Sähranyň dosty, ynsanyň hemrasy


Sähranyň dosty, ynsanyň hemrasy


Gadymdan bäri düýe ynsan üçin kömekçi we halasgär bolupdyr. Ol akylly, sabyrly, şeýle-de, yssyny gowy geçirýär.

Lukman Hekim agyr hassalykda ýatyrka, aksakgallar:
— Hekim, sen halkyň müň derdine derman tapýan beýik lukmandyň, hekimdiň. Indi biz sensiz nähili ýaşap bileris? — diýipdirler. Lukman Hekim:
— Düýeden uly hekim bolmaz. Düýe saklaň, çalyny, agaranyny içiň, düýe ýüňünden don ediniň, kesel ýanyňyza gelmez — diýipdir.

Geliň, bu jandaryň täsin taraplary bilen has ýakyndan tanşalyň! Düýeleriň iki görnüşi bar — bir örküçli dromedarlar we iki örküçli baktrianlar. Baktrianlar Günbatar Hytaýda, Mongoliýada, Gazagystanda, Özbegistanda, Galmyk sähralarynda giňden ýaýrapdyr. Ýabany düýeleriň ýeke-täk görnüşi — iki örküçli haptagaý düýesi halkara Gyzyl kitaba girizilipdir. Dromedarlaryň gelip çykyşy barada alymlar bellibir netijä gelip bilmändirler. Müsürde ýaşy bäş müň ýyldan gowrak bolan ýükli dromedaryň heýkeli tapylypdyr. Dromedarlar Türkmenistanda, Gazagystanyň günortasynda, Täjigistanda, Özbegistanda we beýleki ýurtlarda köpeldilýär.

Düýeler 2 müň ýyl mundan öň eldekileşdirilipdir diýen çaklama öňe sürülýär. 1622-nji ýylda Ferdinand Mediçi dromedarlary Italiýa getiripdir we Piza şäheriniň golaýynda köpeldipdir. Olary Ispaniýa hem getirip görüpdirler. Soňra olar ýabanylaşypdyr.

Çarwalarda ak reňkli düýeler gadym wagtlardan bäri uly baha eýe bolupdyr. Olar soltanlar, şalar, hanlar we beýleki ýokary derejeli begler üçin niýetlenen diýip hasaplanypdyr. Düýäniň aýaklarynyň dabanlaryndaky gabarçyk oňa gyzgyn gumuň we ýiti daşlaryň üstünde ýöremäge mümkinçilik berýär. Düýe gyzgyn çägäniň üstünde özüni arkaýyn duýýar, sebäbi gabarçykly emele gelmeleriň üstüne oturýar, olar düýäni ýanyklardan goraýar. Bu babatda N.Bogolýubskiý: «...Düýeler barada aýdylanlaryň ählisi olaryň adamzadyň taryhynda tutýan uly ornuny ykrar etdirýär. Düýelerden düzülen kerwenler döwletleriň arasyndaky aňyrsy-bärsi görünmeýän çölleri ýeňmegi başarypdyr» diýip belleýär.

Tripoliniň ýaşaýjylary örän täsin wakanyň şaýady bolupdyr. Düýeleriň sürüsini ýokary tizlikli ulag ýolunyň üsti bilen öri meýdanyna geçiripdirler. Çopanlaryň hiç bir yşaraty bolmazdan, duýdansyz, iki sany iň uly düýe awtoulaglaryň öňünde durup, süri geçip bolýança ýoly ýapypdyr. Soňra olar daş-töweregine seredip, süriniň sag-aman geçendigine gözleri ýetenden soň, howlukman ýoluny dowam etdiripdirler. Süri agşam yzyna gaýdanda, waka ýene gaýtalanypdyr.

Ýazyjy Utebaý Kanahin düýeler barada haýran galdyryjy hakykady getirýär: «Awstraliýalylar düýäniň nämedigini bilmändir. Ýöne daýhanlary bu öý haýwanyny jikme-jik öwrenip, onuň etiniň ýokary hillidigine, süýdüniň ýokumlydygyna, ýüň bilen derisiniň örän peýdalydygyna göz ýetirip, Gazagystandan onlarça düýäni satyn alypdyrlar we düýedarçylyk bilen içgin meşgullanyp başlapdyrlar. Netijede, maldarçylygyň bu görnüşi hojalyklarda iň ýokary girdejini getiripdir...».

Häzirki tehnologiýanyň ösen zamanynda ak düýeleriň Gündogarda gadyryny bilýänler bar. Asuanly (Müsür) Ahmad Farabzi uzaga çeken seçgi işleriniň netijesinde, ak düýeleriň peýda bolmagyny başardy. Onuň zähmeti ýerine düşdi we onuň düýelerine isleg örän ýokary. Häzir Türkmenistanda dromedarlaryň bir tohumy — türkmen arwana düýesi köpeldilýär. Türkmen arwana düýesi beýleki tohumlardan ýokary süýt önümliligi we oňaýly beden gurluşy bilen tapawutlanýar. Arwana 30-35 kilometr aralykda 240- 260 kilogram, has daş ýollarda bolsa, 180 — 200 kilogram ýüki göterip bilýär. Ene düýeleri ýylda ortaça 2 müň litr, iň gowulary bolsa 3 müň litre çenli süýt berýär. Düýedarçylyk türkmen halkyna mahsus ugry bolup, et, süýt we ýüň önümçilikleriniň möhüm çeşmesidir. Garagum çölüniň çöllük we ýarym çöllük şertlerinde bu janawarlar oba ilatyny ýokumlylygy ýokary we bejeriji häsiýetli iýmitler — süýt, çal, et bilen, ýurdumyzyň senagatyny bolsa gymmatly çig mal bolan ýüň we deri bilen üpjün edýär.

Röwşen ÇARYGELDIÝEW