Taryhy-medeni ýadygärliklere baý mekan


Taryhy-medeni ýadygärliklere baý mekan



Türkmenler iň gadymy halklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar.
Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Medeni ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde taryhy-medeni ýadygärlik toplumlarynyň ençemesi ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul, Merw ýadygärlikler toplumlarynda bina gurmagyň täsin nusgalaryny görmek bolýar. Aýratyn hem Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy bilen akylyňy haýran edýär.
Mundan başga-da, Yzmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly başga-da bimäçe taryhy-medeni binalar Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklere baý mekandygyny subut edýär. Ýadygärlik binalaryň arhitektura gurluşy we ol ýerlerden tapylan tapyndylar biziň ata-babalarymyzyň sowatly, medeniýetli halk bolandygyny doly subut edýär. Şu ýerde ýene-de bir hakykaty aýdyp geçmek ýerlikli bolar. Ol hem her bir taryhy ýadygärlik bilen baglanyşykly ençeme rowaýatlaryň döränligidir. Nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli saklanyp galan ol rowaýatlar geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde diýseň uly ähmiýete eýedir. Ol rowaýatlar hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaplarynda örän gyzykly beýan edilýär.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşendigi sebäpli, onuň üstünden ençeme ýüz ýyllap Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady hem medeni köpri bolmak bilen birlikde, syýasy, ykdysady we medeni babatlarda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda örän uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ençeme galalaryň peýda bolmagyna öz täsirini ýetiripdir. Bu ýoluň Watanymyzyň üstünden geçmegi baý medeni mirasymyzyň we ruhy gymmatlyklarymyzyň pajarlap ösmeginde uly hyzmaty ýerine ýetiripdir.
Türkmenistanda ylmyň ähli pudaklary boýunça yzygiderli geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar gadymy döwürlerde hem «ylmyň ojagy» hasaplanylan Türkmenistany dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwürdi. Gadymy türkmen alymlarynyň, şol sanda nusaýly, merwli, köneürgençli alymlaryň nesillere goýan ylmy-medeni mirasyny öwrenmegiň zerurdygyny milli Liderimiz aýratyn belleýär. Gahryman Arkadagymyz şol ylmy-medeni ojaklarda zähmet çeken, kemala gelen alymlaryň ömrüniň, döredijiliginiň, ylym äleminde ýeten derejeleriniň bu günki ýaş türkmen alymlaryna nusgalyk mekdep bolmalydygyna ünsi çekýär.
Beýik medeniýetiň, ylmyň gadymy mekany bolan ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäni aňk edýän şäher gurluşygy amala aşyrylýar. Taryhyny aýap, geljegini gözellikden bina edýän halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Munuň üçin Türkmenistanyň her bir raýatynyň ýüreginde hormatly Prezidentimize bolan buýsanç bar. Ençeme akyldarlar, alymlardyr ýagşyzadalar ýaşap geçen gadymy türkmen topragyny, türkmeniň şöhratly geçmiş taryhyny düýpli öwrenmek babatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleri üstünliklere beslensin!

Ahmet ULUGBERDIÝEW