Hemişelik Bitaraplygymyz —baky bagtymyz


Hemişelik Bitaraplygymyz —baky bagtymyz



Asyrlar boýy uly isleg-arzuw bilen ýaşan halkymyz bu günki günde parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Garaşşyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ömür sürýär. Döwletimiziň gazanan hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk taryhy senesi bellenilýän döwletimizde ajaýyp wakalar ruhubelentligiň, parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, abadançylygyň binýady bolup taryhymyza girýär. Häzirki zamanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasly baştutanlygy esasynda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň täze ýeňişli ösüşlere tarap ynamly öňe barýar. Sebit we dünýä syýasatynda milli hem-de ählumumy bähbitleri nazara almak bilen, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur almak arkaly aýdyň maksatlara esaslanýan köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýetdäki daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar.
Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde agzybirligi, asudalygy amal etmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz ynsanperwer syýasatyny ýöretmek ýaly asylly işleri üstünlikli berjaý edýär. Biziň ýurdumyz dünýäde we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Bu işler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bir agyzdan kabul eden ýörite Rezolýusiýa esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli yglan edilen «Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany» ýylynda hasda dabaralanýar. Hemişelik Bitaraplygymyz — uly bagt, wysal bolan arzuw! Hemişelik Bitaraplyk asuda ýaşaýşyň, ertire bolan ynamyň beýanydyr, okamak, öwrenmek, döretmek bagtydyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk baky abadançylykdyr. 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyry1magy hemişelik Bitaraplygymyza 25 ýylyň dolmagy, BMG-niň Baş Assambleýasy ýaly abraýly halkara guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň iň beýik gymmatlygy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçy1yksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýöre1gelerine eýerip, taryh üçin gysga döwürde halkara derejesinde uly abraý gazandy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ýurtlarynyň we ha1klarynyň özara düşünişmek, dostluk hem-de ösüş babatda tagallalaryny birleşdirmek boýunça halkara derejede ägirt uly işleri durmuşa ornaşdyrýan ýurt hökmünde giňden tanalýar.

Hemişelik Bitarap döwletimizde ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna uly ähmiýet berilýär. Bagtyýar zamanamyzda, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagyna gönükdirilen belent maksatly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki mertebe ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy bilen kesgitlenilýär. Biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşyp, onuň yla1aşdyryjy we ykdysady wekilçiligi adamzadyň abadançylygyna gönükdirilendir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylykly ýol bilen bagtyýar geljege sary ynamly öňe gitmekdir. Halkymyzyň milli özboluşlylygy bolan ynsanperwerlik ýoly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynda öz beýanyny tapýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýip belleýşi ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiz agzybirlikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuny giňden belleýär. Bu baýram döwletimiziň we halkymyzyň parahatçylyk, dostanalyk we ynsanperwerlik ýöre1gelerine ygrarlydygyny doly açyp görkezýär. Toýlary toýa ulaşýan ýurdumyzda bagtyýar ömür sürýän ildeşlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy barada ýagty arzuwlary dillerinde sena edinip, döwlet Baştutanymyzyň gurmak, döretmek ýoly bilen ýurdumyzy mundan beýläkki ösüşlere alyp gitmekde halal zähmetleri bilen goşant goşýarlar.

Mähri GAÝYPOWA