Halk hakydasynyň hatyrasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly däplerine we dessurlaryna aýratyn sarpa goýulýar. Şöhratly taryhymyzda Watanymyzyň asudalygy, azatlygy ugrunda iň soňky demine çenli gahrymanlarça söweşen ildeşlerimiz bu gün halkyň hakydasynda baky ýaşaýar. Milli senenamamyza laýyklykda, her ýylyň 6-njy oktýabrynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gerçeklerimiz hatyralanýar. Olaryň Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary halkyň ýüreginde öçmejek orun aldy.
Gahrymanlaryň hakydasyny hatyralamak köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelge bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Şeýle-de, 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gijede bolan pajygada — Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyz hatyralanýar.
Hatyra düzgünlerini, ýatlama dessurlaryny berjaý etmek, öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak halkymyzyň sarpalaýan ýörelgeleriniň biridir. Şu mizemez kadalar nesilleriň hem-de döwürleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýär, ynsanperwerligi, belent ahlaklylygy görkezip, agzybirligi hemde jebisligi berkidýär. Taryhda halkymyz geljekki nesilleriň bagtyýarlygyny arzuwlapdyrlar, şol arzuwa ýetmek üçin tagalla edipdirler. Halkymyzyň hatyra däplerinde belent ahlak häsiýetleri, beýik ynsanperwerligi dabaralanýar.
Geçen asyr türkmen halkynyň ykbalynda synagly döwür bolup taryha girdi. Heniz 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň kalplara salan ýarasy bitmänkä, halkymyz ýene bir uly synaga — Aşgabady we onuň töweregindäki obalary gurşap alan tebigy betbagtçylyga sezewar boldy. Süýji arzuwlara umyt baglap ýatan ynsanlaryň parahat ukuda wagty göz açyp-ýumasy salymda duýdansyz gopan aýylganç apat watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň ömür tanapynyň kesilmegine getirdi. Bu ýowuz günde diri galan ildeşlerimiz mertligiň, edermenligiň, ynsanperwerligiň gaýtalanmajak nusgasyny görkezdiler. Olar örän agyr şertlerde müňlerçe adamy kesegiň astyndan alyp çykdylar.
Bu pajygaly wakalar hiç haçan öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere hemişelik öçmejek ýaralary saldy. Gazaply döwürlerden näçe ýyllar geçsede, Watan üçin şirin janyny orta goýan merdana pederlerimiziň nusgalyk gahrymançylygy, olaryň yzynda ýar ojagyny saklan mährem enelerimiziň zähmet edermenligi hiç wagt unudylmaýar.
Adamzat taryhynyň iň weýrançylykly tebigy heläkçilikleriniň biri bolan şol hasratly gijede milli Liderimiziň mähriban atasy, 1941—1945-nji ýyllaryň uruş weterany, öz ömrüni ýaş nesle bilim bermek ýaly asylly käre bagyş eden ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew wepat boldy.
Agyr hem pajygaly weýrançylygy getiren şol ýer titremesi indi uzakda galdy. Bu gün hormatly Prezidentimiziň esaslandyran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edilen arzuwlar, päk umytlar hasyl bolýar. Garaşsyz döwletimiz gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzy yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, syýasy-jemgyýetçilik özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Gözel paýtagtymyza seýil edeniňde, onuň sanlyja minutda «ýer ýykylan ýyly» diýlip atlandyrylan pajygaly wakany başdan geçirenine ynanar ýaly däl. Soňky ýyllarda Aşgabat şäherini ösdürmegiň ençeme tapgyrlarynda täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi, özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edildi. Paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde şol pajygaly wakanyň pidasy bolan şehitleriň hem-de ykbalyny Watanyň parahatçylygyna, halkyň asudalygyna baglan türkmeniň mert ogullarynyň hatyrasyna «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bina edildi. Her ýylyň Hatyra gününde ildeşlerimiz bu ýadygärlikler toplumyna ter gül desselerini goýýarlar. Munuň özi merdana halkymyzyň şanly taryhynyň her bir gahrymançylykly döwrüni ýatlap, nesilden-nesle geçirmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde görelde mekdebi bolup durýar.
Bu toplumdaky Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Ruhy tagzym», Watanyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri halkymyzyň gerçeklerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine we mertligine goýýan çäksiz hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Şeýle hem, bu ýerdäki Watan mukaddesligi muzeýi ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherini hem-de welaýatlarymyzyň şäherdir şäherçelerini, etrapdyr obalaryny abadanlaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory bolan Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan nur alan ak şäherimiz Aşgabat barha özgerýär, gözelleşýär. Bu döwletli desgalaryň binagärlik keşbi, daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy aýratyn täsir galdyrýar.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäde iň köp ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bellige alyndy. Bu ykrarnama Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny barha pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başgada, paýtagtymyzyň nurana desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabynyň sahypalarynda orun aldy. Olaryň hatarynda baş Baýdak sütüni, «Älem» medeni dynç alyş merkezi, Oguzhan suw çüwdürimler toplumy, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, Bagt köşgi, Olimpiýa şäherçesiniň desgalary, Aşgabadyň Halkara howa menzili halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Eziz paýtagtymyz bu gün dünýä jemgyýetçiliginde «Mermer şäher», «Aziýanyň merjeni», «Sebitde ylalaşdyryjy merkez» hökmünde tanalýar.
Häzirki wagtda ak mermerli Aşgabat ajaýyp keşbi bilen pederlerimiziň ýurdumyzyň röwşen geljegi, halkymyzyň bagtly durmuşy baradaky arzuwlaryny beýan edýär. Kysmatyň agyr synaglaryny başdan geçiren türkmen halky jebislikde aşyklar şäheri Aşgabady gaýtadan dikeldip, ony Ýer ýüzüniň gözel şäherleriniň birine, parahatçylygyň, asudalygyň, myhmansöýerligiň we abadançylygyň mekanyna öwürdi. Her bir türkmen raýaty şeýle gysga döwrüň dowamynda gözümiziň alnynda bolup geçen beýik özgerişliklere tüýs ýürekden buýsanýar.
Bize şu topragy miras galdyran edermen gerçekleriň, biwagt bolup geçen tebigy betbagtçylykda gurban bolanlaryň hatyrasy hiç wagt unudylmaz. Goý, halkymyzyň hakydasynda elmydama taryhymyza şöhrat, ykballara şan getiren mertebeli menziller orun alsyn! Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!
Daýanç ANNADURDYÝEW