Ruhy gymmatlygyň hazynasy


Ruhy gymmatlygyň hazynasy



Geçmişde dünýä medeniýetine öz milli gymmatlyklary, edebi mirasy bilen uly goşant goşan türkmen halkymyzyň baý şöhratly ýoly, çuň taryhy bar. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda şu günki ýaş nesillerimize ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy öwretmek, olary watansöýüji, özünde ýagşy häsiýetleri jemleýän ylymly-bilimli adamlar edip terbiýelemelidigimizi yzygiderli nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işi hem döwrebap ösdürilýär. Ýurdumyzyň merkezi kitaphanalary bitewi elektron ulgama birikdirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy şol kitaphanalaryň bitewi merkezi bolup durýar. Munuň özi elektron sanly ulgam arkaly okyjylaryň özlerine gerekli maglumaty ýurdumyzyň ähli merkezi kitaphanalaryndan tapyp bilmegine şert döredýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň welaýat, etrap merkezi kitaphanalaryna hem ylmy-usuly kömekler berip durýar.

Bu günki gün kitaphana medeni-köpçülik çäreleriniň, ylmy maslahatlaryň, kitap sergileriniň, täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralarynyň, döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýän ýeri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň kitaphana işini ösdürmek babatda edýän tagallalarynyň netijesinde, bu ugurda uly üstünliklere ýetildi. Milli we edebi mirasymyza uly gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren Metbugat öýi toplumynda baý edebi mirasymyza, halk döredijiligimize degişli gymmatly eserler yzygiderli çap edilip, okyjylarymyza ýetirilýär.

Biziň bagtyýarlyk döwrümiziň ýaş nesilleriniň kitap okamaga bolan söýgüsi gün-günden artýar. Olar, esasan, hormatly Prezidentimiziň ýazan ajaýyp eserlerini, milli mirasymyza degişli kitaplary, okuw kitaplaryny we çeper edebiýatlary okaýarlar. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ähli işler döwrebap guralan.

kitaplary gysga wagtda tapyp bilýärler. Elbetde, bu ugurlarda häzirki wagtda köp işler alnyp barylýar. Kitaplar elektron ulgamyna ýüklenilýär. Okyjylara ähli ugurlar boýunça döwrebap hyzmatlar edilýär. Täze iş tejribeleri ornaşdyrylýar. Dürli bäsleşikler geçirilýär. Çünki kitaphanamyz ähli jemagat kitaphanalaryny utgaşdyryjy merkezdir.

Şu ýylyň maý aýynda Döwlet kitaphanamyzyň döredilenine 125 ýyl dolýar. Şu geçen döwrüň içinde bu ylym ojagyna, ýagny ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasynyň mesgeni bolan mukaddes ýere, gör, näçe okyjy — näçe talyp, näçe alym gelendir. Olar bu ýerde öz ylym-bilimlerini artdyryp, il-güne ýaramly adamlar bolup ýetişendirler. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, kitap — mukaddes, kitaphana hem mukaddes. Biz muny Gahryman Arkadagymyzyň kitap, kitaphana hakynda aýdan pähim-paýhaslaryndan, dürdäne sözlerinden hem bilýäris.

Eziz Watanymyz şu ýyl, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuny toýlar. Öz ynsanperwer syýasaty bilen ady dünýä dolan Gahryman Arkadagymyz bu ugurda dünýä nusgalyk işleri alyp barýar. Hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty, dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ýurtlar, halklar üçin ähmiýetli bolan BMG-niň Mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary, dünýäde giňden goldanylýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary we orta okuw mekdeplerinde, medeniýet we sungat ojaklarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuna bagyşlanan dürli dabaralar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem bu şanly toýa bagyşlanan dürli çäreler, kitap sergileri we döredijilik agşamlary yzygiderli geçirilýär. Geçirilýän dabaralarda ýurdumyzyň dünýä ýüzüne dolan ajaýyp üstünlikleri, ýeten sepgitleri hakynda giňişleýin söhbet edilýär.
Tuwakgül GYLYJOWA