Ozal akan ýerden akarmyş aryk


Ozal akan ýerden akarmyş aryk

Şygryýetiň gülleýän ýurdunda pyntyk ýaran zehinler dogrusynda kelam agyz söz

Akyldarlar aýtmyşlaýyn, «döredijiligiň çür başy — şygryýetiň», ýagny kalbyň jümmüşinde döräp, kükregiňi aldym-berdime salyp, durkuňy sarsdyran nepisden inçe duýgyny pikir bilen ýugrup, soňra-da şahyrana galyba salyp bilmek başarnygyny talap edýän şygryýetiň ynsana täsiri-de başgaça. Türkmeniň nusgawy edebiýatynyň akabasynda duran Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Seýitnazar Seýdiniň, Zeliliniň şahyrana döredijilikleri ussatlygyň naýbaşy nusgasy bolup, türkmeniň ruhyýetinde we aňyýetinde özüniň mynasyp ornuny tapdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň döredýän akyl-paýhasa baý eserlerini, ezeli şygyrlaryny okap, ondan lezzet almak bagtyna mynasyp bolan halkymyzyň şol eserleriň täsirine düşüp, özleriniň hem döredijilige garylyp gidýändigi durmuş hakykaty. Bu goşgularyň, aýratyn-da, ýaşlarymyza güýçli täsir edip, dünýägaraýyşlaryny çeper beýan etmäge ymtylýandyklaryna, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp şygyrlaryny aňlarynda we ýüreklerinde göterip, indiki naýbaşy eserini ýazyp, halkyna ýetirmegine garaşýandyklaryna göz ýetirýärsiň. Eser duýga we pikire baý bolanda, has güýçli täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň dillerde aýdyma öwrülen «Bedew», «Türkmen alabaýy», «Leýlisaç» ýaly goşgulary şygryýet ülkesiniň bossan täjidir. Şygyrlar dünýäsiniň keramatly bosagasyndan ýaňy ädim äden başlangyç şahyrlar üçin bolsa ajaýyp nusgadyr. Çünki bu eserler düşnükli we sada dilde ynsanyň içki duýgusyny neneňsi çeper beýan edip boljakdygyna beýik mysal bolup durýan ajaýyp goşgulardyr.

Şahyrana döredijilige tarap ymtylýan talyplaryň okuw sapaklarynyň geçilýän döwürlerinde-de, kitaphanalarda-da, ylhamy joşup, döredijilige gümra bolup oturan halatyna mugallymçylyk kärinde ençeme ýyllar işlän mugallym iň bolmanda bir sapar duşan bolsa gerek. Bu ahwalatyň bar zatdan-da has gyzykly bolýandygyny maňa başardygymdan gürrüň bermäge ygtyýar beriň. Dogrusy, ýaş şahyryň şahyrana ahwala düşüp, täze ýazan goşgusyny okap bermek üçin öz halypasyny gözläp tapmagy, ony okap, soňra-da soragly nazaryny dikip: «Goşgymy haladyňmy, mugallym, şowly çykypdyrmy?» diýen sözsüz sowalyny gözlerini balkyldadyp, nazary bilen saňa bermegi garşysynda duran mahalyň seniň jogapkärçiligiňi öňküden-de artdyrmaýarmy näme? Şeýle ýagdaýyň ýüze çykmak ähtimallygynyň bolmagy geçýän okuw dersiňden daşary hem şahyrana döredijilik, çeper kyssalar babatda giňişleýin düşünjeli bolmagy, nusgawy şahyrlaryň şygyrlaryna düşündiriş bermek ukyplaryna eýe bolmagy talap edýär. Seniň dörediji talybyň öňüne geçip, iki esse döredijä öwrülmelidigiňi tekrarlaýar. Döwür, beýik ösüşler we özgertmeler, mugallymçylyk wezipäň köptaraply bilimdar adam bolmaklygy, ussat halypa öwrülmekligi seniň öňüňde mukaddes borç edip goýýar.

