Öz Watanynyň aşygy


Öz Watanynyň aşygy



Türkmen suratkeşi Nazar Ýomutskiý 1860-njy ýylda Russiýanyň Peterburg şäherinde, polkownik Nikolaý Ýomutskiniň maşgalasynda dünýä inýär. Nazar mekdebi tamamlansoň Kiýewiň harby uçilişesine okuwa girýär. Geljekki suratkeş ol ýerde birnäçe ýyl okaýar, ýöne, sungata bolan höwes ony öz erkine goýmaýar. Şonuň üçin Nazar harby uçilişäni taşlap, Peterburgyň Çeperçilik akademiýasyna okuwa girýär. Tanymal rus suratkeşi P. Boklewskä şägirt bolýar. Meşhur suratkeşler M. A. Wrubel, W. A. Serow dagy bilen öz ussatlygyny taplaýar. Döredijilik işine baş goşan N. Ýomutskiý Peterburgda çap edilýän žurnallar bilen ýakyn gatnaşykda bolýar. «Newa», «Sewer», «Weçernaýa illýustrasiýa» we başgada birnäçe žurnallar guýmagursak türkmen suratkeşini işe çagyrýar. Onuň eserleriniň dürli neşirlerde çap edilmegi, şol žurnala bolan islegi artdyrýar. Meşhur rus şahyry N. A. Nekrasowyň «Russiýada kim şat ýaşaýar?» diýen kitabynyň birinji neşiriniň N. Ýomutskiý tarapyndan bezelmegi suratkeşe uly abraý getirýär. Suratkeşiň «Dnepriň kenarynda», «Suwa düşmek», «Kanikulda şähere» we beýleki eserlerine sungaty öwrenijiler ýokary baha berýärler.

Nazar Ýomutskiý Russiýada ýaşasa-da ata Watany Türkmenistan bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ol türkmen topragyna häli-şindi myhmançylyga gelipdir. Nazar tomus pasly Esengula, Hazara (Çelekene) gelip ýeke özi gaýygyň bir görnüşi bolan kirjime münüp, deňze gezelenç etmegi halapdyr. Suratkeş özüniň meşhur eserini-kartinasyny «Gülgün perli gyzylinjigi» Esengulyda çekipdir. Zehinli suratkeş türkmen temasyndan «Zakaspiý demirýoly», «Köpetdagyň jülgesinde», «Gelin», «Türkmen jigitler», «Çelekende duzuň alnyşy» we başga-da ençeme suratlary çekýär. Nazar Russiýada ýaşasa-da türkmen halkyny, türkmen dilini, sungatyny, sazyny jany-teni bilen söýüpdir, hormat goýupdyr. Munuň şeýledigini onuň türkmen temasyndan çeken suratlary hem tassyklaýar.

Ol 1897-nji ýylda aradan çykýar. Ol türkmen milli medeniýetiniň taryhynda, rus-türkmen gatnaşygynda uly şahsyýetdir. Häzir türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň rus dili okuw kitaplarynda L. L. Lewitan, N. A. Obrynba, W. W. Wasnesow we başga-da Russiýada ýaşap geçen meşhur suratkeşler barada maglumatlar berilýär. Olaryň çeken suratlary orta mekdepleriň rus dili sapaklarynda öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhymyzy, medeni mirasymyzy öwrenmeklik döwlet derejesinde ýola goýuldy. Türkmen suratkeşi Nazar Ýomutskiý hem Russiýada ýaşap geçen meşhur suratkeşleriň biridir. Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran şahsyýetdir. Ol rus we türkmen halklary bilen baglanyşykly köp sanly sungat eserlerini döredipdir. Zehinli suratkeş öz Watanynyň aşygy, N. Ýomutskiniň ömür ýoly, onuň türkmen temasyndan çeken taryhy ähmiýetli suratlary, beýleki rus suratkeşleriniň eserleri bilen bir hatarda, türkmen mekdepleriniň rus dili derslerinde okuwçylar tarapyndan öwrenilmäge mynasypdyr.

Kemal Esenow