Aşgabat
Arkadagyň paýhasyndan şany äleme dolan,
Beýik türkmen döwletiniň ýüregi sen, Aşgabat!
Şygyrlarda şereplenip, waspy şirin söýlenen,
Ak arzuwlaň, umytlaryň şäheri sen, Aşgabat!
Ruhlandyryp her gün işe göwnümizi galkyndyrýaň.
Ýaşyl otlaň, elwan gülleň ýaz-bahary ýada salýar,
Gözellige daýym teşne göreçleri dokundyrýaň,
Aýdym-sazyň, aşyklaryň mekany sen, Aşgabat!
Aýna ýaly ýalpyldaýan uly, ajap şaýollaryň,
Deňiz tolkunlary deýin joşdurýar, kalp ylhamyň.
Çüwdürimleň täsin, gözel, yşgyna gülçyralaň,
Arzuwlanýan şäherleriň seresi sen, Aşgabat!
Çeşme
Daşlaň arasyndan syzylyp diňmän,
Birgeňsi akyşňa jigerim teşne.
Aşyklaryň ýürek owazyn diňlän,
Taryhyň taryply, durnagöz çeşme.
Neneňsi ajaýyp, niçiksi gözel,
Tebigaty barha ýaşardýar nemiň.
Soňsuz gözelligiň söýleýip gazal,
Dür damjalaň waspyn etmesin neneň?!
Gursagym gürsüldäp joşanda ylham,
Kenaryňa gelip döredýän şygyr.
Tämiz howaň, yşky kalbyma melhem,
Bolup barha-barha süýjeýär ömür.
Miwe BEKMYRADOWA