ELEKTRON KITAPHANA — DÖWREBAPLYK
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna görä guramagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi tabşyrdy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz kitaphanalarda elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, bu ugurda işleri mundan beýläk-de sanly ulgama geçirmek, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kitaphanalaryna usulyýet kömegini hem-de ylmy maslahatlary bermek meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar.
Medeniýet ulgamynyň aýratyn ugry bolan kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek we bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme kararlar, maksatnamalar kabul edildi. Bu babatda 2017-nji ýylda «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi kitaphana işini has-da kämilleşdirmekde we döwrebaplaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň kitaphana işini kämilleşdirmek babatda alyp barýan parasatly başlangyçlaryndan ugur alyp, ýaş nesli bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, hoşniýetlilik, watançylyk duýgularyny oýarmakda, kitabyň jemgyýetiň durmuşyndaky eýeleýän orny bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işlerini alyp barmakda kitaphanaçylara uly jogapkärçilik degişlidir. Ýurdumyzda elektron kitaphana ulgamyny ösdürmek, bu ugurda dünýä tejribesiniň gazananlaryndan peýdalanmak aýratyn ähmiýete eýedir.
Bilşimiz ýaly, XXI asyr sanly ulgamyň giň gerimde ýaýbaň¬landyrylýan asyryna öwrüldi. Bu özgerişlikler kitap äleminden hem daşda galmady. Elektron kitaphana ulgamynyň esasy aýratynlyklary ol ýa-da beýleki habarlara hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna köpugurly çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Elektron kitaplaryň köpçülikleýin ýaýramagy bilen, olary belli bir maglumat binýadynda saklamagyň hem zerurlygy ýüze çykdy. Maglumat binýadynyň döredilmegi okyjylar üçin amatly bolup, olar islän kitabyny az wagtyň dowamynda tapmaga mümkinçilik alýarlar. Resminamalaryň köpüsi bilen birbada tanyşmaga, köp sanly maglumatlarda köpugurly gözlegi amala aşyryp, gysga wagtda iň degerlisini saýlamaga şert döredýär. Sözüň doly manysynda, elektron kitaphanalaryň ösmegi, edebiýat gorunyň köpelmegi, ilkinji nobatda, kitaphana işiniň elektron görnüşe geçmegini guramak hem-de onuň ulanyjylar köpçüligine barha giň ýaýramagy bilen amala aşýar. Bu babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň barha giň gerime eýe bolýandygy has-da guwandyryjydyr.
Maýa Akmämmedowa