ALABAÝLY NAGYŞLAR DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR


ALABAÝLY NAGYŞLAR DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR



Gahryman Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 7-nji ýanwaryndan, bu şanly ýylymyzda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary tarapyndan türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatyndaky buýsançly ylmy täzelikler kalbymyz buýsanja pürepürledi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen türkmen alabaýynyň taryhy mirasyny ylmy taýdan öwrenip, dünýä içre dabaralandyrmak «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyza aýratyn şöhrat-şan çaýýar.



Bilşimiz ýaly, Alym Arkadagymyzyň tassyklap bermeginde «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň birbada 12-sinde arheologiýa gazuw-agtaryş, dikeldiş hem rejeleýiş işleri üstünlikli alnyp baryldy. Ylmy gözlegleriň netijesinde taryhymyza henize çenli mälim bolmadyk ençeme täzelikler ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda olaryň köpüsi etnografiýa ylmy barlaglara çekilip, köp müň ýyllyk taryhymyzdaky ylmy ähmiýeti kesgitlenilýär. Bu ylmy açyşlary amala aşyrmakda Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary ýolgörkeziji şamçyrag bolup, milli mirasymyzy täzeçe garaýyş bilen çuňňur öwrenmäge ruhlandyryjy taglymat hökmünde binýatlaýyn esas boldy.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde täze ýüze çykarylan arheologiýa gymmatlyklaryň arasynda türkmen alabaýynyň galdyran yzlaryny, şeýle hem onuň gadymy haly göllerindäki şekilleriniň tapylmagy aýratyn buýsançlydyr.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly ylmy eseri diňe bir biziň döwletimizde kämillik derejesine ýeten milli itşynaslyk sungatymyzyň däl, eýsem dünýäniň kinologiýa ylmy üçin iň gymmatly gollanma öwrüldi. Çünki Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp eserinde itleriň türkmen alabaýy tohumynyň tebigy aýratynlyklaryny, taryhy yzlaryny hem-de adamzadyň ösüşindäki ähmiýetini inçelik bilen beýan etmek arkaly tutuş dünýäniň itşynaslyk sungatynyň döremeginde sap ganly tohum itiň tutýan ornuny kesgitläp berdi. Şoňa görä-de milli Liderimiziň bu etnogarfiýa eseri şu günki dünýäniň alymlarynyň arasynda kinologiýany öwrenmekde nusgalyk çeşme hökmünde hyzmat edýär.

Biziň keremli topragymyz dünýäniň siwilizasiýa ojaklarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda hem-de hut özüniň başlangyçlary bilen täzeden galkynan milli mirasymyz dünýä ýaň salýar, adamzadyň müňýyllyklaryň jümmüşinde gazanan iň beýik baýlyklary hökmünde ykrar edilýär. Parasatly pederlerimiz asyrlar içre gazanan beýik aňyýet üstünliklerini türkmen halylaryna, keçelerine, palaslaryna we beýleki maddy we ruhy baýlyklaryna müdimilik siňdirip, geljekki nesillere miras galdyrypdyrlar. Munuň şeýledigine türkmen alymlary tarapyndan ýüze çykarylan türkmen alabaýynyň taryhy yzlarynyň haly göllerinde hem-de beýleki el işlerine çitilen nagyşlarda ömür dowamatyny tapyp, biziň günlerimize ýetmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde habar berlişi ýaly, şeýle çuňňur mazmunly çeper gölleriň biri, biziň eýýamymyzdan öňki VII — V müňýyllyklara degişli Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki gadymy daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginiň diwar bezeginde duş gelýär. Ol byçgynyň dişiniň şekilinde setir bolup gidýän öýjagazlary suratlandyrýan “It ýatak” gölidir. Bu täsin gölüň käbir obalarda gadymy ady bilen atlandyrylýandygy, Ahal halylarynyň älem zolagynda çitilýändigi sebäpli, ol halkyň arasynda “Älem nagşy”, Balkan halylaryndaky gölüň bolsa bürgüdiň dyrnagyna meňzeýändigi sebäpli, ol “Dyrnakgöl” nagşy diýilýändigi biziň medeniýetimiziň köpöwüşginlidiginden habar berýär. Şeýle ajaýyp sungat eseriniň mundan ýedi-sekiz müň ýyl öň hem pederlerimiziň ruhy dünýäsinde aýratyn hormat-sarpa eýe bolandygy aýratyn buýsançlydyr. Çünki bu gölüň türkmen halylarynda ömür dowamatyny tapyp gelmegi bize türkmen alabaýynyň taryhyny öwrenmekde täze maglumatlaryň üstüni açýar. Bu barada Alym Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» eseriniň 46-njy sahypasynda şeýle beýan edilýär: «Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki gadymy daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginde diwaryň ýüzündäki şekillerde hem alabaý suratlandyrylypdyr. Şol hem alabaýyň iň irki döwre degişli şekilidir».

