Pyragy


Pyragy



Şahyr atam söz akabaň dowamdyr,
Pähimleriň gursagymda dogamdyr.
Beýik Garaşsyzlyk-eziz howandar
Galdyrmyş tirsegne, ruhuň Pyragy.

Bir supra çagyrdyň Oguz ilini,
Hazan urmasyn diýip gyzyl gülüni,
Türkmen Şa ogula baglap bilini,
Kabul bolmuş, ol dilegleň Pyragy.

Dogaýy dilegleň eşitdi Allam,
Iliňe dolandy gadymy döwran.
Özgeren mekana seýran kyl, atam,
Wysal tapmyş, ak arzuwlaň, Pyragy.

Mertebesi Gün deňine göterlen,
Döwet galamyňdan çykan setirleň,
Arkadag ogluň paýhasy bilen,
Rowaçlanýar beýik döwrüm, Pyragy.

Ejegyz Çaryýewa
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti