Elmydama sagdyn boluň, adamlar!




Saglyk hemem beglik bolup, goý, munda,
Päklik bolsun adamzadyň göwnünde,
Arkadagly gül Watanyň goýnunda
Elmydama sagdyn boluň, adamlar!

Doýman bakýaň gür miweli baglara,
Dert ýolukmaz hergiz kalby baýlara,
Seýle çykyp sähralara, daglara,
Elmydama sagdyn boluň, adamlar!

Ýurdumyz bar, goýny bagy-bossanly,
Daglary bar, başy mydam dumanly,
Sport bilen meşgul bolup dowamly,
Elmydama sagdyn boluň, adamlar!

Halallyk bar ýere ýagarmyş hümmet,
Zähmet çekip, eziz ýurduňy güllet!
Gül Watana edip ýürekden hyzmat,
Elmydama sagdyn boluň, adamlar!

Ogulgül ÖRÄÝEWA