Üzärligiň dermanlyk ähmiýeti


Üzärligiň dermanlyk ähmiýeti



Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylygynda tebigy derman serişdesi hökmünde ulanylýar. Halkymyzyň täze jaýa göçmek, gelin edinmek ýaly milli toý däp-dessurlarynda hem üzärlik tütetmek däbi berjaý edilýär, her bir öýde bir desse üzärlik saklanylýar, sebäbi il arasynda üzärlik oty mukaddes ösümlik hasaplanylýar. Ol öýi gözden-dilden goraýar. Bu ösümlik birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar, maşgalada nerw dartgynlygyny gowşadýar we öýüň howasyny tämizläp durýar. Bu maksat üçin üzärligiň tüssesi peýdalanylýar. Häzirki zaman ylmy tarapyndan bu gadymy usulyň örän netijeli häsiýete eýedigi tassyklanyldy.
Dürli halklarda dürli at bilen meşhur bolan üzärligiň tüssesi adamyň saglygy üçin howply bakteriýalaryň öňüni alýar. Hatda «üzärlik», «zäldirk», «tütetgi», «iswent», «adraspan» ýaly dürlüçe atlandyrylýan bu ösümlik gadym wagtlardan bäri halk lukmançylygynda giňden peýdalanylyp gelinýär.
Bu ösümlik barada gadymy «Awestada» hem ýatlanylyp geçilýär (biziň eýýamymyzdan öňki VII-V asyrlar), onuň melhemlik häsiýetleri barada gadymy grek alymlary ýazyp geçipdirler. Merkezi Aziýada ýaşap geçen tanymal lukmanlar Abu Ali ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýan kitaby» we Muhammet Hüseýiniň «Melhemler hazynasy» atly eserlerinde hem bu ösümlik barada gymmatly maglumatlara duş gelmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bellenip geçilişi ýaly, üzärlik Türkmenistanyň çäginde bitýän güýçli hem-de täsirli dermanlyk ösümligidir. Bu gymmatly kitapda beýan edilişine görä, üzärligiň güýçli dermanlyk häsiýetiniň bolmagy onuň düzüminde dürli alkoloidleriň bardygy bilen düşündirilýär. Lukmançylykda üzärligiň oty (ösümligiň ýerüsti bölegi) we onuň tohumy peýdalanylýar. Üzärlik aprel-maý aýlarynda ýygnalyp, adaty usulda guradylýar we ony kagyz ýa-da mata haltada 1-2 ýyl saklamak bolýar.
Üzärlik ýiti respirator ýokanç kesellerinde, dürli nerw dartgynlyklarynda örän gowy täsir edýär. Bitmeýän ýaralary üzärligiň jöwheri bilen ýuwmak ýaranyň tiz bitmegine getirýär. Ýurdumyzyň şypahanalarynyň ählisinde diýen ýaly üzärlikden ýörite taýýarlanylýan wannalar bilen näsaglara şypa berilýär. Dürli mör-möjekleriň çakmagy netijesinde deride döreýän gyzarmalarda we dürli örgünlerde ösümligiň täze ösüp gelýän otuny ýenjip, örgüniň üstüne ýapsaň nepi degýär. Çölde mal bakýançopanlar aýaklarynda guragyry bolsa, säher bilen çyg üzärligi köwüşleriniň içine salyp geýip, dertlerine şypa tapypdyrlar.

Hurmagül ÝULDAŞEWA