«Aýgytly ädim» kinofilminiň sazy


«Aýgytly ädim» kinofilminiň sazy



Türkmenistanyň saz sungaty ösüşiň ep-esli ýoluny geçdi. Kompozitorçylyk mekdebi dünýä ýüzünde özüniň ykrar edilmegini gazandy. Türkmen kompozitorlary aýdymdan başlap, sahna eserleri bolan opera we balete çenli professional saz žanrlarynyň hemmesini özleşdirdiler.
Kinematografiýadaky ilkinji tejiribesi kompozitoryň ilkinji üstünligini kesgitledi. 1964-nji ýylda Frunzede bolup geçen Orta Aziýada kinematografistleriň bäsleşiginde eminler kompozitora «Şükür bagşy» filmine ýazan sazy üçin «iň gowy saz üçin diplomy» gowşurdy. Onuň sazy filmiň ýüregine öwrüldi, sýužetiň özenine girdi, dutaryň täsin owazy tomaşaçylary haýrana goýdy.
Eminleriň agzasy Çingiz Aýtmatow filme baha bermek bilen şeýle ýazypdyr: «Eger kompozitoryň sazy bolmadyk bolsa, film şeýle şowly çykmazdy. Bu «oýlanyp tapylmadyk» saz türkmen halkynyň saz medeniýetine şöhrat getirýär».
Türkmen Kinematografiýasynyň soňky üstünlikleri hem Nury Halmämmedowyň sazy bilen baglanyşykly boldy. Onuň zehininiň käbir alamatlary kino bilen sazlaşykly bolup çykdy. Bular sazda belli bir ýagdaýlary takyk şekillendirmegi başarmak ukyby we hereketiň içki dinamikasyny özüniň bütin köpdürliliginde we gapma-garşylyklylygynda duýmaga mümkinçilik berýän, seýrek duş gelýän görnüşi üýtgetmeklige bolan artistlik zehindir.
Kinodaky işi barada kompozitoryň özi şeýle gürrüň berýär: «Kinoda işlemek meni özüne çekýär. Ol ýa-da beýleki keşbi doly açyp görkezmekde sazyň nähili wajypdygyna gowy düşünýärin. Şonuň üçin hem režissýor Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädim» filmi üçin saz ýazyp bermek baradaky teklibini şatlyk bilen kabul etdim» diýip belleýär.
Kompozitor hakykatdanam öz bezän filmleriniň awtory boldy. Iki seriýaly epopeýa bolan «Aýgytly ädim» bolsa, S.Eýzenşteýniň – S.Prokofýewiň «Aleksandr Newskisi» ýaly, režissýor tarapyndan taýýar partitura (orkestr, hor üçin ýazylan saz eseriniň bitewi toplumy) boýunça aýry-aýry sahnalar görnüşinde surata alnypdyr. Filmiň gutarnykly wariantynda bir ýarym sagat töweregi saz bar – filmiň tas ýarysy diýen ýaly.
«Aýgytly ädim» epopeýasyny ilkinji nobatda adam şahsyýetine, onuň ykbalyna üns bermeklik tapawutlandyrýar. Filmde romany ýazan Berdi Kerbabaýew üçin ähmiýetli bolan ejirleriň we hasratlaryň üsti bilen öz güýjüne we ykbalyna eýe bolan aşyk-magşuklaryň durmuşy suratlandyrylypdyr.
Bu filmde «Hüwdi» aýdymy wajyp orny eýeleýär. Çaga bolan söýgi, hamala, agyr we gapma-garşylykly hakykata gapma-garşy goýulan ýaly bolýar. Onuň garmoniki diliň owadanlygy, sazyň ýönekeýligi we kalba ýakynlygy, orkestr serişdeleriniň nepisligi başdan geçirilen hadysalardan soň ýylylygyň we aram tapmaklygyň atmosferasyny döredýär. Çaganyň jadyly, täsin dünýäsini suratlandyrmak üçin Nury Halmämmedow owadan orkestr serişdelerini girizýär: fleýtalaryň trelleri, arfanyň passažlary, kirişlileriň oktawalaýyn öwüşginleri, üçburçlugyň girizilmegi we beýleki serişdeler degişli bolup durýar.
Aýnanyň hüwdisi diňe bir kinofilmde däl, eýsem Nury Halmämmedowyň tutuş döredijilginde ýürege ýakyn sahypalaryň biridir. Hüwdi Güljan Hümmedowanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanmak bilen, dessine diňleýjileriň söýgüsini gazandy we şu wagtlara çenli belli türkmen aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Aýnanyň balladasynda Nury Halmämmedow üflenip çalynýan agaç we kirişli saz gurallaryny hem goşmak bilen bir hatarda, orkestiriň doly düzümini ulanypdyr. Saz gurallarynyň her topary gahrymanyň içki duýgularyny we howsalasyny örän owadan we täsirli suratlandyrypdyr.
«Aýna» aýdymyny filmiň baş gahrymany bolup, ony Artyk ýerine ýetirýär. Ol bu aýdymy söýgülisine bagyş edýär, öz duýgularyny beýan edýär. Artygyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow janlandyrdy. Aýdogdy Gurbanowyň ýerine ýetirmegindäki aýdym bolsa, ilkinji gezek ýaňlanan badyna tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.
Eger, halk sazlarynyň girizilmegi sazly fon hökmünde ulanylýan bolsa, onda awtoryň sazy wajyp dramaturgiki wezipeleri ýerine ýetirýär: bular Artygyň we Aýnanyň keşpleriniň bolup geçýän hadysalaryň häsiýetnamalarydyr.
Umuman, kompozitor keşbi gaýtalanmajak we şahsy taýdan açyp görkezmegi, ekranda bolup geçýän hadysalary saz bilen bezemegi başarypdyr. «Aýgytly ädim» filmi türkmen kinosynyň milli äheňde surata düşürilen naýbaşy eserleriniň biridir. Kino sazynyň nusgalary hem uly üstünlige eýe boldy.

Çynar GURBANOW