Türkmenistan – Ýunesko medeni diplomatiýa rowaçlanýar


Türkmenistan – Ýunesko medeni diplomatiýa rowaçlanýar



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Medeniýet ulgamynda giň möçberli maksatnamalar, döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döwrebap, kämil eserleri döretmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda yzygiderli tagallalar edilýär.
Mälim bolşy ýaly, bagtyýarlyk döwrümizde türkmen halkynyň döreden taryhy we medeni ähmiýetli miraslarynyň naýbaşy nusgalarynyň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ykrar etmekde hem-de ebedileşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy bolan ÝUNESKO bilen bilelikdäki işlerde üstünlikli netijeler gazanyldy.
Taryhy sahypalaryň tassyklaýşy ýaly, biziň topragymyzda beýik binalary, galalary gurmakda baý tejribeler döredilipdir. Netijede, türkmen topragy binagärlik medeniýetiniň naýbaşy ojagyna öwrülipdir. Milli binagärligiň nusgalyk tejribeleri Gündogaryň beýleki ýurtlarynda hem giňden ýaýrapdyr.
Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna goşulmagy şol gymmatlyklaryň umumadamzat taryhyny öwrenmekde ähmiýetiniň örän uludygyna şaýatlyk edýär. Munuň şeýledigini ýadygärliklerden tapylan dürli gymmatlyklaryň: möhürleriň, küýzegärçilik önümleriniň, şaý-teňňe pullarynyň we beýleki zatlaryň ylmy ähmiýeti hem doly tassyklaýar. Mundan başga-da, döwletimiziň çäklerindäki taryhy-medeni ýadygärlikler Türkmenistanyň sebitiň beýleki döwletleriniň söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ösüşine ýetiren täsiri uludyr.
Gadymy Merw ýadygärlikler toplumy 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu ýadygärlikler toplumy Türkmenistandan Bütindünýä gymmatlygy bolan ýadygärlikleriň sanawyna goşulan ilkinji nusgadyr. Gadymy Merw IV müňýyllygyň dowamynda Orta Aziýa we Eýran medeniýetleriniň ösüşine özüniň güýçli täsirini ýetiripdir. Esasan hem, Seljuk¬lar şadöwletiniň paýtagty Merw şäheri ylmy-medeni merkeze öwrülipdir. 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan Köneürgenç ýadygärlikleriniň ylmy gymmaty uludyr. Köneürgenjiň binagärlik däpleri Orta Aziýanyň, Eýranyň, Owganystanyň, şeýle hem Mogollar şadöwletiniň (Hindistan, XVI asyr) binagärçiligine özüniň güýçli täsirini ýetiripdir.

Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan ýadygärlikleriň arasynda Nusaý galalarynyň abraýy has artykmaçdyr. Bu arheologik toplum 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Häzirki wagtda bu ýadygärlikler Türkmenistanyň degişli kanun¬lary we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyny gorap saklamak baradaky Kon¬wensiýasynyň talaplary esasynda goralyp saklanýar.
Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhyny, durmuşyny, medeniýetini, ahlak gözelliklerini, döwletlilik ýörelgelerini, parasatly däp-dessurlaryny, dil baýlygyny özünde jemleýän «Görogly dessançylyk sungaty», 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan birnäçe Gündogar döwletleri bilen bilelikde hödürlenen, halkymyzyň milli baýramçylyk däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Nowruz baýramy», 2017-nji ýylda türkmen milli tans sungatynyň ajaýyp dessurlaryny özünde jemleýän «Küştdepdi aýdym we tans dessury», 2019-njy ýylda bolsa nepis sungatymyz bolan «Türkmen milli halyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşuldy we umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.
Häzirki wagtda umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesini ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmek maksady bilen Konwensiýanyň talaplaryna laýyklykda resminamalary taýýarlamak işleri işjeň alnyp barylýar. Hususan-da, toý-baýramlarymyzyň, tomaşadyr dabaralarymyzyň ýaraşygy bolan çeper döredijilik we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň gadymy ýörelgelerini özüne jemleýän bagşyçylyk sungatymyzy, dutar ýasamak senediniň milli aýratynlyklaryny açyp görkezýän «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny» atly hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmäge hödürlemek boýunça degişli resminamalar taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hünärmenlerinden, tejribeli alymlardan hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar ýurdumyzyň welaýatlarynda ylmy-gözleg saparlaryna ugradylyp, dutar ussalaryndan, bagşy-sazandalardan gymmatly maglumatlar toplanyldy. Dutarda saz çalmagyň we bagşyçylyk sungatynynyň milli ýollary, bu ugurdaky halypa-şägirtlik gatnaşyklary çuňňur öwrenildi. Halypa ussalar bilen duşuşylyp, okuw maslahatlary, seminarlar geçirildi.
Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmäge hödürlemek barada raýatlaryň erkin razylyk hatlary jemlenildi.
Dutar ýasalyşynyň dürli pursatlaryny açyp görkezýän fotosuratlaryň albomy döredildi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Konwensiýasynyň talaplaryna laýyklykda, dutar ussaçylygy we bagşyçylyk sungaty barada widerolik taýýarlanyldy.
Alnyp barlan işleriň netijesinde taýýarlanylan resminamalar ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara Komitetine ugradyldy hem-de ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmek üçin 2019-njy ýylda nobata goýuldy. Mundan başga-da, «Hoja Nasreddiniň degişmeleri» atly hödürnama Azerbaýjan, Gyrgyz, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan döwletleri bilen bilelikde taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmek üçin nobata goýuldy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy bilen 2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň birinji mejlisi geçirilip, onda 2021—2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereket-sanawy ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna türkmen däp-dessurlarynyň hem-de asyrlar aşyp gelen nusgawy durmuş tejribelerini girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol meýilnama laýyklykda häzirki döwürde ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklary barada hödürnamany taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ahalteke bedewi gözelligi we ýyndamlygy babatda dünýäde taýsyzdyr. Türkmen alabaýy dünýäde itleriň tohumlarynyň iň gadymylarynyň biri hasaplanýar. Biziň parasatly atalarymyz şabaz bedewleriň hem merdem alabaýyň sap ganlylygyny müňýyllyklaryň jümmüşinde gorap gelipdir.
Ahalteke bedewi we alabaý iti – halkymyzyň sungat kämilligine ýetiren jandarlaryň özboluşly tohumlary bolmak bilen ol biziň halkymyzyň hemrasydyr. Ýakyn kömekçileri hem-de wepadar dostlarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň bu gadymy tohumlaryň gelip çykyşynyň hem-de biziň günlerimize çenli ösüşiniň taryhy bagyşlanan kitaplary türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda bedewleriň we alabaýlaryň eýeleýän ähmiýetli orny giňden açylyp görkezilýär.
Atçylygyň we itçiligiň ösdürilmeginiň milli tejribeleri, olary terbiýelemegiň gadymy usul-tärleri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenmegi türkmen halkynyň döredijilikli durmuşynyň esasy hökmünde siwilizasiýany hem-de dünýä medeniýetini döretmäge goşan goşandyny açyp görkezmäge maksadyna gönükdirilen.
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021—2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereket etmegiň täze meýilnamasynda aşakdaky hödürnamalary ileri sürmek bellenildi. Şoňa laýyklykda, ÝUNESKO-nyň özboluşly şäherleriniň Ählumumy toruna «Çeperçilik» diýen döredijilik ulgamynda paýtagtymyz nowjuwan Aşgabady, «Senetçiler we halk döredijiligi» diýen ulgamda Türkmenabady, «Edebiýat» diýen ulgamda bolsa Mary şäherini girizmäge taýýarlanyldy. Bu ugurda eýýäm resminamalary taýýarlamagyň deslapky işlerine girişildi. Mundan başga-da, taryhy şäherleriň ösüşinde ÝUNESKO-nyň ölçeglerini öwrenmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa fakultetinde ýörite okuwlary açyp, bu ugurda ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedrasyny döretmek, geljekde bolsa, şäherlerimiziň orta mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň asossirlenen mekdepleriniň halkara ulgamyna birikdirmek ýaly asyrlara ýaň saljak işler durmuşa geçiriler.
Görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýakyn goldaw-hemaýaty bilen Türkmenistanyň bu abraýly halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösüşiň täze derejelerine göterilýär. Munuň özi, medeniýet we sungat işgärlerine bu ugurda öňe sürülýän wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin, ähli döredijilik ukyplaryny gaýgyrman, gijäni gündiz edip işlemäge giň mümkinçilikleri döredýär. Döredijilikli zähmet çekmek, öndürijilikli işlemek hem-de eziz Watanymyzyň dünýäniň ýüzündäki abraý-mertebesini barha belende göterilmegine öz goşandyňy goşmak bagtyny eçilýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri elmydama rowaç bolsun.

Agamyrat BALTAÝEW