Türkmenistanyň halk bagşysy Garly bagşy


Türkmenistanyň halk bagşysy
Garly bagşy

(1885-1962)



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda meşhurlyk gazanyp, il-günüň söýgüsine mynasyp bolan halypalaryň ömri-döredijiligine sarpa goýulýan döwürdir. Halypalaryň mekdebi- halkyň ruhy mirasy. Ol mirasy öwrenmek, ýaş nesillerimizi milli mirasymyzyň dürdänelerine söýgi ruhunda terbiýelemek, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň ruhy akabasy hökmünde olary gorap saklamak we halka ýaýmak döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biridir. Türkmeniň sungat daragtynyň görnükli wekilleriniň biri hem Garly bagşydyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Türkmenistanyň iň günorta nokady bolan Pendi düzlügi özüniň aýdymlary we täsin juk-juk usullary bilen şöhrat gazanandyr. Medeniýetiň bu ojagy halk ýerine ýetirijiliginiň Kör Gojaly, Gurban bagşy, Garly bagşy Ilamanow hem kiçi Garly Soltanow, Amansähet bagşy we onuň ogly Nobat bagşy ýaly ussatlary bilen meşhurlyk gazandy. Olaryň aglabasy hem-ä aýdym aýtmak sungatyny, hemem dutary ussatlyk bilen çalmagy kämil derejede ele alypdyrlar. Türkmen bagşylarynyň bu ugrunyň wekillerine aýdym başlangyjynyň agdyklyk etmegi häsiýetlidir. Saz eserleriniň aglabasynyň esasyna aýdym heňleri goýlandyr» diýip bellenilýär. Bir welaýatyň şol bir etrabynda doglup, bir döwürde ýaşan Garly atly iki sany bagşynyň bolandygy sebäpli, olary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin il arasynda uly Garly, kiçi Garly diýip atlandyrypdyrlar.

Meşhur Garly bagşy 1885-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Gojaly obasynda dünýä inýär. Ýaşlykdan aýdym-saz sungatyna bolan teşneligi ony saz ummanyna atarýar. Ol zamandaş bagşy-sazandalar bilen ýygy aragatnaşykda bolýar. Pendiniň belli halypa bagşysy Gurban bagşyny halypa tutunýar. Gurban bagşynyň bagşyçylyk sungatyny içgin öwrenip, bagşy bolup ýetişýär. Garly bagşynyň aýdym-saz örüsi ýyl geldigiçe giňäp, Sarahs, Mary, Ahal, Duşak, Kaka sebitlerine-de aralaşýar. Ol Marynyň Oglan bagşysy, Hydyr bagşysy, Ahalyň Sary bagşysy, Hally bagşysy, Salyryň Oraz Salyry, Muhy bagşysy, Anna bagşysy bilen tanyşýar.

Garly bagşy 15-16 ýaşlarynda ökde bagşylaryň hatarynda tanalýar. 1905-nji ýylda onuň «Ogşatdym», «Kör-ata» atly aýdymlary Marynyň Ýolbarsly çaýhanasynda gramplastinka üçin ýazylyp alynýar. Şondan soň onuň aýdymlarynyň hyrydary barha köpelýär. 1925-nji ýylda türkmen aýdym-sazyny öwreniji W.A.Uspenskiý Tagtabazarda Garly bagşy bilen duşuşýar. Onuň aýdymlaryny diňleýär. Şonda saz öwreniji alym Garly bagşydan «Maru-Şahu-Jahan», «Peýmanyň», «Ogulbeg», «Baýkara», «Kyýamat» ýaly aýdymlary ýazyp alýar.

20-nji ýyllaryň ahyrynda Garly bagşy Aşgabat şäherine gelip, meşhur bagşy-sazandalaryň uly toparyna goşulýar. Ol bu ýerde Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew dagy bilen ýaşlara hünär öwredip ugraýar. Şol döwürde Täçmämmet Suhanguly, Hally bagşy, Oraz Salyr, Sahy Jepbarow ýaly halypa bagşy-sazandalaryň Aşgabatda ýaşan, işlän wagtlary bolansoň, Garly bagşy olar bilen hem ýakyndan tanyşýar. Türkmen döwlet filarmoniýasynda, radioýaýlymda aýdym aýdyp, saz çalyp gezýär. Türkmen sazçylyk tehnikumynda ýaşlara aýdym-saz öwredip köplere halypalyk edýär. Geçirilýän dabaralara, radioda berilýän çykyşlara yzygiderli gatnaşyp ugran uly Garlynyň ýerine ýetirijilik ussatlygy has-da kämilleşýär. Garly bagşynyň aýdan aýdymlary 1935-nji ýylda Moskwada gramplastinka üçin ýörite ýazgy edilýär. Şonda onuň «Torgaý guşlar», «Leýli gelin» atly aýdymlary ýazga düşüp galýar. Şol aýdym ýazgysynda Garly bagşa meşhur sazandalar, Türkmeniň halk artisti Pürli Sary bilen Öwezdurdy Welmämmedow dagy sazandarlyk edýärler. Garly bagşynyň ömri bagşyçylyk bilen geçýär. Aýdym-saz onuň ömürlik hemrasyna öwrülýär. Ol köp ýyllaryň dowamynda aýdym-saz söýüjilere öz sungatyny öwreden bagşydyr. Türkmenistanyň halk bagşysy Ödeniýaz Nobat, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Agamyrat Ýagmyrow, Aman Arnagylyjow, bagşy Agaly Akmämmedow, Perdeli Tüňňiýew, sazandalar Hümmet Hanmämmedow, Myrat Ýusubow dagylar Garly bagşynyň tälim beren şägirtleridir. Garly bagşy 1962-nji ýylda aradan çykdy. Meşhur bagşynyň belent sungatynyň sarpasy saklanyp, 1993-nji ýylda oňa Türkmenistanyň halk bagşysy diýen hormatly at dakyldy.

Çynar GURBANOW