Müň derde derman


Müň derde derman



Goýnunda ömür sürýän tebigatymyz örän jomart we bize ýakyn hossardyr. Ýöne bulary duýmak üçin biziň özümiziň hem tebigata ýakyn durmagymyz gerek. Tebigat bilen aramyzda şeýle ysnyşykly sazlaşygy ýola goýup bilenimizde, onuň biz baradaky aladasyny bütin durkumyz bilen duýarys.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gözel tebigaty, ynsan saglygyna melhemlik täsirli dermanlyk ösümliklere iňňän baý. Dermanlyk häsiýetli şol ösümlikleri ata-babalarymyz ir döwürlerde halk tebipçiliginde giňden peýdalanypdyrlar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndaky dermanlyk ösümlikler bilen baglanyşykly beýan edilýän düýpli maglumatlary hem tassyklaýar. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri-de üzärlikdir. Il içinde üzärlik müň derdiň dermany hasaplanylyp köp sökelliklerde şypaly em hökmünde ulanylýar. Bu dogrusynda milli Liderimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda şeýle belleýär: «Muhammet Hüseýn Gündogar halk lukmançylygynda bu ösümligiň ulanylyşy barada şeýle ýazýar: «Üzärlik — näzik serişde, çyglygyň netijesinde dörän kükrek kesellerini bejerýär, ysy hem içegedäki ýeli aýyrýar; aşgazandaky we içegelerdäki ereýän hem-de goýy, iriňli massalary aýyrýar».
Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan, tohumyndan we gülünden gaýnadylyp taýýarlanan dermanlyk pet sowuklamada, gyzzyrma keselinde ulanylýar. Oty gaýnadylan suw bilen syrkawyň bedenini ýuwmak arkaly guragyry, gijilewük we beýleki deri keselleri bejerilýär.
Merkezi Aziýanyň halklary bu ösümlikden taýýarlanan jöwheri diş eti agyranda agzy çaýkamak arkaly peýdalanýarlar. Owganystanda üzärligiň tüssesi ysmaz kesellerini bejermekde peýdalanylýar».
Obamyz çöle golaý ýerleşensoň üzärlik köp ösýärdi. Bir gezek çöle çykanymyzda çaklaňja bir desse üzärlik ýygdym. Üzärligi bol meýdanyň içinde bu şypaly ösümligiň ýakymly ysy burk urup, özüne melul edýärdi. Ondan dem aldygyňça, bedeniňe rahatlygyň aralaşýandygyny mese-mälim duýýarsyň. Şonda enem ýanyma gelip, birsellem açyk meýdanda oturaly diýdi. Ozal hem sähraýy ýerden gidesim gelmän duransoň, enemiň teklibini bada-bat goldadym. Enem şonda üzärlik hakynda şeýle gürrüň berdi. Bu waka biz heniz çaga mahalymyz bolupdy. Akjemal ejäniň agtygy Merdan gijilewük tapyndy. Garşysyna edilýän däri-dermanlar Merdanjygy bu dertden saplardan ejiz gelýärdi. Bir gün Akjemal eje säher bilen gyssanmaç meýdana tarap ugrady. Biraz wagtdan hem eli bir tokga üzärlikli dolanyp geldi. Üzärligi gazana oklady-da üstüne ep-esli suw guýup, ojakda gaýnadyp başlady. Suw bilen mazaly garyşan üzärligiň agzyna gapak ýapdy. Mylaýym hala gelen suwy uly bedrä geçirdi. Merdany hammama salyp, üzärlikli suwa düşürdi. Bu ýagdaý birnäçe gün dowam etdi. Şondansoň Merdanyň endamyndaky örgünler daga-daşa siňen ýaly aýryldy. Akjemal gelneje: «Adam ogly çig süýt emendä derdiň dermany ýanymyzdaka bilmändiris. Däri-derman gözläp ýörüpdiris» diýdi. Soň Merdana gijilewük çykmady. Bu wakany gürrüň bermek bilen enem her bir adama öz ýaşaýan topragynda bitýän dermanlyk ot-çöpleriň peýdaly täsiriniň uly bolýandygyny ýüreginden syzdyrdy. Tebigatyň gujagy giňdir we ynsan saglygyna zerur zatlara baýdyr. Şeýle-de öz topragyňda bitýän gök-önümleri, ir-iýmişleri iýmekligiň adamyň jan saglygyna iňňän peýdalydygyny düşündirdi. Könelerimiz ysgyndan gaçan adama Gün nuruna bişen gawun-garpyzy birsyhly iýdiripdirler. Süýjüligi ýetik bu önümleriň adamy ysgynyna getirmekde ýardamy uly. Günki şol nygmatlarda adam bedenini gurplandyryjy ýokumly maddalar bar. Enemiň şu gürrüňleri soň-soňlar hem ýadymdan çykmady. Türkmen topragy nurly Güneşiň mekany. Günüň bol nuruna ösüp ýetişen ösümlikleriň, bakja önümleriniň dermanlyk häsiýeti diýseň güýçli bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda üzärligiň şypasy hakynda ýene-de şeýle diýilýär:
«Üzärlik halk lukmançylygynda «ýüzlerçe keseli» bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir. Irki wagtlardan onuň tohumyny göz kesellerinde, derlediji, soguljanlaryň garşysyna serişde, umumy gyjyndyryjy serişde hökmünde peýdalanypdyrlar.
Üzärligi halkymyz iki maksat üçin — dermanlyk hem boýag ösümligi hökmünde peýdalanýar. Ol çişlerde, garnyň ýellenmeginde, damaryň çekmesinde we merezýelde derman hökmünde ulanylýar».
Hemmämize mälim bolşy ýaly, paýhasly pederlerimiz täze jaýa göçülende, öýe täze gelin gelende üzärlik tütetmek dessuryna pugta eýeripdirler. Bu ýagşy dessur häzirki döwürde-de dowam etdirilýär. Her bir döwletli ojagyň gapysyndan asylan üzärlige gözüň düşende, bu ösümlige durmuşda adamlar tarapyndan ynanjyň uludygyna anyk subutnama tapýarsyň. Üzärligiň birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýandygy, onuň adamlaryň bedeninde kesele durumlylygy berkidýändigi ylmy taýdan hem ykrar edilen hakykatdyr. Üzärligiň ysyndan zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy owaldan subut edilen. Şonuň üçin mahal-mahal öýde üzärlik tütetmek ynsan saglygyna peýdalydyr. Bu babatda 2020-nji ýylyň 13-nji martynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hem aýratyn nygtaldy. Tebigata ýaz paslynyň aralaşmagy bilen, açyk meýdanda üzärlik ösümligi hem ýygy-ýygydan duş gelýär. Ýurdumyzyň lukmançylyk nyşanynda üzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi hem tötänden däldir. Çünki üzärlik ylmy lukmançylykda-da halk tebipçiliginde-de ençeme keselleriň garşysyna ulanylýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun. Elmydama binýady berk döwletimiz parahat, ilimiz aman bolsun.

Ogulgurban GAŞLAKOWA