Milli aýdym-saz sungatymyzyň ussatlary
Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...» atly ajaýyp eserinde: «Türkmen halkynyň aýdym-saz mirasy köpdürli özboluşly gatlaklaryň we ugurlaryň ajaýyp öwüşgini, aýdym-saz görnüşleriniň we ýerine ýetirijilik usullarynyň täsin sazlaşygy bolup durýar» diýilýär. Halkymyz: «Bagşyly il — bagtly il» diýýär. Nirede bagşy, sazanda köp bolsa, şol ýurt döwletli-döwranlydyr. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan halypa bagşylarymyz bar. Şeýle tanymal, görnükli, ussat halypa bagşylaryň biri hem Türkmenistanyň halk bagşysy Oraznepes Döwletnazarowdyr.
1944-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Bendesen obasynda dünýä inen Oraznepes halypanyň aýdym-saz sungatyna bolan imrinmesi irgözinden başlanýar. Aýdym aýdylyp, saz çalynýan öýde bu ýagdaý täzelik däldi. Daýysy Agamyrat Döwletow Oraznepesiň aýdym-saza höwesiniň bardygyna göz ýetirip, oňa dutar çalmagy, kakuwy nähili kakmalydygyny öwredýär. Agamyrat hem aýdym aýdar eken.
Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi tamamlap, Oraznepes 1957-nji ýylda Aşgabada okuwyny dowam etdirmäge gaýdýar. 1958-nji ýyldan başlap hem Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň aýdym-saz gurnagyna gatnap başlaýar. Ol ýerde şol döwrüň aýdym-saz dünýäsinde ymykly orun alan tejribeli halypa mugallym Bäşim Lallakow Oraznepesiň zehininiň ýitiligini, sesiniň ýakymlydygyny, geljekde sungat äleminde öz ornuny tapyp biljek zehindigini añyp, oňa halypalyk edýär.
1960-njy ýyl Oraznepes halypanyň döredijilikli ömründe ýatdan çykmajak yz goýan ýyl bolýar. Ol oba toýlarynyň birinde Sygan bagşy lakamy bilen meşhur ussat bagşy Orazgeldi Ylýasowa duşýar. Orazgeldi halypa ýaş bagşyny diňläp, onuň sesiniň durulygyna, süýjüligine guwanyp, ony özüne şägirtlige kabul edýär. Orazgeldi halypa: «Aýdýan aýdymyň düýp özenine düşüngin, sözlerini düşnükli edip aýtmaga çalyşgyn, aýdymyň sözlerine görä owaz almagy hem ýatdan çykarmagyn» diýip, şägirdiniň gulagyna hemişe guýup durupdyr.
Oraznepes halypanyň döredijilikli ömründe ýagty yz goýan pursatlaryň biri hem onuň öz dosty, zehinli bagşy Atda Haýdarow bilen bilelikde ussat gyjakçy, Türkmenistanyň halk bagşysy Ata Ablyýew bilen tanşan we döredijilik babatda şägirtlik-halypalyk gatnaşyklarynda bolan pursatlarydyr. Ol milli aýdym-saz sungatynyň ägirtleriniň biri Sahy Jepbarowyň aýdymlaryny tutuşlygyna diýen ýaly ýat bilýän bu ussatdan köp zatlary öwrenýär. Milli aýdym-saz sungatymyzyň uly sütünleriniň didaryny görmek, olar bilen ýüzbe-ýüz bolup, olaryň joşgunly ylhamlaryndan susup almak Oraznepes halypanyň baş arzuwydy. Onuň bu arzuwy hem hasyl bolýar. Ol 1965-nji ýylda Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarow bilen duşuşýar. Ýaş bagşynyň aýdym aýdyşyna halypanyň göwni ýetse-de, agraslyk bilen: «Sen jan edýäň, öz ukybyňy ösdür, oka we köp aýdym öwren, öwren, öwren!» diýip pent edýär.
Orta mekdebi üstünlikli tamamlan Oraznepes Döwletnazarow Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. 1970-nji ýylda unwersiteti üstünlikli tamamlaýar we türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünärini ele alýar, birnäçe ýyllap mugallymçylyk edýär. Ýöne aýdym-saza höwesiniň güýçli bolmagy ony şol döwürdäki Türkmen telewideniýesiniň gapysyndan eltýär. Ilki režissýoryň kömekçisi, soňra sazly gepleşikler redaksiýasynyň aýdym-saz redaktory bolup işleýär. Oraznepes redaktorlyk eden döwründe birnäçe aýdym-sazly gepleşikleri taýýarlaýar. Olardan «Bagşylar gözel ülkäni wasp edýärler», «Perzentden aýran perdeler», «Dessanlardan aýdymlar», «Türkmen nusgawy şahyrlarynyň şygyrlaryna aýdymlar» diýen ýaly gepleşikleri döredýär.
