GÖWÜNLERI GALKYNDYRÝAN ŞÄHER
(Döwletmämmet Azadynyň adynyň kitaphana dakylmagy hem biz kitaphanaçylaryň göwnüni galkyndyrdy)
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, peder dowamaty Arkadagly Serdarymyzyň şol başlangyçlary üstünlikli dowam etdirmegi bilen ýurdumyz ähli ugurlar boýunça beýik ösüşlere beslenýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz “Kitap – adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär” diýip, örän jaýdar belläp geçýär.
Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde kitaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kitap neşir etmegi kämilleşdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Arkadag şäherinde ýerleşýän täze kitaphananyň açylyp ulanylmaga berilmegi, ol kitaphana nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy hem biz kitaphanaçylaryň göwnüni galkyndyrdy, mukaddes kärimize bolan söýgimizi, yhlasymyzy has-da artdyrdy. Döredijiliginde ynsanperwerligi, agzybirligi, adalatlylygy, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran , meşhur “Wagzy-Azat” eserini döreden akyldar şahyryň adynyň mukaddes ojak hasaplanýan kitaphana dakylmagy kitaba hormat goýýan türkmen hakymyz üçin buýsandyryjy, guwandyryjy waka boldy.
Ýaşlara Watanymyzyň şöhratly taryhyny, halkymyzyň arassa akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan, müňýyllyklaryň şöhratly taryhynda ençeme tejribeleriň, synaglaryň netijesinde kemala gelen medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamagy, durmuşda olardan dogry peýdalanmagy öwretmekde we olary milli ruhda terbiýelemekde dana atamyz Döwletmämmet Azadynyň öwüt-nesihat häsiýetli “Wagzy-Azat” eseri uly ähmiýete eýedir. Bu eserde ösüp gelýän ýaş nesliň watançy, kämil, berk bedenli, edep-ekramly, zähmetsöýer şahsyýet bolup ýetişmeginde ata-enäniň we ulularyň göreldesi, olaryň borç-wezipeleri barada pikir ýöredilýär, degişli ýol-ýörelgeler, maslahatlar beýan edilýär. Hut şonuň üçin hem Arkadag şäherinde ýerleşýän kitaphananyň adyna Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy uly many-mazmuna eýedir.
Döwletmämmet Azadynyň ogly hem şägirdi Magtymguly atamyzyň her bir sözi jana ýakymly, ýürege ýakyn, terbiýe mekdebi. Parasatly şahyryň şygyrlarynyň birnäçesinde kitap bilen baglanyşykly sözlere hem köp duş gelmek bolýar. Pyragy “Kitap” diýlen beýik taglyma sarpa, hormat goýýar, tagzym edýär. Beýik akyldar şahyrymyz özüniň ýaşan döwrüniň kynçylygyna garamazdan dünýä akyl ýetirmek üçin ylmyň dürli ugurlaryna degişli kitaplaryň gatyny açandygyna, köp okap welilik derejä ýetendigine, öňdengörüjilik we ylahy duýgysynyň bardygyna biz ajaýyp setirleriň üsti bilen akyl ýetirýäris.
Ýaş nesilleri terbiýelemekde çagalarda kitap okamaga bolan höwesi döretmegiň ähmiýeti diýseň uludyr. Kitap edil ata-ene, terbiýeçi, mugallym ýaly terbiýe berýär. Kitaby okap, onuň many-mazmununa göz ýetirip bilýän çaganyň gözýetimi giňeýär, ýagşyny-ýamany saýgarmagy başarýar, adamkärçilik häsiýetleri, dil baýlygy ösýär, kämilleşýär.
Ýaňy-ýakynda “akylly” Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň öňüsyrasynda bu ajaýyp şäher hakynda “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitabyň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň çap edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy ähli tükmen halkymyzy, kitap söýüji ýaşlary tüýs ýürekden begendirdi, buýsandyrdy. “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitapda Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, gurluşyk aýratynlyklary bölümleriň üsti bilen giňişleýin beýan edilýär. Geljegiň şäheriniň aýratynlyklaryny çeper beýan edýän bu ajaýyp eser aýratyn-da geljegiň eýeleri bolan ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Nesip bolsa çagalar kitaphanamyzyň höwesjeň okyjylaryny, kitap söýüjilerini “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitabyň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň many-mazmuny bilen has ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen tanyşdyrylyş duşuşyklaryny yzygiderli geçireris.
Goý, türkmen halkynyň kitaba bolan çäksiz söýgüsi nesillerimiziň mukaddes ýörelgelerine öwrülsin. Şol mukaddes ýörelgeleri dowam etdirmäge giň ýol açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň, rowana ýollarda peder dowamatyny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!