AZADYNYŇ DOSTLARY


AZADYNYŇ DOSTLARY

Beýik şahyryň syrly setirlerine düşünmegiň ýolunda

Magtymguly Pyragynyň «Atamyň» diýen goşgusyny okamadyk adam bardyr öýdemzok. Ol beýik şahyrymyzyň öz pederi Döwletmämmet Azadynyň aradan çykmagyna bagyşlap ýazan goşgusy. Şeýle seredeniňde, goşguda hemme zat düşnükli: perzendiň öz pederiniň ölümine ýürek awusy beýan edilýär. Goşgyny okap, sen hem şahyryň özüçe gynanýarsyň. Döwletmämmet Azady halkyň adamy, geňeşdary. Onuň aradan çykmagy diňe şahyryň şahsy ýitgisi däl, bütin halkyň ýitgisi. Goşgyny gaýta-gaýta okaýarsyň. Okadygyňça-da onda ýene-de käbir zatlar aýdylýan ýaly duýgy döreýär.

Eýsem-de, Magtymguly näme aýtjak bolduka?!

Ynsanyň ömür saly altmyşa ýetmänkä, bu ýaş diýseň uly möhlet bolup görünýär, oňa ýetýänçä, adam öňünde goýan maksatlarynyň hemmesine diýen ýaly ýetýär, ýagny Hudaý halasa, kär ediner, öýlenip, maşgala gurar, ogul-gyz terbiýeläp, olary öýli-işikli eder, agtyk söýer, belki, çowluga-da ýüzi düşer. Altmyşa çenli adam ogly ähli etmeli işlerini-borçlaryny bir ýüzli edip, arkaýyn ömür sürermikä öýderdik. Emma özümiz altmyşdan geçip, türkmeniň gowy görýän ýaşyny — pygamber ýaşyny ýaşadyk welin, şonda-da etmeli işlerimiz azalmag-a däl, gaýtam, barha köpelip barýan ýaly. Şol işleri edip ýetişmek üçin hem, ilki bilen, saglygyň gerekdigine göz ýetirýäris. «Ähli zadyň sakasy — saglyk» diýlip, jaýdar aýdylýandygyna has gowy düşünýäris.

Soňuny görüp gelen ýok hem bolsa, baky ýaşaýşyň bardygyna hemmämiz ynanýarys: «Ölmek hak, direlmek hak!». Dinimiz şuny tassyklaýar.

Magtymguly Pyragynyň «Bu derdi» diýen goşgusyny ýatlalyň! Köpimiz bu goşgyny yşky-liriki goşgy hasaplaýarys. Ýöne goşgynyň soňky iki bendini okasaň, kelläňe başga-başga pikirler gelip başlaýar. Magtymguly paşmadyk söýginiň agysyny aglap, göz ýaş döküp ýörenlerden däl. Magtymgulynyň öňünde diýseň uly işler, maksatlar bar. Şol maksatlaryň biri-de, biziň pikirimizçe, şahyryň «Atamyň» diýen goşgusynda beýan edilýär. Magtymguly özüniň atasy hem halypasy, her bir işde maslahatçysy bolan iň eziz adamyň — atasynyň ölümi hakda ýazsa-da, «Meniň bilen deň aglaşyň» diýmeýär, ynsan üçin iň agyr ýitgi bolup biläýjek ölümi hem il-güne öwüt- ündew bermek maksadynda ulanýar. Iliň, köpçüligiň aladasyny edýär, dogry ýoly salgy berýär. Bu goşgy Magtymguly Pyragynyň hem, atasy ýaly, beýik ynsandygyny subut edýär.

Magtymguly «Atamyň» goşgusynda şeýle diýýär:

Müňkür bilmez, muhlyslaryň şeki ýok,
Pygamber dostudyr dosty atamyň.

Müňküriň kimdigi-hä düşnükli, «muhlys» diýilýänini bolsa, sözlük şeýle düşündirýär: «Muhlys — 1.Yhlas ediji, berlen. 2.Takwa».

