Baýlyk — meniň Diýarym
«Gül Watanym jennetdir» diýsem geçmen öte men,
Oň goýnunda ulaldym, çekilmedim çete men,
Ak mekdebe ädimläp, eýe hasap-hata men,
Ýaşlygymda ýaýnadym, bagty tuta-tuta men,
Sebäp, ýüküm baýlykdyr, baýlyk — meniň Diýarym!
Ak süýdünden gandyran käbäm berdi edebi,
Terbiýeçim kakamdyr, ýörelgämdir edeni,
Iň ajaýyp mekdepdir, her kimiň öz pederi,
Gujagymda ak bäbek, ösýär bilmän hederi,
Sebäp, ýüküm baýlykdyr, baýlyk — meniň Diýarym!
Parahat ilim-günüm, asuda gök asmanym,
Şonuň üçin Watanmy, söýüp, bagra basýaryn,
Erkin ýele baýdak deý, pasyrdap dur desmalym,
Abadanlyk, abatlyk — ýüregimde beslänim,
Sebäp, ýüküm baýlykdyr, baýlyk — meniň Diýarym!
Görejim deý goranym — ýurdum barha galkynýar,
Il-günümiň ýüzünde sahawat bar, ýalkym bar,
Arkadagym, daşyňda jebisleşen halkyň bar,
Basan gumuň göwherdir, çägäňde-de altyn bar,
Sebäp, ýüküm baýlykdyr, baýlyk — meniň Diýarym!
Men — baharyň bezegi
Gözelleşip, görklenip, ýagtylýar goýry dünýä,
Güllän ajap göwünler, ýada salýar bahary.
Dünýä müşkün ýaýradan, reýhan bolasym gelýä,
Ýarym bilen ýakymly garşy alyp säheri.
Ganat kakýar asmanda, göwün aşyk gumry deý,
Şygyr bolup eşdilýär, bilbilleriň äheňi.
Ýüregimde kine ýok, çaga ýaly ýumry men,
Men — baharyň bezegi, men — dünýäniň jähegi.
Kim diýipdir söýginiň, güýjün gaçyrýar ýyllar,
Kim aýdypdyr yşk bilen, ýeriň bolmaz barara?
Yşga düşensoň müşkün saçanokmy bu güller,
Söýgüsiz jan derdeser, yşksyz göwün haraba.
Yşkdyr arzuw-hyýalym, hakykata öwüren,
Onuň bilen nowçalap, gunça açdym, gül açdym.
Yşksyz göwün — guran gül, ýel öwüsse döwüler,
Yşksyz göwre golsuzdyr, yşksyz göwre gulaçsyz...
Baýramsoltan GURBANOWA