Ömür menzillerinde


Ömür menzillerinde

Bir döwür kakam (Myrat däde) Weli kakanyň ogly Abdylla däde bilen bileräk onuň goýnuny bakypdyr. Mekdebe barmandygy üçin, Abdylla däde oňa barmagy bilen çägäniň ýüzüne adyny — «Myrat» sözüni ýazmagy öwredipdir.

Esenguly etrabynyň Alaňňyrtly obasynda ýaýlada oturýarkak, goňşy Bugdaýly obasyndaky 8-nji orta mekdebe 1-nji synpa okuwa bardym. Onsoň men kakamy «okadyp», oňa kagyza adyny ýazmagy öwretdim. Sebäbi ol nebitçilikde işçi bolup işläp başlapdy. Aýlyk mahaly gol çekmeli bolýardy.

Şeýdip, monça bolup, begenip öwredip ýörkäm, ol käte «Myrat» sözündäki baş harpyň ýerini çalyşýardy. Bäş harpy welin sypdyrman ýazýardy.

Bir gezek ýene harplaryň ýerini çalyşdy.

— Kaka, harplaryň ýerini çalyşdyň! — diýdim.

— Zyýany ýok — diýdi: — Bäş harp bolsa, bolar şol. Goly barlaýanlar bizden sowatlydyrlar-a, özleri ýerbe-ýer goýarlar. Sen bir maňa 5-lik goý!

Ömrümiň köp bölegini bagyşlan metbugat işimde-de, mugallymçylyk edýän häzirki döwrümde-de kärdeşlerimdir başga kimdir biri tötänlikden ýa-da ünssüzlikden giden ownuk bir ýalňyşymy görende, uly bir ýalňyşlyk tapan ýaly boluberse, birhili, ýylgyranymy duýman galýaryn. Şonda Alaňňyrtly obasynda ýaýlada oturýarkak bolan şol waka — 5-likli gürrüň ýadyma düşýär.

Seýitmämmet HYDYROW,

Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesindäki 10-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.