Ene keşbiniň nusgalyk heýkeli


Ene keşbiniň nusgalyk heýkeli
ýa-da Türkmenistanyň halk artisti Ogulgurban Durdyýewanyň ömür pursatlaryndan parçalar



Arabakeşiň gyzy

Ýeke at goşulan araba yzynda ýeňiljek tozan galdyryp, ýegşerip oturan oraçanyň işiginde saklandy. Arabakeşiň «Dur!» diýen sesi eşidilenden maşgalasy Annasoltandyr üç gyzy gapa tarap okduryldy. Nurnazar arabadan düşenden sary giden haly horjunyny aýalyna uzatdy. Içinde onçakly köp zat bolmadyk horjun galgap gitdi. Bu gezekki talapdan eline suwutly zat düşmedigine gynanyp gelýän Nurnazar uludan demini alyp, atyň boýnundaky hamuty aýyrmaga durdy. Soňra atyny idekläp, atýataga geldi. Agyzdyrygyny aýryp, jylawy gazyga iltedi. Hol beýlede goşa ýabaly agaçdan asylgy attorbanyň çala öwüsýän şemala galgap durmagy onda bir düwür arpanyň hem galmadygyny habar berýärdi. Nurnazar attorba seredip, ýaýdanjyrap durdy. Göklügine boglan bir desse ýorunja bedesini alyp, başyny gaty ýere urdy. Ozalam gurulygyndan ýaňa pitirdäp ýatan bedäniň püri dolulygyna döküldi. Arabakeş bedäni atynyň öňüne emaý bilen goýdu-da, öýe tarap ýöneldi.

Annasoltan bilen Nurnazaryň çaý başyndaky gürrüňi uzaga çekmedi.
—Talap ýabygorly boldy. Çolpa ilen zadyň ujypsyzdygyna gördüň, indiki maslahat?
—Nesip edeni bolar, kakasy, diläp alanyň dadymlyk, Taňry berse doýumlyk, belki indiki saparyň şowly bolar.
—Gurbanlykda bir mal kesip, goňşy-golama çagyrmasak, gelşiksiz-dä.
Ejesidir kakasynyň söhbedine gulak gabardyp oturan Ogulgurban gürrüňe goşuldy:
—Ynha, dokap oturan ketenimi kesdim, satyň-da, bir mal alaýyň!
Gyzyň teklibine ejesi garşy boldy:
—Ýok, gyzym, gözüň köküni gyryp dokanja keteniňi ile rowa görüp biljek däl men-ä.
Gyz çyny bilen ejesine ýalbardy:
—Beý diýme eje, nesip bolsa ýene dokaryn...
Gyzyň janygyp aýdanlary maşgalanyň derdeserini ýeňletdi. Şondan soň Ogulgurban uýalary bilen bileleşip, öňküden has ykjam işlemäge başlady.

Guýmagursak zehin

Köpetdagy etekläp oturan Ýüzbaşy obasy gadymy Ahal topragynyň obalarynyň biri. Bu töweregiň adamlarynyň Şükür bagşy hakynda eşitmedikleri ýokdur. Şoňa görä-de, oba ýaşlarynyň aýdym-saza ýykgyn edýänleri az däl. Aýratyn hem, oba gyzjagazlarynyň zehinlerine haýran galaýmaly. Olaryň diňe bir keteni dokamak däl, eýsem, deň-duşlary bilen oýnamaga çykanda mahmal owazy bilen, bokurdagynda gaýnadyp kakýan lälelerine, meşhur ertekileriň gahrymanlaryna öýkünip edýän hereketlerine diňe çagalar däl, ulular hem haýran galýar.Ylaýta-da, Ogulgurban deňduşlaryndan saýlanypdyr.

Obada açylan mekdebe baranda, ol eýýäm on ýaşlaryndaky gyz eken. Okamaga bolan höwes ony bu ýere getiripdir. Oňa ata-enesi hem garşy bolup durmandyr. Okamak, öwrenmek, ýazmak onuň üçin hemme zatdan gyzykly bolupdyr. Mekdep mugallymy Ogulgurbanyň zehinine haýran galyp, mekdeplerinde bary-ýogy üçünji synpa çenli okadylmak mümkinçiliginiň bardygyna gynanypdyr. Onsoň Ogulgurbanlara baryp, onuň ata-enesi bilen gepleşip, gyzyň zehinini köýdürmezlik barada gürrüň edip, olara maslahat beripdir. Şol günleriň birinde Ogulgurbanlara Aşgabatda okap ýören Orazbibi atly goňşy gyzlary gelýär. Ol hem şol mugallymyň sözlerini gaýtalaýar. Annasoltan bolan ýagdaýy ýanýoldaşyna gürrüň berensoň,

Nurnazar aga:
— Asylam, Aşgabada göçäýmek meýlim ýok däldi. Ýöne obadan göçüp gidenimiz bilenem Ogulgurbany okuwa goýberjegim goýbermejegim gümana. Gyz bir kişi maşgalasy. Göze görnensoň, arkasyny ýapan ýagşy. Onsoň baran ýerinde ykbalyndakyny görüberer-dä.
Şondan uzak wagt geçmänkä ownuk senetçilik, jerçilik bilen meşgullanyp ýören Nurnazar maşgalasy bilen Aşgabada göçüp gelýär. Ogulgurbandyr jigileri şäheriň çagalary, gyzlary bilen tiz öwrenişýär. Asyl, bu ýerde olaryň dokmaçylyk işleri hem has ugrugyp başlaýar.

Uly sungatyň bosagasynda

Edil dogduk obalaryndaky çagalar ýaly, bu ýerde hem gyzlar agşamlaryna aý aýdyňa läle kakmaga çykýarlar. Şonda Ogulgurbanyň owazy saýlanar durar eken. Ine, bir gün şeýle waka bolýar. Gyzlaryň läle kakyp ýören ýerine bir rus adamsy gelýär. Ol gyzlaryň lälesini gizlenip diýen ýaly diňleýär. Ogulgurbanyň sesi ony aýratyn özüne çekýär. Şeýle bolansoň, ol gyzyň öýlerine gelip, matlabyny ýaňzydýar. Özüniň Aşgabatda açylan üç ýyllyk drama artistlerini taýýarlaýan studiýanyň guramaçylarynyň biridigini, isleseler Ogulgurbany okuwa alyp biljekdiklerini duýdurýar. Maşgalada teklip goldanylýar. Şunlukda Ogulgurban türkmen teatrynyň ýanyndaky studiýada okap başlaýar. Studiýanyň ilkinji talyplarynyň arasynda Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew, Gulluk Hojaýew, Çalpak Herräýew, Gulkişi Gulmyradow, Bazar Amanow, Gylyç Berdiýew, Nazar Bekmiýew ýaly uly sahna ussatlary bolup ýetişen ägirtler bardy.

Gökdäki dilegi ýerde gowşan Ogulgurban Durdyýewa iň gowularyň hatarynda okuwy tamamlap, ilkinji döredilen teatryň sahnasynda çykyş edip başlady. Okuw okamak, hünär öwrenmek bir zat, sahnada keşp döretmek başga zat eken. Munuň şeýledigini ol özüne arap durmuşyndan gürrüň berýän spektaklda keşp döretmeli bolanda bilip galdy. Zal doly tomaşaçylaryň öňüne çykyp, baýyň eline suw akytmaly bolanda ol bir hili aljyrady. Näme etjegini bilmän ýaýdandy. Gyz utanjaňlygy, ýygralygy ony basmarlady. Birden hem, iki elini ýüzüne tutdy-da, doňup duruberdi. Entek Ogulgurbandan ozal keşp döredip, sahna çykan türkmen zenany ýokdy. Ozalky goýlan eserlerde aýal - gyzlaryň keşbinem erkek adamlaryň döredýändigini bilip oturan tomaşaçylar bu ýagdaýy kän geňlemediler. Şu ýagdaýda oňa işdeş ýoldaşlary, halypalar kömege gelipdiler. Üstesine-de, Ogulgurbanyň öz-özünden edýän talaby, ýaş aktrisa tiz täsir etdi.