Mälim bolşy ýaly, Döwletmämmet Azady örän sowatly, ylymly-bilimli bolupdyr. Oňa Garry molla diýilmeginiň sebäbi-de ýaş wagty din ugrundan sowadyny ýagşy çykandygy bilen bagly. «Muňa ýaş molla diýýäňiz welin, asyl, bu garry molla eken-ä» diýlen gürrüň hem Döwletmämmet Azady hakyndadyr. Onuň «Wagzy-Azat» eseri, ýazylanyna üç asyr geçendigine garamazdan, häzir hem ähmiýetini ýitirmeýän we hiç haçan ýitmejek esasy şertler, ýagny şa bilen raýatlaryň, häzirki zaman düşünjesine laýyklap aýdanyňda, döwlet Baştutany bilen halkyň özara sylanyşykly gatnaşygy, ýurtda abadançylygy, kuwwatly ösüşi üpjün edýän jemgyýetçilik agzybirligi, adalatly zähmet gatnaşyklary, watansöýüjilik, beýleki döwletler hem-de halklar bilen parahatçylykly we dostlukly hyzmatdaşlyk ýaly şertleri wagyz edýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, «Wagzy-Azat» diňe bir çeper eser bolman, hemme halklar we döwletler tarapyndan ulanylyp bilinjek, oýlanyşykly, ylmy-populýar, publisistik äheňde ýazylan gymmatly filosofik traktatdyr. Döwletmämmet Azadynyň nakyla öwrülip giden «Ýakma — bişersiň, gazma — düşersiň» diýen sözleri ХХI asyrda Berlin şäheriniň seýil bagyndaky «Akyldarlaryň ýodasynda» dürli dillerde daşa ýazylyp goýlandyr. Munuň özi beýik türkmen akyldaryna we şonuň bilen birlikde, tutuş türkmen halkyna goýulýan hormatdyr. Bu gün Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwründe Döwletmämmet Azadynyň döwleti edara etmek babatda aýdanlary öz beýanyny tapdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwlet adam üçindir!» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleri aýdylýanlaryň subutnamasydyr.

Eýsem, Magtymgulynyň atasynyň dosty bolmak, şeýdibem, ýalkanmak üçin näme etmeli?!

Ataň dostuna pygamberiň dostudyr diýmek üçin, ilki bilen, öz derejäň bolmaly. Halk her kime beýle diýdirmez. On soňam, ataň-da şeýle diýilmegine mynasyp bolmaly. Sebäbi Muhammet pygamber — goşguda bolsa hut şol göz öňünde tutulýar — Allanyň resuly, dosty. Şeýle bolansoň, oňa dost bolmak üçin kän-kän gowy häsiýetleriň, il içinde oňlanylýan başarnyklaryň, ýokary ahlak terbiýäň, şol sanda ylymly-bilimli bolmagyň hem zerur. Biziň şeýle diýmegimize Magtymgulynyň: «Pygamber dostudyr dosty atamyň» diýen setirinden soňky ýazanlary itergi berdi. Magtymguly Pyragy ýaşaýyşda ylmy-bilimi ähli zatdan ýokarda goýýar. Giň halk köpçüligine okamagy, bilmegi, kämillige ymtylmagy nesihat edýär. Häzirki döwrüň ýaşlary Magtymguly Pyragynyň şu aýdýanlaryna dogry düşünip, döwrümiziň ylymly-bilimli, medeniýetli hem salyhatly adamlary bolup ýetişmelidirler. Onuň üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilendir. Diňe biliňi berk guşap, yhlas edeniňde, maksadyňa ýetip bolýar.

Magtymguly Pyragy şu bent bilen goşgusyny jemleýär:

Magtymguly, gizle syryň bar içde,
Kämil tapsaň, kyl gullugyn serişde,
Magşar güni, elbet, girer behişde,
Her kim çyndan bolsa dosty atamyň.

Aýdylanlary jemläp, nähili netijä gelip bolar? Döwletmämmet Azadynyň eserlerinde öňe sürülýän pikirler BMG-ä agza döwletleriň hemmesiniň biragyzdan ykrar eden Türkmenistanyň Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň özenini kesgitleýär. Şöhratly taryhynda parasatly söze uýup gelen halkymyz döwletimiziň bitaraplyk syýasatyny ikelläp goldaýar. Şu nukdaýnazardan alanyňda, tutuş halkymyza «Azadynyň dostlary» diýip bolar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkymyz öz halal zähmeti bilen abadan, bolelin, eşretli durmuşy döredýär.

«Türkmenistan» gazeti

Seýitguly GELDIÝEW