Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!


Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!



Mähriban Watana şan berip geldi,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!
Beýik ynam mähriban bolup geldi,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!

Nur çaýyldy göreçlere, ýüzlere,
Bal gatyldy dahan içde sözlere,
Döwran geldi ýaýlalara, düzlere,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!

Dowam berdi gadym Oguz kendine,
Mirasy dönderdi ýürek bendine,
Ylhamdyr dillere, kuwwat gerdene,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!

Türkmeniň alnyna ýazyldy aklyk,
Türkmeniň süňňüne guýuldy päklik,
Bütewilik, jebislik hem rahatlyk,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!

Kerem bardyr Aýyň-Günüň dogşunda,
Ak öýleriň tüýnüginde, çöwşünde,
Gadym gölli haly Zemin göwsünde,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!

Görmäge göz gerek özgerişleri,
Beýik-beýik işler durlaýar seri,
Döretdi ýitmejek ajap Eseri,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!

Tanalmak bar, bilinmek bar dünýäde,
Eýe bolup köki merdem binýada.
Il agzynda, her sözde, her Senada,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!

Nusgalykdyr görüm-görküň, göreldäň,
Danalaryň paýhasyndan ýörelgäň.
Bizi duçar etdi keremne Allaň,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!

Nowruz GURBANMYRADOW