Çynar boý alýar

Ilkinji döredilen türkmen drama teatrynyň at-owazasy ýaýrap başlady. Adamlar oňa oýun görmäge uzak ýerlerden hem gelip başladylar. Oýun gutaransoň hem wagty bilen dagaman, artistleri ýakyndan görmek, synlamak, başarsalar olar bilen söhbet edäýmäge hem synanyşýanlar bolupdyr. Dogry, ol mahallar başda tomaşaçylaryň aglaba bölegi erkek adamlardy. Aýallar oýun görmäge seýregräk gelipdirler. Haçan-da, oýunlarda zenan maşgalanyň keşp döredýändigini eşidenlerinden soň, aýal-gyzlardan tomaşaçylar artyp başlady. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda Ogulgurban dünýä belli nusgawy dramaturglar Şilleriň, Şekspiriň, Ostrowskiniň, Hamaza Hekimzada Nyýazynyň, şeýle hem türkmen dramaturglary Berdi Kerbabaýewiň, Ata Gowşudowyň sahnada goýlan eserlerinde keşp döredip, tomaşaçylaryň söýgisine mynasyp boldy.

Şol döwürlerde adygyp başlan türkmen teatrynyň ýurt içindäki göçme çykyşlarynyň täsiri artyp başlady. Bu-da teatra, onda zähmet çekýän artistlere abraý getirip başlady. Şol günleri ýatlap Ogulgurban Durdyýewa bir duşuşykda tomaşaçylaryň sowalyna şeýle jogap berýär:

— Ilkinjileriň biri bolmak jogapkärçiligi meni taplady. Käre bolan höwes, yhlas, halypalaryň goldawy, tomaşaçylaryň ynamy bilen birleşende alynmajak, eýelenmejek sepgit bolmaz eken. Gysga döwrüň içinde sahna şeýlebir berlipdirin welin, asyl oýun oýnap duranymy hem unudypdyryn, bolýan zatlara çynmyka öýdüpdirin. Men ony ilkinji gezek dogduk obama gastrola baranymda duýup galdym. Nedir şanyň hereketleri bilen bagly sahnalaryň täsiri obadaşlarymy nähala salandygyny oýun gutarandan ep-esli wagt soň duýdum.

Hawa, teatryň sahnasynda goýulýan eserler dürli-dürli bolansoň, olarda hereket edýän gahrymanlaryň häsiýetleri hem bir-biriniňkä meňzemeýär. Her keşbe döredijilikli çemeleşmek, ony ýatda galar ýaly ýagdaýda oýnamak Ogulgurban Durdyýewanyň ilkinji ädimlerinden başlandygyna şaýatlyk edýär. Bu hakykata ussat aktrisa baradaky ýatlamalar doly şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Çerkezow: «Ogulgurban, daşyndan göräýmäge, oba aýallaryna çalym ederdi. Ilden üýtgeşik geýnip adamlaryň ünsüni özüne çekmezdi. Sahna çykanda weli, düýbünden başgaçady. Bada-bat tomaşaçylaryň bar ünsüni özünde jemlärdi. Gelşikli sypatyna, ýakymly sesine tomaşaçy maýyldy. Onuň bütin döredijiligine mahsus zatlaryň biri hem obrazyň içki monologyny tomaşaça ýetirmekde ussatlygyň iň inçe tärlerini ulanyp bilmegindedi. Döreden keşpleri gönümellikden daşdady, hemişe gözlegdedi».

Ussadyň sözlerini tassyklap, türkmen artistleriniň durmuşyny ýakyndan öwrenip, ol barada gyzykly ýatlamalary okyjylara ýetiren artist, Agamyrat Amanmyradow şeýle ýazýar:

— Muhammet aga mamla. Türkmen kinosynda Ogulgurban Durdyýewanyň döreden zenan keşpleri ýaly özüne çekiji keşpleriň seýrek döredilendigine özüm-ä bek ynanýaryn. Olara ýasamalyk ýatdy.

Ol tomaşaçyny aňrybaş ynandyrmagy başarýan aktrisady. Teatrda-da, kinoda-da onuň döreden keşpleri durmuşylygy, sadalygy, şol bir wagtyň özünde hem çuňlugy bilen saýlanar durardy. Onuň üçin kiçi rollar ýokdy. Islendik rolda-da ol özüniň kimdigini, nämä ukyplydygyny görkezmegi başarýardy.