Ýyllaryň dowamynda talyplara bilim, terbiýe berip, olaryň zehin bäsleşiklerinde, edebi agşamlarda, çeper okaýyşlarda yhlas bilen çykyş edişlerini synlamak mugallym üçin uly bagt. Talyp ýaşlar bilen döredijilik agşamlaryny gurnap, olaryň poeziýanyň, çeper döredijiligiň täsiri, asyl-ha ynsanyň kalbynda döreýşi we içki dünýäňi bütinleý özgerdişi dogrusynda gyzykly söhbetlere gatnaşyp, pikir alyşmagyň özüň üçin-de bimöçber haýyrly tejribe bolýandygy gürrüňsizdir.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda indi ençeme ýyl bäri edebiýat mugallymy wezipesinde işläp, şeýle zehinli ýaşlara bilim, terbiýe bermek bagty bize-de miýesser etdi. Şu günki söhbedimde şahyrçylyk sungatyna göwün beren şeýle talyp ýaşlarymyzyň käbirleri dogrusynda, olaryň goşan goşgulary, bentlerde ýöredilýän pikir barada aýtmagy makul bilýärin. Çünki diňlemek bilen çäklenmän, goşgularynyň ýazmaça nusgalaryny özbaşdaklykda okap, olaryň özboluşly taraplaryna, galam ýörediş, pikir beýan ediş usullaryna üns bermegi dogry hasaplaýaryn. Ilkinji nobatda hem, institutymyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Şöhrat Myradowyň goşgulary barada durup geçmegi makul bilýärin. Çünki bu ýigidiň goşgularyny okap, döredijiliginde şeýle özboluşlylygyň bolmagyna, ýaşlygyna garamazdan, eýýäm öz pikir örüsiniň barlygyna diýseň begenýäris. Onuň «Eziz obama», «Ýaz paslyna», «Ýagyş», «Güller» ýaly goşgularynda Watanymyzyň ajaýyp tebigatynyň gözel keşbini suratlandyryşy göräýmäge öň hem duş gelen ýaly. Ýöne setirleriň akgynly gitmegi, goşgy düzüliş kadalaryny doly berjaý etmegi, başlan pikirini gutarnykly jemläp bilmegi gutlanmaly hadysa. Aýratyn-da, ýaş şahyryň «Üýtgeşik söz» goşgusyny gaýtalap-gaýtalap okap görýän. Bu goşguda ýaş zehiniň eziz käbelerimize bolan mähribanlygy ýürekden ýaňlanýar. Onuň «Watan» goşgusynda bolsa ata Watana bolan çäksiz söýgi, tükeniksiz buýsanç beýan edilýär. Ýaş şahyryň:

Maňa ýetik dünýädäki barlygyň,
Sen genji-hazynam, çäksiz baýlygym.
Ýaşadýar goýnuňda ajap çaglaryň,
Kalbymyň sedasy, senasy Watan!

— diýen setirlerinden ýaş kalbyň watançylyk duýgusynyň belent owazyny eşitmek bolýar. Ýeri gelende, talyp Şöhrat Myradowyň goşgy ýazmak ukybynyň eýýäm mekdep okuwçysy wagtynda kemala gelip, döwletimizde geçirilen bäsleşiklere gatnaşandygyny we baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny hem bellemelidiris. Mysal üçin, 2017-nji ýylda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň — 2017» bäsleşiginde etrapda I ýere, welaýat boýunça II ýere mynasyp bolandygy, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy tarapyndan yglan edilen «Ylhamly ýaşlar» bäsleşiginiň ýeňijisi bolandygy guwandyryjydyr. Şol ýylyň özünde «Nesil» gazetiniň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy ýaş zehiniň şahyrçylyk sungatyna ýaşlykdan çynlakaý ýapyşandygyna subutnamadyr.

Gülmerýem Ataýewa institutymyzyň 2-nji ýylynda okap bilim alýar. Onuň joşgunly kalbyndan syzdyryp aýdýan goşgy setirlerinde Watana bolan buýsanç, mähriban topraga tagzym, ynsan mertebesi, ene mukaddesligi wasp edilýär. Onuň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» goşgusyndaky:

Ak kepderi ganat ýaýýar asmanda.
Ýaşyl Tugum pasyrdaýar asmanda.
Parahatlyk höküm sürýär Watanda,
Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany

— ýaly setirler talyp gyzyň Watanymyzyň asudalygyna, parahatlygyna, hemişelik Bitaraplygyna buýsanýandygyny subut edýär. Ýaş şahyr gyzyň «Ene ýüregi» goşgusyndaky aşakdaky setirlere hem üns bereliň:

Ene mähri bilen gandyrar seni.
Bagra basar, gorap saklar janserek.
Keramatly sözi derdiň melhemi,
Üstüňde kökenek, göýäki melek...

Goşgy setirlerinde ýöredilýän pikir, öňe sürülýän ideýa mähriban enelerimiz barada. Gülmerýem bu pikiri öz sözi bilen özboluşly okyjysyna ýetirmegi başarypdyr. Galyberse-de, talyp gyzyň kapiýa, bogun ölçegi babatda durnukly kada gelip bilmegi geljekde gowy goşgular ýazmaga ukyplydygyndan habar berýär.

