Beýik türkmen döwletiniň ýüregi sen, Aşgabat!
Ajaýyp suw çüwdürimleriniň, aýdym-sazyň we söýginiň şäherine öwrülen Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn görklenip, şahandaz türkmeniň gözellige teşne kalbyny has-da ylhamlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň kalp gözelliginden wysal bolup, dünýäniň iň ösen şäherleri bilen bäsleşýän Aşgabadyň gözelligini bu günki günde görmäge göz, tarypyny söýlemäge söz gerek. Ak mermere beslenen paýtagtymyzda döwrebap binalaryň, ymaratlaryň, desgalaryň milli äheňde gurlup, ulanylmaga berilmegi bolsa, halkymyzyň binagärlik sungatynyň asyrlara rowan taryhy, gadymy kökleri bilen sazlaşmasydyr.
Arzuwlaryň ak şäheri hasaplanýan paýtagtymyzyň halkara sergilerdir ylmy maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülmegi hem milli Liderimiziň halklar arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklaryny, dostana hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak babatdaky tagallasyndan ugur alnyp amala aşyrylýan işleriň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda ajaýyp binagärlik keşbi, kaşaň binalary bilen dünýä jahankeşdelerini haýran edýän paýtagtymyzdaky «Oguzhan» köşkler toplumy, Prezident köşgi, Adalat köşgi, Ruhyýet köşgi, Bagt köşgi, Maslahat köşgi, Sergi köşgi, Mukamlar köşgi, Milli Garaşsyzlyk seýilgähi, «Ylham» seýilgähi, «Aşgabat» seýilgähi we beýleki döwrebap desgalar munuň aýdyň mysallarydyr.
Dünýä ölçeglerine laýyk bina edilen şaýollar, seýilgähler, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýan adamlar üçin gurulýan ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, gijelerine gül çyralaryň şuglasy bilen utgaşyp has-da gözel görünýän suw çüwdürimleri nurana ertire ynam oýarýar. Bu döwrebap binalaryň birnäçesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi, türkmeniň binagärlik sungatynyň has-da pajarlaýandygyny alamatlandyrýar.
Ynsanyýet üçin gyzyldan gymmatly baýlyklaryň biri bolan saglygy gorap saklamakda, berkitmekde, sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekde, geljegimizi gülletjek ýaş nesliň sagdyn bedenli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmakda hem hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda bimöçber işler amala aşyrylyp, paýtagtymyzda ençeme saglyk we sport maksatly binalar gurlup ulanylmaga berildi.
Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň şäherinde ýurt Baştutanymyzyň tagallasy bilen bina edilen Lukmançylyk şäherçesi, enäniň we çaganyň saglygyny goraýan «Ene mähri» merkezi, Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, Şikesleri bejeriş halkara merkezi, Serhetçileriň merkezi hassahanasy, Stomatologiýa merkezi, şeýle-de «Olimpiýa» şäherçesi, «Köpetdag», «Aşgabat» stadionlary, suw-sport toplumlary, Buzly köşk, Saglyk ýoly, Asma ýol, Aşgabadyň durky täzelenen atçylyk sport toplumy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumy we başga-da häzirki zaman binalar ak şäherimiziň görküne görk goşýar.
Tapylgysyz hazyna hasaplanylýan saglygy berkidip, ruhubelentlige atarýan şeýle binalaryň häzirki pursatda hem gurluşygynyň dowam etdirilýändigi, aýratyn bellärliklidir. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjünlenen şeýle ajaýyp binalary gurduryp berýändigi üçin paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň döwlet Baştutanymyzyň adyna aýdýan alkyşlarynyň çägi ýok.
Bir-biri bilen özara sazlaşyp özboluşly ýaşaýyş mukamyny emele getirýan «Arkadag», «Ýyldyz», «Abadançylyk», «Ylym», «Ak bugdaý», «Saglyk» hem-de beýleki binalar hem Aşgabadyň binagärlik keşbine gözellik goşýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk çözgütleriniň baş maksatnamasynyň esasy maksady hem gözel paýtagtymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň paýtagtlarynyň üýtgeşik binagärlik keşbi bilen taryha siňen gündogaryň beýik şäherleriniň derejesinde gurmakdan we täze belentliklere götermekden ybaratdyr. Asuda, abadan ýurdumyzyň nurana geljegini sagdyn, bilimli, ruhubelent ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi, okamagy, döretmegi, işlemegi hem-de oňat dynç almagy barada taýsyz tagallalar edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk syýasatynyň esasynda bina edilen paýtagtymyzyň gözel görküni goşalandyrýan «Älem medeni-dynç alyş» merkeziniň iň uly, ýapyk görnüşli aýlanýan syn ediş hiňňildiginiň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa, ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, milli Liderimiziň ýaş nesliň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik işleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezindedigini ýene bir mertebe aýdyň şöhlelendirdi.
Giňdiwara özboluşly ýaraşyk berip, Aşgabadyň görküne görk goşup oturan Saglyk ýolunyň hem adamlara eçilýän lezzeti üýtgeşik. Jana şypaly tämiz howaly Saglyk ýolunyň çar tarapynda ösüp oturan ýaşyl arçalar bolsa, seriňi durlap, kalbyňda ýakymly duýgulary oýarýar.
Türkmeniň ajaýyp tebigaty, haýwanat dünýäsi, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan jandarlar bilen tanyşdyrmakda tämiz howaly Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýiniň hem ähmiýeti uludyr. Milli we gözellik, sungat eserleri görkezilýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi, Türkmen halysynyň muzeýi hem şähere aýratyn röwüş çaýýar.
Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladasy bilen günsaýyn gözelleşýän paýtagt şäherimiz bu günki günde dünýäniň iň ösen döwletleriniň paýtagtlary bilen bäsleşýär.
Bagtyýar türkmen ruhunyň we buýsanjynyň dabaralanýan bagt şäheri Aşgabady gülledip mähriban halkynyň bagtyýar ýaşamagy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründen ruhlanyp işlemegi, okamagy, döretmegi barada taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun.
Arkadagyň paýhasyndan şany äleme dolan,
Beýik türkmen döwletiniň ýüregi sen, Aşgabat!
Şygyrlarda şereplenip, waspy şirin söýlenen,
Ak arzuwlaň, umytlaryň şäheri sen, Aşgabat!
Ruhlandyryp her gün işe göwnümizi galkyndyrýaň.
Ýaşyl otlaň, elwan gülleň ýaz-bahary ýada salýar,
Gözellige daýym teşne göreçleri dokundyrýaň,
Aýdym-sazyň, aşyklaryň mekany sen, Aşgabat!
Aýna ýaly ýalpyldaýan uly, ajap şaýollaryň,
Deňiz tolkunlary deýin joşdurýar, kalp ylhamyň.
Çüwdürimleň täsin, gözel, yşgyna gülçyralaň,
Arzuwlanýan şäherleriň seresi sen, Aşgabat!
Miwe BEKMYRADOWA