Danalardan dürdäneler
Suratkeşlik takyk sungatdyr, ol hakykatdan hem bar bolan zatlary şekillendirýär. Ol tebigatyň dilidir, göze görünýän dünýäniň dilidir.
Gýuwstaw Kurbe, fransuz suratkeşibr>
Suratkeşlik tebigat bilen jedelleşýär hem-de bäsleşýär.
Leonardo da Winçi, italýan suratkeşi we alymy
Suratkeşlik gabanjaňdyr we ynsanyň tutuş özüne degişli bolmagyny talap edýär.
Wionarroti Mikelanželo, italýan heýkeltaraşy, suratkeşi we şahyry
Dogabitdi zehiniň bolmazdan, suratkeşlige baş goşmak tohumy tolkunlara sepen ýalydyr.
Paolo Weroneze, italýan suratkeşi
Mesele surat çekmegi öwrenmekde däl-de, eýsem pikirlenmegi öwrenmekdedir.
Stendal (Anri Mari Beýl), fransuz ýazyjysy
Ussat suratkeş hakykaty gözellik bilen sepleşdirmelidir.
Lion Feýhtwagner, nemes ýazyjysy
Bir owadan zenanyň suratyny çekmek üçin meniň telim gözeli görmegim gerek.
Santi Rafael, italýan suratkeşi
Suratkeşlik juda çylşyrymly sungatdyr.
Deni Didro, fransuz filosofy
Şahsyň elde çekilen suraty eser bolmalydyr hem-de ýüzüň häsiýetini bermelidir.
Ilýa Repin, rus suratkeşibr