Gyz Bukjasynyň Bezegi


Gyz Bukjasynyň Bezegi



Türkmen halkynyň uzak taryhyndan habar berýän, ene-mamalarymyzdan miras galan dürli el işleri gyz-gelinlerimize nusgalyk bolup dowam edip gelýär. Gyz-gelinlerimiziň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň hünärinden dörän el işleri türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen onuň kalbyna gözellik çaýýar.

Gadymy döwürlerden bäri hem jorap örmek sungaty gyzlaryň her biriniň çagalykdan öwrenýän hünäri bolupdyr. Olar ajaýyp el işlerini gyz-gelinleriň üýşýän ýeri bolan ümelere, güzer başyna, jorasyna görme-görşe baranda-da ýanlary bilen alyp gidipdirler. Gyzlar el işlerini öwrenmeklige heniz çagaka başlapdyrlar. Ene-mamalarymyz gyza eliniň işliligi, el hünäri boýunça baha beripdirler. Türkmen halk döredijiligindäki lälelerde, monjugatdylarda, öleňlerde, hüwdülerde, dessanlarda ýa-da ertekilerde gyzlaryň işeňňirligi, «elinden dür dökülýän» maşgaladygyny suratlandyranlarynda eli çeperligini delil getiripdirler. «Sag elinde synnysy, sol elinde gaýçysy» diýip, nakyllaryň üsti bilen hem gyz-gelinleriň iş başarnygyny beýan edipdirler.

Jorap örmek sungaty hem gadymdan galan el işleriniň biri bolup, irginsiz zähmeti, ünslüligi talap edýär. Haly dokamakda synny, gaýçy, darak, keser ýaly zähmet gurallarynyň gerek bolşy ýaly, jorap örmek sungatynda-da çişler ulanylýar. Çişler XVIII-XIX asyrlarda tut, alma agajyndan ýasalypdyr. Häzirki wagtda ulanylýan demir çişler bolsa, 1920-1925-nji ýyllardan soň ýüze çykyp başlapdyr. Ir döwürlerde jorap örmek üçin saryja goýnuň ak, gara ýüňleri peýdalanylypdyr. Soň bolsa ýüňler dürli ot-çöplerden alnan boýaglar bilen boýalypdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda dokmaçylarymyzyň öndürýän dürli görnüşli ýüpekleri ulanylyp, gyz-gelinlerimiz bäş çişiň kömegi bilen uşajyk halkajyklardan ajaýyp nagyşlary emele getirip, bu el hünärini ýöredip gelýärler.

Joraplara salynýan nagyşlar hem öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. «Namazlyk», «Han ýumruk», «Çakmak» (XIX asyra degişli), «Tärim gözenek» (XIX asyra degişli), «Möwjüm», «Kölege», «Gapyrga», «Şelpe», «Guşly göl» ýaly nagyşlar ir döwürlerden bäri ýörgünli salynýan nagyşlar hasaplanylýar. Joraplaryň gyra nagyşlaryna «Dagdan», «Tazyguýruk», «Tegbent», «Gyýak», «Erikgül» ýaly nagyşlar salynýar. Medeni mirasa, milli gymmatlyklarymyza baý bolan türkmen halky durmuşda hiç bir zady ünsden düşürmeýär. Başyna geýýän tahýasy, egnine geýýän milli lybaslary, kürtedir çabytlary, joraplary hiç wagt öz milliligini ýitirmeýär. Häzirki wagtda çeper elli zenanlarymyzyň elinden sünnälenip çykan joraplar durmuşa çykjak gyzlarymyzyň bukjasyna uly bezeg berýär. Bu döwür gyzlaryň ylhamynyň joşýan, alan terbiýesiniň, öwrenen hünärleriniň kämilleşýän döwri. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ene-mamalarymyzdan galan bu ajaýyp el hünäri gelin-gyzlarymyz tarapyndan milli gymmatlyk hökmünde has-da kämilleşýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda milli mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda düýpli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem rowaçly ösüşler gazanylýar. Parasatly ata-babalarymyzdan, nusgalyk ene-mamalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleri, milli däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklary ýaş nesillerimize geçirmekde ägirt uly işler bitirilýär. Biz muzeý işgärleri geljekde şeýle uly işlere jogap edip, mähriban Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, milli we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda zähmetimizi, yhlasymyzy gaýgyrmarys. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halky üçin edýän tutumly işleri rowaç bolsun! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda milli mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda düýpli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem rowaçly ösüşler gazanylýar. Parasatly ata-babalarymyzdan, nusgalyk ene-mamalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleri, milli däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklary ýaş nesillerimize geçirmekde ägirt uly işler bitirilýär. Biz muzeý işgärleri geljekde şeýle uly işlere jogap edip, mähriban Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, milli we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda zähmetimizi, yhlasymyzy gaýgyrmarys. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halky üçin edýän tutumly işleri rowaç bolsun!

Tawus HALDURDYÝEWA,
Tejen şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni