Üme-edep mekdebi
Taryhymyza nazar aýlanyňda, ähli döwürlerde nesil terbiýesiniň esasy orunda goýlandygyna göz ýetirýärsiň. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip, gory altynly hazyna kimin öwşün atýan bu asylly ýörelgelerimiz köpöwüşginli milli miraslarymyzyň özenini düzýär. Däp-dessurlarymyza siňen edep dürdänelerinde ýaş gyzlaryň köpçülikde özüni alyp barmagy babatdaky terbiýä uly üns berilýär. Gelin-gyzlarymyza mahsus üme dessurynda hem zenan terbiýesiniň bu özboluşly görnüşi ussatlyk bilen açylýar.
Üme türkmen halkynyň däp-dessuryndan gözbaş alyp, barha kämilleşen we aýratyn bir sungat derejesine göterilen gymmatlykdyr. Üme gelin-gyzlarymyzyň bir ýere üýşüp, jem bolup, bir-birege kömek edýän, bir-birege öz hünärlerini görkezýän, öz dünýäsini açýan, şeýlede bir-birege görelde bolýan ýeri bolupdyr. Türkmen durmuşynda gelnejeleriň baldyzlaryna, uly gyzlaryň özlerinden kiçi gyzlara görelde bolmak ýaly gündelik durmuşa ornaşan edep kadalary hem bu dessurda giň beýanyny tapypdyr. Ümä üýşen gyzlar enelerimiziň asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren maşgala mukaddesligi, edep kadalary, terbiýe mekdebi, milli sungatyň özboluşlylygy bilen ýüzbe-ýüz bolupdyrlar.
Ümede ýaş gyzlara özleriniň boýdaşlaryndan ýa-da gelnejelerinden durmuşda özüňi alyp barmagyň ýollaryny, edep kadalaryny öwrenmäge giň mümkinçilik açylypdyr. Oňa öz doganlarynyň, gelnejeleriniň ýany bilen gelen körpeje gyzlar iňňe tutmagyň, sapak sapmagyň ilkinji mekdebini geçipdirler. Şeýle hem ýaş gyzlar keşde çekmek, gaýma gaýamak, köýnek, don tikmek, biçmek, gülli jorap örmek, ýorgan-düşek tikmek ýaly zatlary hut şu ýerde birek-birekden öwrenipdirler. El işleriniň inçelikleri, olara ýürekden yhlas etmegiň ýollary bilen tanşypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen olar bu el hünärlerini doly ele alyp, il arasynda «eli hünärli», «edenini oňarýar», «başyna baran işiniň ussady» diýen ýaly, ýakymly öwgülere mynasyp bolupdyrlar.
Ümä ýygnanan gelin-gyzlara baş bolup durmuş tejribesi ýetik, hormat- sylagly eneler hem gatnaşypdyrlar. Olar keşde çekýän gyzlara ýüpek sapaklary işmegiň inçe syrlaryny öwredipdirler, olaryň çekýän keşdeleriniň döreýşini, bular babatdaky rowaýatlary gürrüň beripdirler. Olaryň süýjedip berýän gürrüňleri ýaş gyzlarda el hünärine söýgini kämilleşdiripdir, olaryň geljekde öz el hünärlerini nesillere miras goýmagy babatdaky jogapkärçiligi berkidipdir.
Ümede ýorgan çekýän gelin-gyzlara maşgala mukaddesliginiň beýany hökmünde ýorganyň çüňküne dagdanjyklaryň tikilýändigi öwredilipdir. Munuň täze maşgalanyň gözden-dilden goragly bolmagy, ýaş maşgalanyň köpelip, şaha ýaýradyp gitmegi ýaly ýagşy isleg-arzuwlar bilen baglydygy düşündirilipdir. Ýorganyň ýüzündäki çekimler näçe gür bolsa, onuň maşgalanyň jebisligine, bir-birine ýakynlygyna täsir edýändigi baradaky ynançlar hakynda gürrüň edipdirler. Bu eýýäm milli mirasymyzyň nesilleriň aň-düşünjesine ornaşmagyna özboluşly täsir edipdir.
Üme dessurynyň dowamynda ene-mamalarymyzyň ynsany ajaýyp görkezýän zatlaryň biriniň hünärli bolmakdygy baradaky asylly ýörelgeleri açylýar. Bu gowy hünäriň ynsanyň ýüregine nur, kalbyna gözellik, on barmagyna dür çaýýandygy baradaky gymmatly pikirleriniň beýanydyr. Eneler ümäniň dowamynda owal-ahyrda halkymyzyň el işine ussat gelin-gyzlaryny taryplandyklaryny aýdyp, eli hünärsizlerden hiç kimiň göwnüniň suw içmeýändigini ýaşlaryň aňyna guýupdyrlar.
Ümede gyzlar, ýaş gelinler ellerine, gözlerine dynç bermek üçin läle kakypdyrlar, aýdyma hiňlenipdirler, monjugatdy ýaly dürli milli oýunlary oýnapdyrlar. Şeýdip, olaryň sungat dünýäsindäki kämillikleride şol ýerde ýüze çykypdyr. Bu zatlar müňýyllyklaryň dowamynda aňda öwran-öwran gaýtalanyp, barha kämilleşipdir. Şu nukdaýnazardan seretsek, üme halk döredijiliginiň dürli ugurlaryny öz içine alýan aýratyn bir görelde mekdebi bolup görünýär.
Ýaşlaryň aňyna guýulýan bu paýhas dürdäneleriniň hem edil topraga sepilen tohumyň ene ýeri ýaryp çykyp, ýapragy, güli, ajaýyp miwesi bilen göwünleri dokundyryşy ýaly, kalplary görklendirýändigini şu günlerem görmek bolýar. Munuň üçin uzaga nazar aýlamagyň zerurlygam ýokdur. Dabarasy uludan tutulýan toý-baýramlarymyzda gyz-gelinlerimiziň el hünärine dünýe haýran galýar. Sünnälenen keşdeli ýakalar, nepislige eýlenen basmaly donlar, al-elwan öwüsýän joraplar, älemgoşar mysaly lowurdaýan keteni matalar gelin-gyzlarymyzyň el hünäri, ukyp-başarnygy, kesp-käri. Bular biziň mähriban enelerimiziň gözüniň görejine, ýüzüniň tuwagyna deňän gyzlaryna goýan gymmatly serpaýy. Olary häzirki günler synlanyňdada enelerimiziň eliniň yzyny görýärsiň, jadylaýjy ene mährine çoýunýarsyň, bagtlylygy öz nesillerine bagyş eden ene gaýratyna sataşýarsyň. Şonda kalplary lezzetli pursatlar bilen baýlaşdyrýan el hünäriniň kämillik ýolundadygynyň ýene bir gezek şaýady bolýarsyň. Bu datly pursatlaryň biziň alnymyzdan çykandygyna, biziň ykbalymyza nur çaýýandygyna buýsanýarsyň.
Altyn HYDYROWA