Hyzmatdaşlygyň aýdyň ýolunda


Hyzmatdaşlygyň aýdyň ýolunda



Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýan ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, bu abraýly guramanyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary doly goldawa eýe bolýar. Milli Liderimiziň parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly energetika we ulag, ekologiya hem-de howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlarda öňe süren teklipleridir başlangyçlary häzirki wagtda iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň üsti bilen durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Gahryman Arkadagymyzyň dünýädäki uly abraýyny, rowaçlyklara beslenýän il-ýurt hem-de dünýä ähmiýetli tutumlaryny nazara alyp, halkara bileleşigi ýurdumyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna altynjy gezek saýlady. Munuň özi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şu ýyl şanly 25 ýyllygynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygynyň dabaraly bellenilýändigi bilen baglylykda örän uly ähmiýete eýedir.
Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolup durýan döwletleriň ählisi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolan Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň orun eýeleýär we köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup, olaryň çäklerinde degişli halkara işleri amala aşyrýar, netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Hyzmatdaşlyk edýän ýyllarynda ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy gorap saklamakda, hoşniýetli goňşyçylygy we dostlugy ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde parahatçylygy, halkara durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleri boýunça oýlanyşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär. Türkmenistan ylalaşdyryjy we döredijilik kuwwatynyň bütin adamzada hyzmat etmegini maksat edinip, bu ugurda anyk işleri geçirýär. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň belent maksatlaryna laýyk gelýär.
Täze taryhy döwürde Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de beýleki halkara guramalary bilen energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiya meselelerini çözmek boýunça ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda ulag üpjünçilik, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlyk dowam edýär.
Halkara hyzmatdaşlygynyň ysnyşykly gatnaşyklary bilen ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Döwran PYHYÝEW