Oraznepes Döwletnazarow 1974-nji ýylda Türkmen radiosynyň Çary Täçmämmedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halk saz gurallary ansamblyna işe girýär. Ol saz ojagyna öwrülen bu uly toparda Çary Täçmämmedow, Tugur Berdinýazow, Garýagdy Alyýew, Ata Ablyýew, Dörtguly Durdyýew, Saparguly Işangulyýew, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akmyrat Çaryýew ýaly ussatlar bilen bile işläp, olardan aýdym-saz öwrenýär we ýerine ýetirijiligini kämilleşdirýär. Halypa ansamblda işlän döwürleri ýurdumyzyň dürli ýerlerinde çykyş edip, diňleýjileriň alkyşyny alýar. Wagtyň geçmegi bilen, halypanyň ýakymly owazy Moskwa, Daşkent ýaly şäherlerde, Eýran Yslam Respublikasy, Türkiýe, Daniýa ýaly ýurtlarda ýaňlanyp, saz muşdaklary tarapyndan el çarpylyp garşylanýar. Oraznepes Döwletnazarowa 1981-nji ýylda türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylýar. 2006-njy ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.
Oraznepes Döwletnazarow 1989-njy ýylda şol döwürdäki Gara Seýitliýew adyndaky Türkmen döwlet sungat institutynda açylan bagşyçylyk bölüminde halypa bagşy mugallym bolup işläp başlaýar. Bu ýerde ol Parahat Şyhymow, Kyýas Durdyýew, Aýtäç Dawudowa, Abdykerim Ilmedow, Hanbeg Nurtaganow, Wepa Bäbekow, Gurbangylyç Nurgylyjow, Umyt Mustakow, Kerwen Ýowbasarow, Kuwwatberdi Mededow, Allaguly Nurmyradow, Myratdurdy Hajyýew, Döwlet Baýramgulyýew, Tawus Annamyradowa ýaly şu günki gün özleri halypalyga ýetişen bagşy-sazandalary ýetişdirýär.
Halypanyň aýdan aýdymlarynyň sany 400-e ýakyndyr. Ol aýdymlary aýdanda, süýji labyzly, düşnükli aýdýar. «Bedew», «Zelil göwnüm», «Amman-am¬man», «Meşrep», «Yrakda durma» ýaly aýdymlary aýdanda, onuň baş halypalary Sahy Jepbarowyň, Orazgeldi Ylýasowyň ýerine ýetirijiliklerinden ugur alandygyna göz ýetirmek bolýar. Ol «Bedew» aýdymyny iň pes çeküwde aýdyp başlap, «Teşnide», «Balsaýada» çenli dutary ikinji oktawanyň do sesine çenli çekip aýdyp bilýän bagşydyr. Halk aýdymlaryny sünnäläp aýdyşy ýaly, häzirki zaman türkmen aýdymlaryny-da uly joşgun bilen ýerine ýetirýär. Mukamçy kompozitorlarymyzyň köpüsiniň döreden eserlerini ilkinji bolup ýerine ýetirýän bagşylaryň biridir. Ussat mukamçy kompozitor Ata Ablyýewiň şahyrlar Magtymguly Myşşyýewiň sözlerine döreden «Garrylar gerek», Geldi Bäşiýewiň sözlerine döreden «Käkilik», Sapar Öräýewiň sözlerine döreden «Gyzlaryň» ýaly aýdymlary halypanyň uly hyjuwlylyk, ussatlyk, süýjülik bilen aýtmagy bilen diňleýjilere ýetirildi.
Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň döreden aýdymlarynyň köpüsini ilkinji bolup ýerine ýetiren Oraznepes Döwletnazarowdyr. «Dutarym», «Dag jerenleri», «Çeşmeler», «Durnalar» we beýleki belli aýdymlary Oraznepes bagşynyň aýtmagynda ýaňlanyp başlapdy. Ussadyň öz ylhamyndan dörän «Daglarda», «Türkmeniň», «Nurly baýdagym», «Abat galsyn», «Mylly aganyň sazynda» ýaly aýdym-saz eserleri diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyk gazanyp, bagşylar, aýdymçylar tarapyndan ürç edilip aýdylýan aýdymlara, çalynýan sazlara öwrüldi.
Bagşy häzirki döwürde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aýdym-saz mugallymy bolup işleýär. Türkmen halk aýdymlaryny, şeýle hem mukamçy kompozitorlaryň aýdymlaryny ýerine ýetirmegiň tilsimlerini ýaş nesle öwredýär.
Aýtäç MEDEDOWA