Hyýal gursakda galanok

20 ýyldan gowrak wagt teatr sahnasynda dürli keşpleri döredip, adygan aktrisanyň birdenkä gözden gaýyp bolmagy tomaşaçylara düşnüksiz bolup galdy. Ogulgurban öýde, işsiz oturmaga endik etmändi. Täze göçüp gelen ýerlerinde hem ýygy-ýygydan şowhunly Aşgabady, bagry badaşan teatryny ýatlaýardy. Ýatlamalar oňa az-kem teselli berse-de, barybir kalbynyň töründäki ünji azalyberenokdy. Ejeleriniň çekýän hasratyna çagalary onçakly düşünmeseler hem, ýanýoldaşy aňryýany bilen düşünýärdi. Ýöne Ogulgurban dikanlap bir zat diýmänsoň, sesini çykaranokdy, garaşýardy. Wagt bolsa geçip durdy. Ahyry bir gün maşgalada wawwaly meseläniň gürrüňi ara düşdi. Şondan köp wagt geçmänkä Ogulgurban Durdyýewa nebitçileriň medeniýet köşgünde işe başlady.

Medeniýet öýüniň ody bilen girip, küli bilen çykyp başlan tejribeli aktrisa bu ýerde derrew özüni aldyrýar. Işjanlylygyny, hakyky sungata berlenligini ýene bir gezek görkezýär. Ussat bu ýerde ýaşlaryň ençemesini sungatyň kyn hem hormatly ýolunda üstünliklere ýetmegine goltgy berýär. Medeniýet öýünde ozal diňe aýdym-saza üns berlen bolsa indi drama gurnagy hem işläp ugraýar. Başda tomaşaçylara gysgajyk sahnalary hödürläp başlan höwesjeň artistler, soňa baka bir ýa-da iki, hatda ondan hem köp görnüşli eserleri sahnalaşdyrmagyň hötdesinden gelýärler.

1962-nji ýylyň noýabrynda Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäheriniň telestudiýasynyň açylmagy bilen onuň döredijilik örüsi has giňeýär. Ol indi diňe bir medeniýet öýüne degişli döredijilik toparlary bilen işlemän, eýsem mawy ekranda hem ýygy-ýygydan görnüp başlaýar, ilki gysgajyk sahnalarda çykyş edýär. Gepleşikleri taýynlap başlaýar.Garaz oba medeniýetini ösdürmäge ähli güýjüni we başarnygyny bagyş edýär. Arman-ýadaman çekilen zähmet oňa uly abraý, mertebe getirýär.

Geçilen ýollar, sungat adamlary bilen bolan döredijilik gatnaşyklary, irginsiz gözlegler, talapkär tomaşaçylaryň öňündäki çykyşlar wagtyň neneňsi geçendigini hem duýdurmaýar. Ogulgurban eje indi köpleriň halypasy bolýar. Sungatyň jadylaýjy güýji her kime bir hili täsir edýärdi. Kim bu kötelde öz ýoluny tapman kösense, kimseler öte geçip, ýa-da ýasamalykdan saýlanyp bilmän azap baryny çekmeli bolýar. Eger Ogulgurban eje ýaly sungatda gaýnap bişen doga zehinli halypaň bolsa almajak galaň ýok. Ol uly halypady, ussatdy. Ogulgurban Durdyýewa bu ýerde ýigrimi ýyl zähmet çekipdir. Sungata bagyşlanan ömrüniň üçden birini Balkan topragynyň medeniýetini we sungatyny ösdürmäge sarp edipdir. Ol hemişe bu sahawatly topragyň Hazar deňzi ýaly joşgunly sungatyny türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bir parçasyna öwrüpdir.

Sungatyň aýgytly ädimi

Meşhur türkmen kinorežissýory Alty Garlyýewiň uly söz ussady Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany esasynda döreden çeper filmi türkmen kino sungatynda hakykatdan hem aýgytly ädimdi. Film ekrana çykandan onuň tomaşaçysy juda köp bolýar. Şol mahalky soýuzyň ähli respublikalarynyň, ondan başga-da dünýäniň ençeme ýurtlarynyň kinoteatrlarynda görkezildi. Tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan bu filmde keşp döreden aktýorlar, olaryň seçilip alnyşy hakynda köp gürrüň edildi. Olar barada gazet-žurnallarda hem ýazyldy. Şol keşpleriň içinde iň köp pikir ýöredileni Artyk Babalynyň ejesi Nurjahanyň keşbi boldy diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Munuň hem özüne ýeterlik sebäbi bar. Bu barada Alty Garlyýew şeýle gürrüň berer eken:

— Artygyň ejesi Nurjahanyň obrazyny ynanmaga artistkalary gözden geçirip ýörkäm, Gulluk Hojaýewe tötänden sataşdym. Şonda oňa pikirimi ýaňzydanymda, «Nurjahanyň keşbini biri oňarsa Ogulgurbandan başga adam göremok» diýdi. Bu meniň hem ýüregime jüňk boldy.

Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow bolsa şeýle ýatlama galdyrypdyr: «Eger-de biz türkmen teatr hem-de kino sungatyny akyp ýatan derýa hasap etsek, onda Ogulgurban Durdyýewanyň 17 ýyllyk arakesmeden soň sungat äleminde gaýtadan peýda bolmagy şol derýany gaýtadan joşdurdy. Berekella, Alty Garla, ony gaýtadan sungata getiripdir. Ogulgurban Durdyýewa az wagtyň içinde köp obraz döretdi. Respublikamyzyň sungat hazynasyny has-da baýlaşdyrdy, taryhyny giňeltdi».

Ajaýyp adam, belent aktrisa, türkmen enelerine mahsus bolan iň gowy häsiýetleri kalbynda saklan Ogulgurban Durdyýewa türkmen halkynyň ajaýyp gyzydyr.

Hiç zat ýatdan çykanok

Hakyky sungat garramaýar, ýitmeýär. Ol sungaty döredýänler bolsa, şahyr aýtmyşlaýyn özlerine hiç kimiň elinden gelmejek ýadygärlik dikýändiklerini duýmaýarlar. Ogulgurban eje-de şeýle adamlaryň hilinden. Onuň dürli ýyllarda surata düşen filmleri, olarda döreden keşpleri barmak basyp sanardan kän. Olaryň her biri barada aýdara, ýazara zat köp. Keşpler bir-birini gaýtalanok, biri beýlekisiniň üstüni ýetirýär. Ýöne bir zat welin aýan. Ol haýsy keşbi döreden hem bolsa, tomaşaçy ony «Artygyň ejesi» diýip tanaýar. Aktýor bolup, döreden keşbiňe siňip tanalmak, ýaşamak her kime ýetdirýän bagt däl. Ogulgurban Durdyýewa şeýle bagta miýesser bolan ussat. Şonuň üçin hem, men şu ýazgymda onuň döreden keşplerini ýeke-ýeke sanamakdan saklandym. Goý, talapkär tomaşaçy öz söýgüli aktrisasynyň döreden keşplerini ýadyna salsyn.

Arada Balkanabat şäherine iş sapary bilen baranymda şu şäherde ýaşan iki ussadyň ykbaly bilen gyzyklandym. Olaryň biri-hä ussat ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew, beýlekisi hem meşhur aktrisa Ogulgurban Durdyýewa. Şonda men şäheriň ýaşuly ýaşaýjylaryndan bu iki ussat hakynda täsirli ýatlamalary eşitdim. Ylaýta-da, Balkanabat şäherindäki 9-njy mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ogulsoltan Geldimämmedowa öz gelnejesi Ogulgurban Durdyýewa barada köp gürrüň berdi. Ol:

— Ogulgurban gelneje kakamyň doganoglanlarynyň biri. Ylýas dädemiň gelnidi. Men heniz mekdep ýyllarymda onuň bilen köp dabaralara bile gatnaşardym. Onuň üçin men gelnejemiň köp zatlaryna beletdim. Zehinli aktrisa durmuşda-da, sungatda-da nusgalyk zenan. Onuň pespälligini, belent adamkärçiligini, eliniň işliligini, zähmetsöýerligini, eliniň, diliniň süýjüligini diýsene! Haçan barsaň, öýi edil toý ýalydyr. Myhmandan doludyr. Öýüne barsaň, iýdirmän, içirmän goýbermezdi. Ol öýde bolsun ýa-da köpçülikde, tapawudy ýok, elmydama sada geýnerdi. Illerden üýtgeşik geýinjek bolmazdy. Il arasynda toý bolsun, ýas bolsun, tapawudy ýok, ullakan gara gazanyň başynda eli kepgirli nurana, owadan ýüzi hemişe gülüp durandyr. Hiç kimiňkä meňzemeýän şeýle labyzly, owadan sesi bardy. Onuň mylaýym keşbi göz öňümden gidenok. Ol biziň kalbymyzda hemişelik ýaşaýar.

