Sagdyn ýaşamagyň talaplary
Sagdyn iýmitlenmek — beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň, doly bahaly ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar — fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik alýarlar.
Hereketsiz, oturymly ýaşaýyş düzgüni we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deň agramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Onda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoporozyna, ýürek-damar, kelle-beýni keselleriniň, süýjüli diabetiň we howply täze döremeleriň käbir görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Lukmanlar günüň dowamynda 30 minut işjeň türgenleşmekligi maslahat berýärler. Her gün bary-ýogy 30 minut işjeň türgenleşik adamyň saglyk ýagdaýynyň düýpli berkemegine kömek edýär. Islege görä muny 10 — 15 minutdan iki-üç gezege bölmek hem bolýar. Ilkinji türgenleşigi bedene agram salmaz ýaly, gezim etmekden başlamaly. Ondan soňra kem-kemden tiz ýöremeklige, ylgamaklyga, çekilmek-ýazylmak maşklaryna uýgunlaşmaly.
Sagdyn iýmitlenmegiň hem öz düzgünleri bar. Esasy düzgünleriň biri-de kabul edilýän iýmitiň dürli görnüşli bolmagydyr. Mallardan alynýan önümlere garanyňda, gök-bakja we miweli önümlere has köp üns bermeli. Gök önümler hem dürli-dürli bolmaly. Sebäbi iýmitiň ýeke biri adamyň bedeni üçin gerek bolan ähli maddalar bilen üpjün edip bilmeýär. Mysal üçin, ýeralma bedeni C witamini bilen üpjün edýär, ýöne demir bilen bagly zerurlygy ýerine ýetirip bilmeýär. Onuň tersine, däneli önümler demre baý, ýöne olaryň düzüminde C witamini ýokdur.
Adamlarda çörek bilen ýeralmanyň beýleki iýmit önümlerine garanyňda basym semredýändigi barada düşünje bar. Şeýle hem bolsa, iýmitiň esasy bölegini çörek, makaronly önümler, tüwi we ýeralma tutmaly. Olaryň düzüminde ýag az bolup, ýokumly maddalar köpdür. Günüň dowamynda birnäçe gezek gök we miweli önümleri iýmeli, esasan-da, ter görnüşinde 400 gramdan az bolmadyk mukdarda peýdalanmaly. Ösümliklerdir ot-çöpleriň düzümi hem ýokumly, işjeň maddalara baýdyr. Ata-babalarymyz dermanlyk ot-çöpleri guradyp, däri-derman hökmünde ulanypdyrlar.
Adamlar nädogry iýmitlenen ýagdaýynda ganazlyk keseli ýüze çykyp bilýär. Ol demriň we beýleki ýokumly mikroelementleriň ýetmezçiligi netijesinde döreýär. Nahary duzly iýmeklik dogry hasaplanmaýar. Günüň dowamynda adam başyna ulanylýan duzuň möçberi 1 çaý çemçesinden (6 gram) köp bolmaly däldir.
Naharyň taýýarlanylyşy we saklanyşy bilen bagly düzgünleri ýerine ýetirmek wajypdyr. Şu aşakdaky ýaly ýagdaýlar dürli keselleriň döremegine we ýaýramagyna getirip biler:
— iýmitiň iýiljek wagtyndan has öň taýýarlanyp, gaplanyp goýulmagy;
— uzak wagtlap ulanylman saklanmagy;
— ýeterlik gyzdyrylmazlygy.
Nahary gowrup bişirilenden, gaýnadyp ýa-da buglap iýilse, saglyk üçin has ýokumlydyr.
Dogry iýmitlenmek we ýaramaz endiklerden daşda durmak saglygyň girewidir.
Güljan ATAJANOWA