SURAT


SURAT
(Hekaýa)



Suratyň adam ykbalyna şeýle ýiti täsir edip biljekdigine Aýlynyň ynanasy gelmedi. Bälçiklikdir öýdüp goýberen hatasy welin, «hemmesi özüňden» diýip, ýakasyny goýberenokdy. Wyždanynyň öňünde ol näler özüni aklasy geldi. Ýöne başarmady. Iň soňunda şojagaz hereketi ony ähli tarapdan gabap tora düşürýärdi. Şol pursat ol «özümden» diýip, hakykaty boýun alýardy...
...Aýlynyň agasy Annanyň edenli, başarjaň ýigitdigi barada Jemal jorasy Aýna köp gürrüň beripdi. Jemalyň Anna hakyndaky gürrüňleri Aýnany diýseň özüne çekdi. Annanyň Aýnany toýda görüp göwnüne ýarandygy barada getiren habary bolsa, gyzyň göwün guşuny al-asmanda pelpelletdi. Şondansoň Aýna entek bir gezegem ýüzbe-ýüz görüşmedik, ýöne hyýalynda halan ýigidi hakynda kän oýlandy. Gönüläp soramasa-da Jemal Aýnanyň Anna bolan duýgusynyň inçeligini bolşundan aňýardy. Şol gün Aýna şäherdäki daýzalaryna gitmäge taýýarlandy. Ol şadyýandy, aýdyma hiňlenýärdi. Garaşylmadyk wagt Jemalyň gelmegi, Aýnany geňirgendirdi:
— Jemal, menlik bir işiň çykdymy, oba gitmediňmi?!
— Hawa, daýzaňlara gitmänkäň soraýyn diýdim. Annany görmek isleseň, şu gün olara baranymda, suratyny alyba biljek?!
Aýna Jemala näme jogap berjegini bilmedi. Birdenem ýylgyrdy. «Bolýar, getir göreli» diýdi. Aýnany otluda-da Annaly pikirler erkine goýmady: «Gara gözli, gerdenlek, uzyn boýlumyka?! Nämeüçindiginä bilmedim welin, duýgularym-a şeýledir» diýýär.
Aýna hyýalynda göwün beren ýigidi baradaky pikirlere şeýlebir berlipdi welin, özüniň ýolagçy otlusynda barýandygynam unutdy. Bir küpede barýan bugdaýreňk gelnejäniň: — Al, çaý iç! Içiňi hümledip uzak ýoly külterlemek ýeňil düşmez! — diýen sözleri gyzyň pikirini böldi.
— Adyň kim jigi?!
— Aýna.
— Menem Nurgözel. Aşgabada gezelençmi?!
— Hawa, daýzamlara barýan.
Ýaş tapawudyndan bolsa gerek, Nurgözel bilen Aýnaň söhbedi şondan uzaga çekmedi.
Daşarda gije hökümini erkana ýöredýärdi. Asmandaky ýyldyzlaryň ýalkymy tümlüge ýagtylyk nuruny çaýdy. Asmana seretse-de Aýnaň pikiri henizem şol ýigitdedi. Onuň bilen ençeme gürrüňleriň başyny agardypdy. Käte gülüşýärdem. Hyýal arzuwlaryna gark bolan gyz ahyry paýtagta geldi. Ozal Aýna daýzalaryna gelse azyndan bir hepde gezerdi.
Daýzasynyň gyzy Aýjemal ikisi deň-duş bolansoň gürrüňleri alşardy. Bu gezek Aýjemal Aýna haýran galdy: — Birigün agşam öýe gaýdýan. Köp günlük gelmedim.
Ol bu sözi her ýarym sagatdan gaýtalady. Aýjemal Aýnanyň nähilidir bir aladasynyň bardygyny duýansoň, onuň bilen razylaşdy. Aýna üçin üç gün üç ýyla döndi. Otla münmeli güni ol, ýol şaýyny ir tutdy.
Aýjemalyň:
— Aýna, entek otlyň ugramagyna üç sagada golaý wagt bar. Demir ýol menzili bize golaý. Howlukmasana. Geleniň bäri öý diýip geçdiň. Näme aladaň bar gyz?