Ogulsoltan mugallym sözüne dyngy berdi. Az salym oýlanyp oturandan soň, meşhur sungat ussady barada söhbet açýan suratlardyr ýazgylaryň ençemesini orta goýup, olar hakynda gürrüň berip başlady:

— Ogulgurban gelnejem hakyky sungat adamsydy. Ol ýedi çaganyň enesidigine garamazdan, saýlan kärine aýratyn yhlaslydy. Daşyndan göräýmäge, bir topar çaganyň keşigini çekjek bolsaň, zada eli ýetmejek ýalydyr welin, onuň üçin asla beýle däldi. Gyradeň ösüp gelýän çagalaryny arassa geýindirmäge, olary mekdebe ibermäge aýratyn üns bererdi. Ondan goňşy aýallar nusga alardy. Ol hiç haçan durmuşy hakynda zeýrençli gürrüň etmezdi. Aşgabatda bileje işlänlerini soňky döwürlerde has köp ýatlardy. «Aýgytly ädim» filminde Artygyň keşbini döreden Baba Annanowy öz perzentleriniň biri ýaly gowy görýändigini hemişe aýdardy. Onuň bilen edil eneli-ogul ýaly gatnaşardy. Artyk Jallyýewiň gürrüňini edip gutaryp bilmezdi. Berdi Kerbabaýewiň biziň şäherimizde ýaşap, «Nebitdag» atly meşhur romanyny ýazandygyny, onuň bilen birnäçe gezek duşuşandygyny aýdardy.

Ýanýoldaşym žurnalist bolansoň, gören – eşiden zatlary hakynda welaýat gazetinde birnäçe gezek çykyş etdi. Şondan soň bize ýerlerden ençeme adam özlerinde bar bolan suratlaryny, ýazgylaryny iberdiler. Şeýlelikde, ine, şu göwrümli bukja emele geldi.

Ogulsoltan mugallymyň toplan maglumatlaryny gözden geçirip otyryn. Olaryň arasynda gymmatly zatlar kän. Sungat ussatlarynyň – Alty Garlyýewiň, Baba Annanowyň, Ogulgurban Durdyýewanyň, Artyk Jallyýewiň dürli keşplerde düşen suratlary ep-esli orun tutýar. Uly söz ussady Berdi Kerbabaýewiň nebitçileriň arasynda ýaşan pursatlaryny beýan edýän suratlar. Bu gymmatly suratlaryň her biri ussatlaryň döredijiliginiň belli-belli pursatlaryny ýadyňa salýar.

Ine-de, Ogulgurban Durdyýewanyň döredijilik ussatlygyny açyp görkezýän bir ýazgy. Ony irki döwürlerde kärdeşleriniň biri ýazypdyr. Onda şeýle setirler bar.

«Türkmen teatry ilki işläp başlan ýyllarynda zenan artistler azdy. Şonuň üçin aýal maşgalanyň keşbini erkek adamlar dörederdi. Käbir oýunlarda bolsa bir zenan artiste iki keşp döretmegi ynanardylar. Milli teatrda «Zöhre – Tahyr» sazly dramasynda biri-birine çapraz gelýän iki keşbi döretmekligi Ogulgurbana ynanýarlar. Ol muňa aňryýany bilen hötde gelýär». Bu ýazgylar ussatlyga ir ýetişen artistiň zehin-başarnygynyň güýçlüdigine güwä geçýär.

Şu ýerde ýene bir zady bellemek gerek. Ogulgurban Durdyýewanyň «Taýharlyja oglanjyk», «Aýal ata çykanda», «Japbaklar», «Daşgaladaky waka», «Gelin» ýaly kinofilmlerde döreden keşpleri hem ussatlygyň aňry çägi. Göräýmäge olaryň hemmesi bir enäniň keşbi ýaly. Emma onuň aňyrsynda artistiň uly zähmeti, yhlasy, başarnygy ýatyr. Bularyň ählisi birleşip, ene keşbiniň nusgalyk heýkelini döredýär. Ol heýkele bu gün türkmen kino sungatynyň janköýerleriniň ählisi baş egýär. Oňa milletine garamazdan filme tomaşa eden adamlar hem şeýle garaýarlar.

Ene heýkeli. Ynsanyň başlangyjynyň, dowamat dowamynyň, dünýädäki ähli gowulyklaryň, ýagşylyklaryň gözbaşy ene. Sungatyň keramatly dünýäsinde hemişelik galan Ogulgurban Durdyýewanyň ady öz nesilleriniň dilinde, ýüreginde ýaşap ýör. Oňa bolsa, il bolup, millet bolup guwanýarys.

Nowruz Gurbanmyradow