Kökli işim-görkli işim
Halkymyzda nesillere guwanmak, buýsanmak bilen «Kökleriňiz alyslara ýaýrasyn!» diýen aýtgy ýörgünli. Türkmen zenanlary öz döredýän nagyşlarynyň asyl nusgalaryny durmuşda duş gelýän täsinliklerden, tebigat gözelliklerinden susup alyp, şekilleri mata ýüzüne geçirip, kök atypdyrlar, soň kök üstünden ilme sanjypdyrlar. Ol halkanyň yzly-yzyna bir-biriniň içinden alnyp, sykja, ýagny ýygyja sanjylyp özleşdirilmegidir. Nagyş näçe ýygjam, syk sanjylyp tikilse, şonçada ýylmançak bolýar.
Ene-mamalarymyz «Köküm bar — görküm bar», «Kökli işim — görkli işim», «Kökli daragtym — görkli daragtym» hem diýipdirler. Her daragtyň öz kökünden görk alşy ýaly, tikiniň owadanlygy, gözelligi kökünden, sanjymynyň ýylmanaklygyndan, tikilişinden bellidir. Ilme, kök atma, köjüme, keşde, basma, gaýma, depjeme, ýörmeme, ildirme, yrgy ýaly tikinleriň hersiniň öz ulanylýan ýerleri bolýar. Kök atma tikini önümler taslananda, nagyşlaryň ýeri alnanda, egin-eşikler tikilende, bürjeme, ýörmeme tikinleri sökülýän önümleriň gyralaryny işläp bejermekde, depjeme (köküň ownuk sanjymy) önüm tikilende, keşde, basma, gaýma, alaja, çyraz, ilme, yrgy tikinleri ýaka, tahýa bejerilende has giňden ulanylýar.
Kökli işlere zenanlar «Köklenen iş kösemez» diýýärler. Tikin işine has ökdelän zenanlar nagyşlaryň ýerlerini gyradeň ölçegde alyp, köksüz tikmegi hem başarypdyrlar. Olar kökli tikine «Kök öwrenjäniňki» hem diýipdirler. Ene-mamalarymyz nagyşlaryň nusgalaryny tebigat gözelliklerinden alypdyrlar. Täsin öwüşginli owadan nagyşlara zenanlaryň yhlasy, irginsiz zähmeti siňendir.
Dag goçlarynyň şahlaryna meňzedilip döredilen «Goçak» nagşynyň birnäçe görnüşleri bar. Olar «Goçak», «Gök goçak», «Tawus goçak», «Gaz goçak», «Kürte goçak», «Hindi goçak» we beýlekilerdir. Bular barada zenanlar el işini edip otyrkalar şeýle hiňlenipdirler:
«Hindi goçak», «Tawus goçak», «Gaz goçak»,
Neneň size gyýa-gyýa bakmajak?!».
Hawa, zenanlaryň döreden owadan keşde-nagyşlarynyň waspy dillerimizde aýdym bolup, gazal bolup ýaňlanýar.
Zenanlaryň el hünäri — sungaty, Gözbaşyny gadymlardan alypdyr. Şekilleriň owadany saýlanyp, Gelin-gyzlar nagyşlara salypdyr.
Gözelleň döreden nepis sungaty, Basma, gaýma, köjüme hem ilmesi. Keşdeleri asyrlarda aýalyp, Zenanlaň ezizläp, alna sylmasy.
Gurbangül ESENOWA