Türkmen alabaýyny wasp edýän ýene-de bir gadymy göl “Güjük yzy” gölüdir. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki IX — XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň penjesiniň saklanyp galan kerpiçleriň birnäçesi ýüze çykaryldy. Mälim bolşy ýaly, Şähryslam ýadygärligi Beýik Seljuklar zamanasynda söwdanyň, medeniýetiň we ylym-bilimiň iň ösen ojaklarynyň birine öwrülýär. Şäher Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Könüergenç şahasynyň ugrunda ýerleşip, Garagum sährasyny kesip geçýän gymmatly harytlardan mas ýüklenen kerwenleriň düşlän we söwdasynyň gyzan merkezleriniň biri hökmünde şöhratly taryhymyzda örän wajyp orny eýeleýär. Bu şäherde ýaşan we ylmy açyşlary amala aşyrýan alymlar Şähryslamly edebi tahallusyny alypdyrlar. Ak sähranyň jümmüşinde ýerleşen bu orta asyr şäherinde hem-de ony gurşap oturan çarwa obalarynda milli seýisçilik sungatymyz hem, türkmen alabaýyny ýetişdirmegiň ajaýyp milli ýörelgeleri-de diýseň ýokary derejede ösüpdir. Munuň şeýledigine ýadygärlikden ýüze çykarylan arheologiýa tapyndylar aýdyňlygy bilen açyk subut edýär. Şähryslamdan ýüze çykarylan türkmen alabaýynyň penjesi basylan kerpiçleriň suratynyň Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» eseriniň 48-49-njy sahypalarynda ýerleşdirilmegi bu täsin tapyndy boýunça etnografiýa ylmy barlaglary geçirmäge ylmy esas berdi. Ylmy barlaglara şeýle nagyşly kerpiçleriň şalaryň we begzadalaryň köşki-eýwanlaryň bosagasyna oturdylandygyna güwä geçýär. Gadymy ynanja görä, bu göl ynsanyň saglygyny we onuň öý-ojagyny, mal-mülküni dürli howplardan goraýar. Şol sebäpli, bu göli türkmeniň ak öýüniň gapysynyň iç ýüzünden asylýan eňsi halylarynda görmek bolýar. «Güjük yzy» nagşynyň ownuk görnüşleri haly we haly önümlerine alaja nagşy hökmünde esasy gölleriň daşyna aýlap çitilýändigi ylmy gözlegleriň esasynda subut edildi.
Türkmen halylaryny, palaslary, keçeleri we beýleki nepis el işlerini bezeýän iň gadymy nagyşlaryň biri hem “Tazyguýruk” gölüdir. Ata-babalarymyz bu göl gözden-dilden goraýar diýip hasap edipdirler. Ol haly we haly önümlerinde köplenç gyra nagyşlarynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde köp duş gelýär. Käbir eňsi haly önümlerinde halynyň merkezine çitilýän esasy gölleriň gyralaryna jäheklenýär. Ol «alaja», «goçak», «tegbent» ýaly ynsany we onuň mukaddes ojagyny gözden-dilden goraýjylyk güýjüne eýe bolan nagyşlaryň biri hökmünde ruhy dünýämizde örän arzylanýar. «Tazyguýruk» palas, keçe we keçe önümlerine, milli lybaslara, çyrpa, kürtä we beýleki el işlerine hem nagyşlanýar. «Tazyguýruk» nagşy baradaky etnografiýa maglumatlar Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň birinji sanynda ylmy dolanyşyga girizildi.
Alymlary gazuw agtaryş işleriniň netijesinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän, IX — XIV asyrlara degişli Şährihaýbar ýadygärliginde ýüze çykaryldy. Ol şakäsäniň bölegine türkmen tazynyň guýrugynyň şekili hökmünde çekilipdir. Munuň özi bu sebitde gadymy döwürlerden bäri türkmen alabaýynyň we awçy tazylarynyň ösdürilip ýetişdirilendigi baradaky çaklamany tassyklaýar.

Görnüşi ýaly Gahryman Arkadagymyzyň ylham eleginde eýlenen «Türkmen alabaýy» eserinde beýan edilýän beýik taglymatlardan ruhlanyp, ylmy barlaglary dowamly alyp barýan türkmen alymlarynyň ýüze çykaran bu täsin tapyndylary taryhymyzy dikeltmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň muzeýlerinde türkmenleriň amaly sungatynyň, şeýle hem XIX — XX asyrlara degişli “It ýatak”, “Tazyguýruk”, “Güjük yzy” ýaly gadymy göller çitilen halylaryň we haly önümleriniň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu täze ylmy maglumatlar türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň milli aýratynlyklary babatda hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak üçin taýýarlanýan maglumatlaryň üstüni ýetirer.
Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň has düýpli öwrenilmegine we aýawly goralyp saklanylmagyna hem-de ýaş nesle geçirilmegine ýardam berýän ylmy-barlaglaryň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtamagy hem-de amaly sungatyň bu ugruny öwrenmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň, aýratyn-da, ynsanperwer ugurly mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizmegi, bu gymmatly mirasy gorap saklamak işlerine alymlary, şeýle hem Milli Geňeşiň agzalarynyň çekilmegini tabşyrmagy, şonyň ýaly hem türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýän maglumatlary giňden wagyz etmek maksady bilen, bu babatda wekilçilikli halkara maslahatynyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nesihat etmegi, diňe bir türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilýän halylaryň we haly önümleriniň nagyşlary hem-de gölleri bilen jemgyýetçiligi tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem bu ugurda geljekki amala aşyryljak ylmy açyşlaryň altyn gapylaryny açar. Türkmen halkynyň müňýyllyklar içre tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň milli ýörelgelerini ýene-de bir ýola dabaralandyrar. Alabaýly nagyşlaryň dünýä içre ýaýylmagyna giň mümkinçilikleri döreder.

Agamyrat BALTAÝEW