Senediň sarpasy


Senediň sarpasy



Saýra, dutar, bagtyýarlyk nagmasy,
Türkmen sazy-agzybirlik sazydyr.
Alnymyzda ak ýollaryň şuglasy,
Türkmen sazy-abadanlyk sazydyr.

Geçmişi şöhratly, aýdyň ertesi,
Jadylydyr her owazy, her sesi.
Şabram şelpeleriň şirwan perdesi,
Türkmen sazy-bagtyýarlyk sazydyr.

Şükür bagşyň saýrap duran senedi,
Dutarynda mukamlaryň seresi,
Owazyna illeň göwün bereni,
Türkmen sazy-parahatlyk sazydyr.

Dünýä çykýar hoşniýetli ýol bolup,
Arşa çykýar şöhrat bolup, şan bolup,
Sungat äleminde hoş owaz bolup,
Türkmen sazy-dost, doganlyk sazydyr.

Göwün ganatlanar arşyň deňinde,
Dutar-gyjak nagmasynda, heňinde.
Bu sungata sarpa artar seriňde,
Türkmen sazy-mähribanlyk sazydyr.

Arkadagyň belent pähim-paýhasy,
Parla, bu gün parahatlyk baýdagy!
Medeniýetiň hem sungatyň baýramy-
Türkmen sazy-erkanalyk sazydyr.

Watanmyzda toýlar gelýär goşadan,
Buýsanyplar gelýär has-da joşasyň.
Gahryman Arkadag uzak ýaşasyn!
Türkmen sazy-bagtyýarlyk sazydyr.

Akmyrat REJEBOW