Sahna durmuşy


Sahna durmuşy
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisi Allaberdi Öwezow bilen söhbetdeşlik



Bir habarçy Juma Ýazmyradowdan:
– Ömür ýoluňyz we döredijiligiňiz hakynda gysgajyk gürrüň beräýiň! - diýip, haýyş edýär. Ol:
– Şunça ýaşabam gysga gürläp bormy?! – diýip, köpmanyly jogap beripdir. Allaberdi, söhbedimizi ömür ýoluňyz barada başlaýalyň.
– «Halypanyň aýdyşy ýaly, şunça ýaşap, gysgajyk gürrüň bermeli» bolsa, 1964-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda doguldym. 1982-nji ýylda Türkmengala etrabynyň 3-nji orta mekdebini tamamladym. Şol ýylam Gruziýanyň Şoto Rustawelli adyndaky döwlet teatr institutyna okuwa girdim. 1986-njy ýylda instituty tamamlap, Türkmensitanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatryna (öňki Aman Gulmammedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatry) işe geldim. Alty aý işläp, Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý etmäge gitdim. 1988-nji ýylda harby gullukdan gelip, öňki işlän teatrymda zähmet ýolumy dowam etdim. Şol ýyl institutda bileje okan talyp ýoldaşym Jemile bilen maşga gurduk. Bir oglum, bir gyzym, üç sany agtyjagym bar. Häzirki wagtda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýokary derejeli artist bolup zähmet çekýärin.
– Size ynanylan keşpleri döretmäge nähili taýýarlyk görýärsiňiz? Ýekelikde taýýarlanmak gowumy ýa-da bilelikde?
– Keşbi ynanyp, sahna oýnunyň edebi esasyny eliňe tutdyrýarlar welin, şol pursatda taýýarlyk başlanýar. Ilki bilen, pýesa sahna oýnuna gatnaşýanlaryň hemmesi gatnaşmagynda okalýar. Oýnuň edebi esasy bilen tanyş bolunýar. Soňam ynanylan keşbiň häsiýeti nähili, näçe ýaşynda, näme kär edýär... hemmesini kelläňde aýlap, seljermeli. Aýdylmaly sözlemler okalyp-okalyp, säginmän, biri-biriňe päsgel bermän aýdyp biljek derejä barlansoň, sahna çykylýar. Sahnada keşbi hereket bilen ýerine ýetirmäge taýýarlyk görlüp başlanýar. Üstünde işläp-işläp, gowy türgenleşip, keşbi durmuşda ýaşaýşyň ýaly kabul edeniňden soňra, sahna oýny başdan-aýak sahnalaşdyrylyp başlanýar. Şonda her sözlemiň aýdylyşynyň üstünde işlenýär. Taýýarlygyň bir ugry – köpçülik bolup işlemeli, ýene bir ugram ýekelikde «Nähiliräk adam? Nämäni gowy görýär? Näçe çagasy bar? Maşgalasy nähili?..» ýaly sowallar bilen keşbiň aýratynlyklaryny öwrenmeli. Umuman, ýekelikde taýýarlanmalam bolýar, köpçülik bolubam.
– Sahnada nähili keşpleri döredýärsiňiz? Haýsy keşpler siziň ýüregiňize, içki dünýäňize has ýakyn gelýär?
