Türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygyň kepilidir
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşleri bile özüniň nurana geljegine tarap aýgytly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Garaşsyz Türkmenistanyň durnukly ösüşi onuň Bitaraplyk daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmen halkynyň erkana hem özbaşdak döwletini esaslandyrmak baradaky beýik arzuwy 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz Türkmenistan diýen belent dereje bilen amal boldy. Türkmen paýhasynyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ylalaşykly ýaşamaga çalyşmaklyk ýaly milli däplerini özünde jemleýän Bitaraplyk daşary syýasat ugruny saýlap almagy ýaş türkmen döwletiniň gazanan iň ilkinji we iň esasy ýeňşidir.
Garaşsyz Türkmenistan döwletine 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň ýörite «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň esasynda, 185 agza döwletleriň biragyzdan goldamagy netijesinde, hemişelik Bitarap döwlet diýen halkara hukuk derejesi berildi. Diýarymyzyň Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan başlangyçlarynyň goldawa eýe bolmagy hoşniýetlilige, parahatçylyga esaslanýan daşary syýasat ugrumyzyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegidir.
Ýurdumyzyň Bitaraplygy birinjiden, döwletimizi daşarky howplardan gorap saklaýan bolsa, ikinjiden, deňhukukly, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goldamaga esaslanýan ylalaşdyryjy merkez missiýasyny – beýik wezipäni amala aşyrmakdan, beýleki döwletleriň içerki syýasatlaryna gatyşmazlykdan we halkara harby hereketlere goşulyşmazlykdan ybarat bolup durýar.
Hemişelik Bitarap döwletleriň anyk mysallary hökmünde Belgiýany (1831-1919-njy ýyllar), Lýuksemburgy (1867-1994-nji ýyllar), Şweýsariýany (1815-nji ýyldan bäri) we Awstriýany (1955-nji ýyldan bäri) görkezmek bolar.
Şweýsariýa we Awstriýa döwletleri häzir hem hemişelik Bitaraplyk derejesini saklaýarlar we bu döwletleriň kepili beýik döwletler bolupdylar. Dünýä syýasatynda syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň özgeren we täze bir döwre eýe bolan wagtynda Merkezi Aziýada hem Awstriýa we Şweýsariýa ýaly, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, ählumumy ösüşi üpjün etmek bilen bagly ylalaşdyryjy merkez döretmekligiň zerurlygy ýüze çykýar.
Türkmenistanyň Aziýa yklymynda ýerleşýän döwlet hökmünde Bitaraplyk syýasatyny saýlap almagynyň esasy sebäpleri hökmünde Watanymyzyň geosyýasy we ykdysady ýagdaýlary onuň tutýan çäginiň Aziýany we Ýewropany birleşdiriji çelgi-ugur hökmünde çykyş edýändigi bilen düşündirmek bolar.
Biziň Bitaraplygymyz mazmuny babatda oňyn Bitaraplykdyr. Oňyn Bitaraplyk düşünjesi parahatçylygy we durnuklylygy goldamak, ähli ýurtlaryň arasynda dostluk hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerinde biziň işjeň ornumyzy göz öňünde tutýar.
Türkmen Bitaraplygy hakynda gürrüňimizi dowam edip, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde Türkmenistanyň kesgitli borçlary üstüne alandygy hakynda hem aýtmalydyrys.
Birinjiden, bu syýasy we harby bileleşiklere goşulyşmazlykdyr.
Ikinjiden, biziň goşunymyz diňe öz howpsuzlygymyzy gorap saklamak üçin döredilen bolmalydyr.
Üçünjiden, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryndan boýun gaçyrylyp, şeýle ýaraglaryň ýurdumyzyň gury ýer we howa giňişligi arkaly geçirilmegine gadaganlyk girizmekden ybaratdyr.
Indiki borç biziň umumadamzat gymmatlyklaryna, demokratik ýörelgelere bolan meýlimize, ýurdumyzyň içinde raýatlaryň parahat ýaşamagynyň kepillendirilmegine hyzmat edýär.
Ýene bir borç bolsa. BMG we beýleki ynsanperwer halkara guramalary bilen jebis hyzmatdaşlykda öz syýasatymyzy alyp barmagymyzy kesgitleýär.
Ýeri gelende, Bitaraplygyň taryhy we onuň syýasy ylymdaky düşündirişleri bilen bagly käbir maglumatlary okyjylarymyza ýetirsek juda ýerine düşer.
Bitaraplyk halkara hukuk derejesine mynasyp bolmak diýmeklik – bu Türkmenistanyň döwlet berkararlygynyň mizemezliginiň we hemmetaraplaýyn rowaç ösüşiniň ygtybarly kepillendirilmegi diýmekdir. «Bitaraplyk» diýen söz aňladýan manysy boýunça «neýter» diýen latyn sözünden gelip çykyp, «doly bitarap» diýen manyny aňladýar.
Türkmen Bitaraplygynyň simwolik nyşany bolan «Bitaraplyk binasy» ýadygärligi Türkmenistan döwletiniň biri-biri bilen berk baglanyşykly bolan üç binýatlyk diregini – Garaşsyzlygy, Bitaraplygy we türkmen halkynyň bitewiligini alamatlandyrýan nyşan hökmünde dikeldildi.
Bitaraplyk halkara-hukuk derejesini kabul etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy BMG-niň doly goldawyna eýe bolmak bilen, geljege gönükdirilen öňdengörüji we örän paýhasly çözgütdigini dünýä halklaryna subut etdi. Türkmenistan döwletiniň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllary döwründäki parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmeklige gönükdirilen dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlary bilen sazlaşykly utgaşdyryldy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara we dünýä derejesindäki abraýy, ähmiýeti milli Liderimiziň aýratyn tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
2015-nji ýylda gaýtadan kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa ähmiýeti boýunça 1995-nji ýylda kabul edilen Rezolýusiýa barabardyr, halkara derejesinde ykrar edilmegiň subutnamasydyr. Bu resminama 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy Mejlisinde 193 agza döwletler tarapyndan biragyzdan gaýtadan kabul edildi.
Alym B. Karaýewiň belleýşi ýaly: «Türkmenistanyň bitaraplygy barada 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary dünýä syýasatynda ilkinji gezek şeýle belent derejede ählumumy ykrar edilen halkara-hukuk resminamalary bolup durýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesi halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda ählumumy ykrar edilen görnüşde bolmak bilen, öz kämilligi boýunça iň ýokary derejäni eýeleýär».
BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýan Türkmen Bitaraplygy täze türkmen taryhynyň şanly sahypalaryna mynasyp adyny ýazýar. Ýagny, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edilipdi.
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda döwletimiz hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belledi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň milli Lideriniň we döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň halkara abraýyny tassyklaýan buýsançly wakadyr.
2020-nji ýyl hem «Türkmenistan –– Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda toýlamaga taýýarlyk işleri gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar. Ýene-de bir taryhy ähmiýetli waka buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ýagny, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Bu buýsandyryjy wakalar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýan ykrarnamasydyr.
Berkarar Türkmenistan döwletini halkara derejesinde amala aşyrýan beýik işleri we durnukly ösüşleri bilen dünýäde ykrar etdirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen SEÝIDOWA