— Üýtgeşik aladam ýok-la. Her kimiň öýüdir-dä. Aýnany demir ýol menziline maşgala bolup ugratdylar. Ol otly gelip saklanandan ylgap mündi. Petegindäki ýeri gözläp tapdy-da ornaşdy. Mäkäm bat alan otly Aýnany säher çagy dogduk obasyna alyp geldi.
Ol öýe gelende Jemal öýlerindedi. Aýna Jemalyň gelerine sabyrsyz garaşdy. Jemal köp garaşdyrmady. Hamana ýitirip tapan ýaly, Aýna bilen mähirli salamlaşdy:
— Ynha, surat-diýip, jebis ýelimlenen bukjany Aýna uzatdy. Aýnaň ýüzüniň reňki üýtgedi. Inçe duýgusynyň aňylmagyndan ätiýaç edip, myssa ýylgyrdy. Bukjany jorasynyň ýanynda açyp durmagy uslyp bilmedi. Jemaly ugradansoň bukjany açdy. Suratdaky ýigidiň gyzyň hyýalyndaky keşp bile gabat gelşini diýsene. Boýumyz nähilikä?! Ol göz çaky bile boýlaryny deňeşdirdi. Menden-ä uzyn eken. Suratyň hyýalyndaky keşp bilen gabat gelşine Aýna haýran galdy. Ol suraty hiç kim görmez ýaly, özüne amatly ýerde ýygşyrdy. Surat indi Aýnaň hemrasyna öwrüldi. Ol surat bilen edil janly adam ýaly gürleşýärdi. Duýgularyny paýlaşýardy. Günler süýji arzuw-hyýallaryň içinde geçdi. Anna Aýnanyň ýüreginiň eýesidi. Aýna bir ýigidi gündiz huşunda, gije düýşünde bolup sergezdan söýerin öýtmändi. Yşga düşmek meselesinde gyzyň öz pikiri bardy: «Goý, yşgyň ýüküni ýigit çeksin. Gyz diňe söýülmäge mynasyp». Aýna oňlap gelýän pikiriniň, häzir gaňyrşyna gaýtdy. Bu başdan geçirýän duýgularynyň çözgüdidi. Ol söýgüň güýjüniň öňünde ejizdi. Ähli synaglaryna boýundy. Yşkyň ýüpsüz baglaýan güýçdigine hut şu pursat düşündi. Bu ýolda duýgularyna al salnar öýtmedi. Ýöne durmuş duýdansyz öwrüm etdi...
...Bu gün Aýna üçin üýtgeşik. Jemalyň säher bilen getiren habary gyz göwnüni al-asmanda pelpelletdi. Ol şu gün. Hawa şu gün Anna bilen duşuşmalydy. Ýigidiň öňünde ýylmanak görünmek üçin aýnaň öňünde özüni gaýta-gaýta synlady. Köýneklerini birlaý gözden geçirdi. Iň nepis ýakalysyny saýlady. Ol duşuşyga ir şaýlandy. Ýuwaş ädimläp barmaly seýilgähine geldi.
— Aýna salam diýip, uzyn oturgyçda oturan ýigit şadyýan garşylady. Aýna:
— Salam, siz kim?! diýip, ör-gökden geldi.
— Men Anna, näme tanamadyňmy?!
— Menem Aýna, ýöne men başga Annany görmelidim.
— Siz bir ýalňyşlyga goýberýäňiz. Siz Jemalyň jorasy Aýna dälmi?!
— Hawa.
— Onda biz dogry tapyşdyk. Ýeňsiziniň jübüsindäki suraty görüp Aýnaň ini jümşüldedi.
— Ýok, ýok siz däl diýip, ýene başga hörpden gopdy.
Anna nähilidir bir ýalňyşlygyň bardygyna göz ýetirensoň:
— Geliň, düşünişeliň!
— Geliň!
— Men ine, şu Annany görmelidim. Aýna jübüsine salan suratyny çykardy. Anna aňk-taňk bolmakdan ýaňa näme diýjegini bilmedi.
— Nämä beýle doňup galdyňyz?!