- Döredijilikli zähmet ýolumyň dowamynda sahnada dürli-dürli keşpleri döretmek ynanyldy. Döreden keşplerimiň arasynda ýüregime ýakyn bolanlary–halanlarym köp. Ýöne şolaryň biri meniň üçin has ýatda galyjy boldy. Şol keşbi oýnamakdan özüm lezzet aldym. Ýagny, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň režissýorlyk eden «Watan hakda üç aýdym» atly spektaklynda molla Nepiriň keşbini döretdim. Şol keşbiň häsiýetini açyp görkezmäge giň mümkinçilik bar. Sahnada üç sany myhman bolup baranymyzda, bizi Nurberdi han Gurbanmyrat işan hem-de Gönübek garşy alýar. Şonda bolup geçýän söhbetdeşlikde şeýle bir inçelik bar welin, biziň özümiz gepde-sözde ýeňen ýaly bolup durus, emma Nurberdi han dagy örän parasatly gürleşýär. Bizem öz içimizden olaryň ýanynda gaty ejizdigimizi, pesdigimizi duýýarys. Sahnadaky keşpleriň ählisi inçe häsiýetleri açyp görkezýär. Gyzygam şonda. Biri-birimize pert-pert, kä ýerinde halanmaýan soraglaram berýäris. Ol soraglaryň aňyrsynda-da köp manylar ýatyr. Aýdylýanlaryň arasynda bimany sözem ýok. Hereketleriň, äheňiň, säginmäň... hemmesi ýerine düşende tomaşaçam üns berip diňleýär. Tomaşaçy gyzyklandygyça, ondan özüňem lezzet alýaň. Sahnada tomaşaçynyň saňa üns berýändigini duýmak artist üçin uly bagt-da. Tomaşaçynyň ýüregine aralaşýaň-da, sahnada özüň ýaşap başlaýaň, hemme zady çyndan başyňdan geçirýän ýaly oýnaýaň. – Artist üçin sahna bilen hakyky durmuş aýry-aýry zatlarmy?
– Artist köpüň adamysy-da. Toýa-ýasa barlanda, elbetde, hereketleriňe, aýdýan sözleriňe üns bermeli bolýar. Ine, aýdaly, mugallym mekdepde-de mugallym, toýda, ýasda-da mugallym. Onuň hemme ýerde jogapkärçiligi bir. Artistem –jemgyýetiň medeni mugallymy. Soragyňa başga hili çemeleşseňem bolýar. Ine, diýeli, bir artist sahnada tukat keşbi oýnaýar, durmuşda görýäňem welin, wäşi adam, gülşüp-degşip otyr. Sahnada tukat keşbem, liriki keşbem oýnap bilibem, durmuşda şoh adam bolsa, onda bu artistiň ussatlygydyr. Durmuşda özüni nähili alyp barsa, onuň häsiýeti bolup durýar. Sahnada bolsa, özüne ynanylan keşbi ýerine ýetirýär.
– Kinofilmlerde keşp döredip gördüňizmi? Sahnada çykyş etmek bilen filme surata düşmegiň aratapawudy nämede?
– Meniň özüm kamerany görsem, aljyrap ugraýan. Şonuň üçinem şu çaka çenli film döretmäge gatnaşyp görmedim. Diňe ýaňy golaýda Baýram Garlyýewiň režissýorlygynda «Alabaý» atly gysga metražly kinofilme düşdüm. Gyzykly boldy. Sahna bilen kinonyň arasynda gaty uly tapawut bar. Sahnada tomaşaça birneme ulaldybrak, hereketliräk düşündirmeli. Kino sungatynda welin, gereginden artyk, çalt hereket etseň, bolmalysyndan çykyp gidýäň. Onda öňden kino düşüp ýören tejribeli artist bolmasaň, kynrak düşýär. Ekranyň öz düzgüni bar-da. Eden hereketiň ýazgy bolup galýar. Sahnada welin, tomaşaçy bilen göni aragatnaşyk bar. Sesiňi iň yzda oturan tomaşaça-da eşidiler ýaly çykarmasaň, oturanlaryň ýarysyndan köpüsi näme diýeniňi eşitmeýär. Dem alyş ulgamyňy zala görä sazlaýaň-da, sesiňi sahnada bolmalysy ýaly berýäň. Emma kino sungatynda eýýäm sesiňi ýörite mikrofonjyk arkaly dury alyp bilýärler. Sahnada eýläk-beýläk ýöremeli bolsaň, nirä çenli ýöremelidigiňi özüň anyklap bilýäň. Emma kino düşende, ýöräp barýarsyňam welin, «Duruň, kadrdan çykýaňyz» diýiläýýär.
- Ýaş artistlere ýa-da ýaş kinorežissýorlara halypa hökmünde nämeler mashalat berýärsiňiz?
- Käte sahnada hereketleriň gereginden artykmaç edip, sözüň owaz basymyny bolmalysyndan artyk berilýän halatlary bolýar. Şeýle ýagdaýdan gaça durmagy maslahat berip biljek. Hormatly Prezidentimiz döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredip berdi. Halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etmegine uly üns berýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaşlar, biz – medeniýet işgärleri döredijilikli zähmet çekýäris. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, tutýan il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Döwrangeldi GAÝYPGULYÝEW