Ga- raşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň radiosynyň altyn fondunda saklanýar. Nobat bagşynyň ýüpek kirişli dutarda çalan şol «Zybagözel» sazy häzirki günlerde hem radioýaýlymlar arkaly diňleýjilere ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa» atly kitabynda XX asyrda türkmen aýdym-saz sungatyndaky halypa-şägirtlik däpleriniň täze ösüşe eýe bolandygyny we hil taýdan kämilleşendigini belläp: «1927-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň radiomerkeziniň açylmagy bilen, göni ýaýlymda çykyş etmek üçin ýurduň dürli künjeklerinden bagşy-sazandalar çagyryldy. Paýtagta Sary bagşy, Garly bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Hydyr bagşy, Nobat bagşy, Ýazmuhammet Köse, Oraz salyr we şol döwrüň beýleki görnükli bagşy-sazandalary ýygnandy» diýip, Nobat bagşynyň aýdym-saz sungatynyň ösmegindäki orny barada ýazýar.
1929-njy ýylda Türkmenistanda ilkinji çeperçilik orta hünär mekdebiniň açylandygyny, dutar hünäri boýunça Mylly Täçmyradowyň, dutar we gyjak çalmak boýunça Pürli Saryýewiň, halk aýdymy hünärinden bolsa Garly Ýolamanow bilen Nobat bagşynyň täze okuw mekdebiniň ilkinji mugallymlary bolandygyny belleýär. Şeýlelik bilen Nobat bagşynyň köp sanly şägirtleriniň arasynda dutarda aýdym aýtmagyň bagşyçylyk sungatynyň ýoluny ýöredýän ýene bir şägirt, ýagny ogly Ödenýaz hem peýda bolýar.
Nobat bagşynyň ýoluny dowam eden ogly Ödenýaz Nobatow Türkmenistanyň halk bagşysy derejesine ýetýär. Ol hem öz ata-babalary ýaly örän ussat sazanda hem bagşy bolup ýetişýär.
Türkmen aýdym-saz sungatynyň halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmäge örän giň mümkinçilikleri döreden mähriban hem Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Töre NOBATOW