Institutymyzyň göreldeli talyplarynyň biri Aýtäç Amansähedowa hem heniz mekdep okuwçysy wagty ýurdumyzda geçirilen edebi-çeper döredijilik çärelerine işjeň gatnaşyp gelýän ýaş şahyr. Onuň goşgularyny labyz bilen okap, edebi agşamlarda yzygiderli çykyş etmegi yhlaslydygyny görkezýär. Aýtäjiň «Jogapsyz sowal», «Pyragy», «Özüm bilen gepleşik», «Dünýä we durmuş», «Hakyky gözellik» ýaly goşgularyny okap, ynsan we ynsap, halypa hormat, dünýä hem durmuş, öz-özüň bilen filosofik pikir ýöretme, gözellige garaýyş ýaly many-mazmunyň ýatandygyna göz ýetirýärsiň. Bu gyzyň pelsepewi oýlanmalarynyň, eger şu röwşüni ýitirmän dowam edenliginde şowly netijeleri berjekdigine, ajaýyp eserleri döredip biljekdigine şaýatlyk edýärmikä diýýärin.

1-nji ýyl talyp Şemşat Ummadowa aňyrdan alyp gelýän joşgunly badyny gowşatman, dogry akaba ugrugyp gidenliginde, geljekde gowy eserler döredip biljek. Ýöne hakykatyň hatyrasyna bir zady durkum bilen nygtamakçy, zehinli ýaşlaryň diňe agzalanlary däl, eýsem, her biri zehinini «taraşlamasa», tükeniksiz yhlas siňdirip, zähmet çekmese, kämillige ýetip bilmezler. Muny ýaşlar gaty berk bellemeli. Şemşadyň çagalar temasyndan ýazan «Horaz sesi», «Siziň üçin, körpeler!» gepleşigine», «Çagalyk» ýaly goşgulary bizi — ululary-da biygtyýar çagalyk ýatlamalaryna alyp gidýär. Şonda awtoryň liriki gahrymany bilen deňine hereket edip, dünýäň bilen çaga öwrüleniňi duýman galýarsyň.

Käte ýatlaýaryn çagalyk döwrüm,
Tolgunyp, ýylgyryp bakýaryn yza.
Birden ýatlamalar edýär-de öwrüm,
Gözüm düşýär öýkelejik bir gyza...

Şeýle setirler bilen başlanýan goşgusy munuň aýdyň subutnamasy. Talyp şahyryň bu goşgusyny okap, on bir bogundan ybarat setirlerde durnukly kada boýunça bentleriň jemlenip, kapiýa, rifma ýaly goşgy ýazylyş talaplaryň saklanandygyna-da buýsanýarsyň. Ýaş şahyr bir wakany başdan-aýak yzygiderli gürrüň berýär we pikiri ökdelik bilen jemleýär. Onuň «Watanym» diýen goşgusynyň ilkinji bendindäki:

Ene toprak abat, asman arassa,
Şat durmuşy synlap sag bolar hassa.
Arkadaga alkyş bir ajap kyssa,
Nesilleri saýrak dilli, Watanym

— ýaly setirleri bolsa ýaş şahyryň özboluşly pikirlenip bilýändigine güwänamadyr. Goşgynyň:

Watan, şirin janym, gara gözümdir,
Bitaraplyk saçakda bol duzumdyr.
Arkadaga alkyş her bir sözümdir,
Bitarap, parahat, eziz Watanym

— ýaly jemleýji setirleri talyp şahyryň Watan hakyndaky duýgusynyň, watansöýüjilik dünýägaraýşynyň aýdyň beýany bolup, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň Hormatly Prezidentimize bolan alkyşnamasy bolup ýaňlanýar.

Institutymyzda dörediji ýaşlaryň agzalan sanawyndan has-da känligi ykrar edilen hakykat. Çünki ýurdumyzda şahyrana döredijiligiň gülleýän döwründe, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan bu gözel ýylda ylhamy gaýnap-joşmajak ýekeje-de talyp ýok bolsa gerek! Gaýtam, tersine, eždatlarymyzyň: «Ozal akan ýerinden akarmyş aryk» diýşi ýaly, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Kemine, Seýdi, Zelili... ýaly nusgawy şahyrlary dünýä beren onuň alyhezreti Şygryýetiň gülleýän ýurdunda ýaşaýandygyna halkymyz, ýaşlarymyz buýsanýarlar. Ýaş şahyrlarymyz hem şol beýik şygryýet daragtynyň gözel güllerine öwrülmek üçin pyntyk ýaryp açylýarlar.

Ogulkeýik Nurberdiýewa