— Bu surat size nähili düşdi?
— Anna Jemaldan iberipdir. O nähili iberipdir. Anna men. Suratdaky inim Aýly. Aýnaň ýüzi boz-ýaz boldy.
— O nähili?!
— Bu zatlaryň nähili çolaşyk bolanyna düşündirip biljek däl. Ýöne bukja öz suratymy salypdym. Şol wagt inisi Aýlynyň keşbi Annaň göz atymynda peýda boldy. Käte Aýly oýunlyga salyp nädürs hereket ederdi. Ol hemişe öz hereketine degişmedir öýderdi. Anna bu oýnuň Aýlydan turandygyny çaklasa-da ýagdaýyň änigine-şänigine ýetmän ol hakda dil ýarmady. Anna batyrgaý herekete geçdi:
— Aýna, men bolan ýagdaýyň sebäbini anyklaýyn. Ertir şu ýerde duşuşyp bilerismi?! Oňaýsyz hala düşen Aýna hakykaty bilmek zerurdy:
— Bolýar, irden. Olar tukat hoşlaşdy. Aýna Jemalyň ýanyna nädip ýetenini bilmedi.
— Jemal bu näme etdigiň diýip, jorasynyň al-petinden aldy.
— Näme edipdirin?!
— Mönsireme. Beren suratyň Annaňky däl-de jigisi Aýlyňky eken. Haýran galmakdan Jemalyň gözleri ýiteldi.
— Näme. Ynha meň suratym diýip, beren-ä Annaň özi. Jemal haýdan-haý ýola şaýlandy. «Tamdyra gyzanda ýap» diýipdirler. Bu zatlaryň sebäbini bileýin. Gyssagym özüm bilen. Jemal şo gidişine gün ýaşanda dolanyp geldi:
— Aýna, belaň körügi Aýly-da. Ol suraty çalşypdyr. Oýun edip eden işim boldy diýip, ýüzüni sallap otyr. Anna gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýar. Aýnaň üstünden gyzgyn suw guýlana döndi.
— Heý-de duýgy bilen şeýle oýun edilermi?! Ol adamyň ykbaly bilen oýun gurmak ahyry. Ol şuňa düşünmedimikä?! Aýna göreçleri bilen uzaklary nazarlap çuň oýa batdy. Gyzlaryň arasyna düşen dymyşlyk esli wagta çekdi. Dymyşlygy Aýna bozdy:
— Bolan ýagdaýa garamazdan, Anna bilen düşünişmegim gerek?!
— Bagyşla, Aýna. Men bu zatlar beýle bolar öýtmedim.
— Seň günäň ýokdugyny bilýän Jemal. Şojagaz surat meň ýüregimde yşk oduny alawlatdy diýmeseň, bu ýerde bolan zadam ýok-la. Ýöne meň ýüregimiň yşk alawyndan sowamagy üçin wagt gerek. Özem uzak wagt gerek. Umumana wagt ýürek awusyny bejeriji ýeke-täk melhem diýýärler. Yşk derdini bejermek üçin wagtyň özüne-de wagt gerek ahyry — diýip, Aýna ýene uzaklary nazarlady.
...Aýna düşnüksiz pikirlere berlip, daňyny atyrdy. Ol Anna bilen duşuşmaly ýerlerine howlukdy. Anna eýýäm garaşyp otyrdy:
— Aýna, salam, ýagdaýlaryňyz oňatmy?!
— Salam. Men sizi diňleýän.
— Aýna, men size düşünýän. Inim Aýlyň hereketine nähili garajagymy özümem bilemok. «Indi hiç wagt beýle hereket etmen. Bagyşlaň!» diýip, ýüzüni sallap otyr. Anna dymdy. Aýna daşy bukjaly suraty Anna uzatdy:
— Alyň, suraty Aýla gowşuryň! Oňa aýdyň: «Durmuşda ähli ýalňyşlyklary düzetmäge mümkinçilik bar. Ýöne adam duýgusy welin, hiç wagt oýny kabul etmeýär, ýalňyşlygy bagyşlamaýar, diňe hakykaty kabul edýär».

Ogulgurban GAŞLAKOWA